Sorag
Isany şahsy Halasgäriňiz hökmünde kabul etmek nämäni aňladýar?
Jogap
Isa Mesihi şahsy Halasgäriňiz hökmünde kabul edipmidiňiz? Jogap bermezden öň, bir ýagdaýy düşündirmäge rugsat beriň. Soraga doly düşünmek üçin, “Isa Mesih”, “şahsy”, we “Halasgär” sözleriniň manysyny bilmelisiňiz.
Isa Mesih kim? Köp adam Isa Mesihiň gowy adam, beýik mugallym ýa-da Hudaýyň pygamberidigini kabul edýär. Isa barada bu aýdylanlar örän dogrudyr, emma olar Onuň hakyky şahsyýetini doly görkezmeýär. Injil Isanyň tendäki Hudaýdygyny, Hudaýyň ynsana öwrülendigini aýdýar (serediň Ýahýa 1:1, 14). Hudaý ýer ýüzüne bize öwretmek, gutuldyrmak, düzetmek, bagyşlamak we biz üçin ölmäge geldi! Isa Mesih, Hudaý, Ýaradyjy we hökümdar Rebdir. Siz Isany kabul etdiňizmi?
Halasgär kim we bize Halasgär näme üçin gerek? Injil hemmämiziň günälidigimizi we ýaman işler edendigimizi aýdýar (Rimlilere 3:10-18). Günämiziň netijesinde Hudaýyň gazabyna we hökmüne mynasyp bolduk. Soňsuz we ebedi Hudaýa garşy edilen günäleriň ýeke-täk adalatly jezasy soňsuz jezadyr (Rimlilere 6:23; Ylham 20:11-15). Şol sebäpden hem bize Halasgär gerek!
Isa Mesih ýer ýüzüne geldi we biziň ýerimize öldi. Isanyň, tendäki Hudaý hökmünde, ölümi günälerimiz üçin soňsuz töleg boldy (2 Korintoslylar 5:21). Isa günälerimiziň jerimesini tölemek üçin öldi (Rimlilere 5:8). Isa biz tölemez ýaly bahany özi töledi. Isanyň ölüleriň arasyndan direlmegi Onuň ölüminiň günälerimiziň jerimesini tölemäge ýetendigini äşgär etdi. Şol sebäpden hem Isa ýeke-täk Halasgärdir (Ýahýa 14:6; Resullaryň Işleri 4:12)! Siz Isa Halasgäriňiz diýip ynanýarsyňyzmy?
Isa siziň “şahsy” Halasgäriňizmi? Köp kişi Mesihilige ýygnaga gatnamak, dini adatlary ýerine ýetirmek we günälerden gaça durmak diýip düşünýär. Mesihilik bu däl. Hakyky Mesihilik Isa Mesih bilen şahsy gatnaşykdyr. Isany şahsy Halasgäriňiz hökmünde kabul etmek oňa şahsy imanyňyzy we ynamyňyzy bermek diýmek. Hiç kim başgalarynyň imany bilen halas bolup bilmez. Hiç kim eden belli bir amallary üçin bagyşlanmaz. Gutulmagyň ýeke-täk ýoly Isany Halasgäriňiz hökmünde kabul etmek, Onuň ölüminiň günäleriňiziň tölegidigine we Onuň direlmeginiň ebedi ýaşaýşyňyzyň güwäsidigine ynanmakdyr (Ýohanna 3:16). Isa siziň şahsy Halasgäriňizmi?
Eger Isa Mesihi şahsy Halasgäriňiz hökmünde kabul etmek isleseňiz, Hudaýa aşakdaky sözler bilen ýüzleniň. Şu ýa-da haýsydyr bir başga dogany aýtmagyň sizi halas etmejekdigini ýatdan çykarmaň. Diňe Isa Mesihe ynanmak günäleriňiziň bagyşlanmagyna elter. Bu doga diňe Hudaýa imanyňyzy beýan etmegiň we sizi halas edendigi üçin Oňa minnetdarlyk bildirmegiň bir ýoludyr. “Hudaýym, Men seniň öňüňde günälidigimi we jeza mynasypdygymy bilýärin. Emma Oňa imanym arkaly bagyşlanmagym üçin Isa Mesih meniň ýerime jezamy çekdi. Bagyşlanmak üçin teklibiňi alýaryn we halas bolmak üçin men Saňa ynanýaryn. Isany şahsy Halasgärim hökmünde kabul edýärin! Ajaýyp merhemetiň we bagyşlaýjylygyň – ebedi ýaşaýşy peşgeş bereniň - üçin saňa şükür edýärin! Omyn!”
Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.
English
Isany şahsy Halasgäriňiz hökmünde kabul etmek nämäni aňladýar?