settings icon
share icon
Sorag

Mukaddes Ruhy haçan/nähili kabul edýäris?

Jogap


Resul Pawlos, Isa Mesihi Halasgärimiz hökmünde kabul eden badymyza Mukaddes Ruhy kabul edýändigimizi çürt-kesik öwredýär. 1 Kor 12:13 jar edýär: “Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.” Rim 8:9 bize kimdir biri Mukaddes Ruha eýe däl bolsa Mesihi däldigini aýdýar: “Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.” Efes 1:13-14 bize Mukaddes Ruhuň hemmeleriň imanynyň möhrüdigini aýdýar: “Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz. Hudaýa degişli adamlar doly azat bolýança, Mukaddes Ruh biziň mirasymyzyň kepilnamasydyr. Bularyň bary Hudaýa şan-şöhrat getirýär.”

Bu 3 parça Mukaddes Ruhuň gutulyş pursadynda kabul edilýändigini açykça öwredýär. Korintosdaky imanlylaryň ählisi bir Ruha eýe bolmasa, ählimiziň bir Ruh tarapyndan çümdürilendigini we içmäge bir Ruh berilendigini aýdyp bilmezdi. Rim 8:9 has hem berkdir, kimdir biri Ruha eýe däl bolsa ol kişiniň Mesihe degişli däldigini aýdýar. Şeýlelikde, Ruha eýe bolmak gutulyşy görkezýän şahsyýetnamadyr. Mundanam artyk, Mukaddes Ruh gutulyş pursadynda kabul edilmeýän bolsady onda ol “gutulyşyň möhri” (Efes 1:13-14) bolup bilmezdi. Mukaddes Ýazgylaryň köpüsi gutulyşymyzyň Mesihi öz halasgärimiz kabul eden badymyza kepilliklidigini aýdýar.

Bu çekeleşik çekeleşilýändir sebäbi Mukaddes Ruhuň missiýalary garyşdyrylýar. Mukaddes Ruhu kabul etmek/Oňa eýe bolmak gutulyş pursadynda amala aşýar. Ruhuň dolmagy bolsa Mesihi durmuşda dowam edýän bir proseduradyr. Biz Mukaddes Ruhuň baptizmi gutulyş badynda amala aşýandygynyň heserdeşi bolsak-da käbir Mesihiler beýle däl. Bu hem Mukaddes Ruhuň baptizminiň gutulyşdan soňra gelýän “Ruhy kabul etmek” aşamasy bilen garyşdyrylmakda netijelenýär.

Jemlemek üçin, biz Mukaddes Ruhy nähili kabul edýäris? Mukaddes Ruhy Isa Mesihi Halasgärimiz hökmünde kabul etmek bilen kabul edýäris (Ýahýa 3:5-16). Mukaddes Ruhy haçan kabul edýäris? Iman eden badymyza Mukaddes Ruh biziň hemişelik emlägimiz bolýar.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mukaddes Ruhy haçan/nähili kabul edýäris?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries