Mesihi adam kimdir?



Sorag: Mesihi adam kimdir?

Jogap:
Webster’s Dictionary sözlügi mesihi adamy “Isanyň Mesihdigine ýa-da Isanyň wagyzlaryna esaslanýan dine ynanýan adam” diýip kesgitleýär. Bu kesgitleme mesihi adamyň kimdigine düşünmek üçin gowy başlangyç bolsa-da, beýleki dünýewi kesgitlemelerde bolşy ýaly, ol mesihi bolmagyň manysy baradaky injili hakykaty doly ýüze çykarmakdan biraz kemter gaýdýar.

Mesihi sözi Täze Ähtde üç gezek ulanylýar (Resullaryň Işleri 11:26; Resullaryň Işleri 26:28; 1 Petrus 4:16). Isa Mesihe eýerýänler ilkinji gezek Antakiýada “Mesihiler” diýlip atlandyryldy (Resullaryň Işleri 11:26) sebäbi olaryň hereketleri, işleri we gürrüňleri Mesihiňki ýalydy. Ilkibaşda bu Antakiýanyň halas bolmadyk ilaty tarapyndan Mesihileriň üstünden gülmek üçin kemsidiji lakam hökmünde ulanylýardy. Sözüň göni manysy, Webster’s Dictionary sözlüginde kesgitlenilşine örän meňzeş bolup, “Mesihiň partiýasyna degişli” ýa-da “Mesihe eýerýän ýa-da onuň tarapdary,” diýmegi aňladýar.

Gynansak-da wagtyň geçmegi bilen “Mesihi” sözüniň ähmiýeti ep-esli derejede ýitýär we köplenç Isa Mesihiň hakyky täzeden doglan eýerijisini däl-de dindar ýa-da ýokary ahlak gymmatlyklary bolan adamy aňladýar. Isa Mesihe ynanmaýan köp adam diňe ýygnaga gatnaýandyklary ýa-da "Mesihi" ýurtda ýaşaýandyklary üçin özlerini Mesihi hasaplaýar. Emma ýygnaga gatnamak, özüňden şowsuzlara ýardam bermek ýa-da gowy adam bolmak sizi Mesihä öwürmeýär. Bir wagyzçynyň aýdyşy ýaly, “Garaža girmegiň adamy awtoulag etmeýşi ýaly, ýygnaga gatnamak hem adamy Mesihi etmeýär.” Ýygnaga agza bolmak, ýygnanyşyklara wagtly-wagtynda barmak we ýygnagyň işlerine gatnaşmak bilen Mesihi bolmaýarsyňyz.

Injil ýagşy amallarymyzyň bizi Hudaý tarapyndan kabul edilmäge mynasyp etmejekdigini bize öwredýär. Titus 3:5 bize “Ol bizi dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutardy... Täzeden dogma ýuwşy bilen we Mukaddes Ruhunyň täzelenmegi bilen halas etdi” diýýär. Diýmek Mesihi adam Hudaý tarapyndan täzeden doglan (Ýahýa 3:3; Ýahýa 3:7; 1 Petrus 1:23) we Isa Mesihe iman eden we ynanan adamdyr. Efesliler 2:8 bize “Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr.” Hakyky Mesihi ähli günälerinden toba edip diňe Isa Mesihe iman edýän we ynanýan adamdyr. Olaryň ynamy dine, ahlak kadalaryna ýa-da etmeli we etmesiz işleriň sanawyna eýermekde däldir.

Hakyky Mesihi adam Isa Mesihiň şahsyna iman eden we Onuň haçda bendeleriniň günälerine töleg hökmünde ölendigi we üçünji günde ölüme garşy ýeňiş gazanmak we Özüne ynanýanlaryň ählisine ebedi ýaşaýyş bermek üçin direlendigi baradaky hakykata ynanýan adamdyr. Ýahýa 1:12 şeýle diýýär: “Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň çagalary bolmak hukugyny berdi.” Hakyky Mesihi adam Hudaýyň çyn perzendidir, Hudaýyň çyn maşgalasynyň agzasydyr we Mesihde täze jan berlen kişidir. Hakyky Mesihi bolmagyň alamaty Hudaýyň Sözüne boýun egmek we başgalary söýmekdir (1 Ýahýa 2:4; 1 Ýahýa 2:10).

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Mesih üçin bir netijä geldiňmi? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Mesihi adam kimdir?