settings icon
share icon
Sorag

Dört ruhy düzgün nämedir?

Jogap


Dört ruhy düzgün Isa Mesihe bolan iman arkaly gutulyş baradaky Hoş Habary ýaýratmagyň ýollarydyr.Bu Injildäki wajyp maglumatlary 4 maddada jemlemegiň usulydyr.

Bu dört düzgüniň birinjisi “Hudaý sizi söýýändigi we siziň durmuşyňyz üçin ajaýyp meýilnamasy barlygydyr.” Ýohanna 3:16 bize “Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk ogluny berdi, Ol muny ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.” diýýär. Ýohanna 10:10 bize Isa mesihiň geliş sebäbini aýdýar: “Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.” Biz we Hudaýyň söýgüsi arasynda böwet bolýan zat näme? Biz rysgally ýaşamagymyzyň öňüni alýan zat name?

Dört düzgüniň 2-nji bolsa: “Adamzat günä sebäpli zaýalandy we şeýlelik-de Hudaýdan aýra. Munuň netijesinde biz Hudaýyň durmuşymyz üçin ajaýyp meýilnamasyny bilemzok.” Rimliler 3:23 muny tassyklýar: “sebäbi hemmeler günä edip Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.” Rimliler 6:23 bize günäniň getirjek netijeleri barada maglumat berýär: “çünki günäniň muzdy ölüm.” Hudaý bizi o bilen dostluk gurnamagymyz üçin ýaratdy emma adamzat dünýä günäni getirdi we şeýlelik-de Hudaýdan aýra düşdi. Hudaý biz bilen gurnamak islän gatnaşygyny biz zaýaladyk. Çözgüt nämede?

Dört düzgüniň 3-nji bolsa “Isa mesih Hudaýyň günälerimiz üçin kabul etjek ýeke-täk garşylygydyr. Isa Mesih arkaly günälerimizi bagyşladyp we Hudaý bilen gatnaşygy ýola goýup bileris.” Rimliler 5:8 hem bize muny diýýär: “Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi.” 1 Korintoslylar 15:3-4 bize halas bolmak üçin nämeler bilmelidigimiz we näme etmelidigimiz barada aýdýar: “Mukaddes ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi. Ol jaýlanyp, Mukaddes ýazgylara görä hem üçülenji gün direldi.” Isa mesih özi hem gutulyş üçin ýeke-täk ýoldugyny yglan edýär Ýohanna 14:6-da: “Ýol, hakykat we ýaşaýyş mendirin, Mensiz hiçkim atanyň ýanyna baryp bilmez.” Bu ajaýyp sowgady men nahili kabul edip bilerin?

4-nji düzgün bolsa “Gutulyş peşgeşini kabul edip bilmek we Hudaýyň durmuşymyz hakdaky ajaýyp planyny bilmek üçin biz Isa Mesihe halasgärimiz hökmünde iman etmelidir.” Ýohanna 1:12 muny bize beýan edýär: “Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.” Resullar 16:31 hem muny aýdyň suratlandyrýar: “Rebbimiz Isa iman et we siz halas edilersiňiz!” Biz diňe rehim arkaly halas bolup bileris, diňe iman arkaly, diňe Isa Mesih arkaly (Efesliler 2:8-9)

Isa mesihe halasgäriňiz hökmünde iman etmek isleýän bolsaňuyz onda ine size ýönekeýje dileg. Ýat-da saklaň, bu bilegi etmek ýa-da haýsydyr bir dilegi etmek sizi halas etmez. Mesihe bolan ynam sizi günäden halas eder. Bu diňe Isa Mesihiň ölümine we bizi halas etmek üçin direlendigine iman etmekdir: “Rebbim, men özümiň günäkärdigimi bilýän. Men günälerimiň eltjek netijesine laýykdygymy bilýärin ýöne men Isa mesihe öz halasgärim hökmünde ynanýaryn. Onuň ölümi we direlişi meniň günäm üçin tölegdigine ynanýaryn. Men diňe we diňe Isa mesihe ynanýaryn hökümdarym we halasgärim hökmünde. Meni bagyşlandygyň we halas edendigiň üçin minnetdar saňa Hudaýym! Amen!”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Dört ruhy düzgün nämedir?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries