Sorag
Hudaý barmy? Hudaýyň barlygyna delil barmy?
Jogap
Hudaý barmy? Şu çekişmä şeýle köp üns berlendigi gyzyklydyr. Iň soňky pikir soraşmalar bugün dünýäniň ilatynyň 90%-iniň Hudaýyň ýa-da haýsydyr bir ýokary güýjüň bardygyna ynanýandygyny aýdýar. Şonda-da nämeüçindir Onuň hakykatdan-da barlygyny subut etmek jogapkärçiligi Hudaýyň barlygyna ynanýanlara düşýär. Munuň tersi bolsa has makul bolardy.
Ýöne, Hudaýyň barlygyny subut edip ýa-da inkär edip bolmaýar. Injil Hudaýyň barlygy baradaky hakykaty iman bilen kabul etmelidir diýýär, “Iman etmän Hudaýa ýaranmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir” (Ýewreýler 11:6). Eger Hudaý islesedi, Ol göni görünip tutuş dünýä Özüniň barlygyny subut edip bilerdi. Emma Ol şeýtse, onda iman gerek bolmazdy. “Isa oňa: “Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Meni görmeseler hem iman edenler ýalkananlardyr.” (Ýahýa 20:29).
Emma bu Hudaýyň barlygyna hiç hili deliliň ýoklugyny aňlatmaýar. Injilde “Gökler Hudaýyň şanyny jar edýär; asman Onuň elleriniň eserini yglan edýär. Günbe-gün olar sözleýärler; gijeme-gije olar bildirýärler. Olaryň sesi eşdilmeýän gürrüň we dil ýokdur. Olaryň sesi zeminiň içine, olaryň sözleri dünýäň künjeklerine gidýär” (Zebur 19: 1-4). Ýyldyzlara seretmek, älemiň ummasyzlygyna düşünmek, tebigatyň täsinliklerine gözegçilik etmek, gün batyşynyň gözelligini görmek – bularyň hemmesi Ýaradyjy Hudaýy görkezýär. Bular ýeterlik däl bolsa, Hudaýyň delili öz ýüreklerimizde hem bardyr. Wagyzçy 3:11 bize “... Ol ynsanlaryň ýüreginde ebediligi hem ornaşdyrdy” diýýär. Içki dünýämiziň çuňlugynda bizi mundan soňky ýaşaýşa bu dünýäden öte birine ynanmaga iterýän bir zat bar. Aň taýdan bu maglumaty inkär etsek-de, Hudaýyň bizdäki we biz arkaly barlygy hakykatlygyna galýar. Käbirleriniň Hudaýyň barlygyny şulara garamazdan inkär etjekdigi barada Injil bize duýdurýar. “Akmak ýüreginde ‘Hudaý ýok’ diýýär” (Zebur 14:1). Taryh boýunça ähli medeniýetlerde we ähli yklymlarda adamlaryň 98%-i belli bir Hudaýyň barlygyna ynanan bolsa, onda şu ynanjyň aňyrsynda nämedir bir zat (ýa-da kimdir biri) ýatan bolmaly.
Hudaýyň barlygy baradaky injili argumentlere goşmaça, logiki argumentler hem bar. Birinji - ontologiki argumentdir. Ontologiki argumentiň iň meşhur görnüşi Hudaýyň barlygyny subut etmek üçin Hudaý düşünjesini ulanýar. Ol Hudaýy “ondan uly zat pikir edip bolmajak barlyk” diýip kesgitlemek bilen başlaýar. Soňra bar bolmak ýok bolmakdan uludyr diýilýär we şol sebäpden hem pikir edip boljak iň uly zat bardyr diýilýär. Eger Hudaý ýok bolsa onda Hudaý pikir edip boljak iň uly zat bolmazdy, ýöne bu Hudaýyň kesgitlemesiniň hut özüne ters düşýär. Ikinji - teleologiki argumentdir. Teleologiki argumente görä älem şeýle haýran galdyryjy gurluşa eýedir, diýmek hudaýsypat bir Gurujy bolmalydyr. Mysal üçin, eger ýer günden birnäçe ýüz kilometr daşda ýa-da ýakynda bolan bolsady, onuň üstünde şu wagtky ýaly ýaşaýyş bolmazdy. Eger atmosferamyzdaky elementleriň göterimi azajyk tapawutly bolsady, onda ýerdäki ähli jandarlar ýitip ýok bolardy. Bir belok molekulasynyň tötänleýin emele gelmeginiň ähtimallygy 10243-de 1-dir (10-yň yzynda 243 nol bar diýmekdir). Bir öýjük millionlarça belok molekulalaryndan emele gelýär.
Hudaýyň barlygyna üçünji logiki argument, kosmologiki argumentdir. Her bir netijäniň sebäbi bolmalydyr. Bu älem we onuň içindäki ähli zat netijedir. Bu ähli zadyň bar bolmagyna sebäp bolan bir zat bolmalydyr. Şeýlelikde, ähli beýleki zatlaryň barlygyna sebäp bolmak üçin öz barlygyna "sebäp bolunmadyk" bir zat bolmalydyr. Şol "sebäp bolunmadyk" zat Hudaýdyr. Dördünji argument ahlaky argument diýip bilinýär. Taryhda ähli medeniýetlerde kanunyň bir görnüşi ýöräpdir. Her kim dogryny ýalňyşy seljerýär. Adam öldürmek, ýalan sözlemek, ogurlamak we ahlaksyzlyk tutuş dünýäde diýen ýaly kabul edilmeýär. Eger Hudaýdan däl bolsa, bu dogryny ýalňyşy seljermek duýgusy nireden geldi?
Injil bize bularyň hemmesine garamazdan adamlaryň Hudaý baradaky aýdyň we inkär edip bolmajak maglumaty kabul etmän onuň ýerine ýalana ynanjakdyklaryny aýdýar. Rimlilere 1:25-de şeýle diýilýär: “Olar Hudaýyň hakykatyny ýalana çalşyp, Ýaradandan zyýada ýaradylan zatlara hormat hem gulluk etdiler. Ol bolsa baky mübärekdir. Omyn.” Injil adamlaryň Hudaýa ynanmazlyk üçin bahanalarynyň ýokdugyny ykrar edýär “Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär.” (Rimlilere 1:20).
Adamlar “ylmy däl” ýa-da “sebäbi - subut ýok” diýip Hudaýa ynanmazlyk edýärler. Asyl sebäp adamlar Hudaýyň barlygyny kabul etseler, Hudaýa jogapkär we Onuň bagyşlamagyna mätäç boljakdyklaryna düşünmeli bolýandyklarydyr (Rimlilere 3:23; 6:23). Eger Hudaý bar bolsa, onda amallarymyz üçin Onuň öňünde jogapkärdiris. Eger Hudaý ýok bolsa, Hudaýyň bize baha bermeginden çekinmän islänimizi edip bileris. Jemgyýetimizde köpleriň ewolýusiýa ýapyşyp ýatmaklarynyň sebäbi hem şoldur – Ýaradyjy Hudaýa ynanmagyň ýerine alternatiwa döretmekdir. Hudaý bar we ahyrky netijede hemme kişi Onuň barlygyny bilýär. Käbir adamlaryň Onuň ýoklugyny subut etmäge şeýle agressiw ýapyşmaklary hem aslynda Onuň barlygy barada argumentdir.
Hudaýyň barlygyna iň soňky argumente ser salalyň. Hudaýyň barlygyny nädip bilýäris? Mesihiler hökmünde biz Oňa her gün ýüzlenýändigimiz sebäpli Onuň barlygyny bilýäris. Onuň bize jogap berýänini eşitmesek-de, Onuň görkezen ýoluny duýýarys, Onuň söýgüsini bilýäris, Onuň rehmini isleýäris. Durmuşymyzda Hudaýdan başga hiç hili düşündirişi ýok zatlar bolup geçdi. Hudaý bizi şeýle gudrat bilen halas etdi we durmuşymyzy üýtgetdi welin, Onuň barlygyny tanamakdan we mübäreklemekden özümizi saklap bilmeýäris. Bu argumentleriň hiç birisi şeýle aýdyň zady kabul etmekden gaça durýanlary ynandyryp bilmez. Netijede, Hudaýyň barlygy iman bilen kabul edilmelidir (Ýewreýler 11:6). Hudaýa iman garaňkylyga ädilen kör ädim däldir; ol adamlaryň 90%-iniň duran ýagtylandyrylan otagyna bolan ygtybarly ädimdir.
English
Hudaý barmy? Hudaýyň barlygyna delil barmy?