settings icon
share icon
Sorag

Ölümden soňra durmuş barmy?

Jogap


Ölümden soňra durmuş barmy? Mukaddes kitap bize “Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr. Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar... Ynsan öler-de, direlermi?” diýýär (Eýýup 14:1-2, 14).

Eýýup ýaly ählimiz bu sorag bilen garşylaşandyrys. Ölemizden soň bize näme bolýar? Bar bolmagy bes edýäsmi? Durmuş eýsem diňe dünýäden gitmek we dolanmak üçin we şahsy maksatlara ýetmek üçin bir aýlawmy? Ähli adamlar şol bir ýere gidýärmi ýa-da aýry-aýry ýerlere? Hakykatdanam jennet we dowzah barmy ýa-da bu diňe bir hyýaly döredijilikmi?

Mukaddes kitap bize diňe bir durmuş barlygyny däl eýsem “hiç bir gözüň görmedik, hiç bir gulagyň eşitmedik we hiç bir aňyň gözöňüne getirip bilmedik Hudaý tarapynan ony söýýänlere taýynlanan durmuşy” bardygyny (1 korintoslylar 2:9) aýdýar. Isa mesih ynsan bolup bize bu ebedi ýaşaýyş peşgeşini bermek üçin geldi ýere. “Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň ba’ynda geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk.” (Işaýa 53:5)

Isa mesih her birimiziň hak edýän jezasyny aldy we durmuşyny pida etdi. 3 gün soňra, mazardan direlip çykmak bilen özüniň ölümden üstündigni subut etdi. Ol 40 günläp bu dünýäde boldy we müňlerçe adam tarapyndan görüldi jennetdäki baky öýüne gitmänkä.

Mesihiň direlişi gowy hasaba alynan wakadyr. Resul Pawlos adamlary bu wakanyň şaýatlaryny soraga çekmäge çagyrdy we hiçkim muňa garşy çykyp bilmedi. Direliş Mesihiligiň möhüm bir nokadydyr: Mesih ölümden direlendigi sebäpli biz hem direldiljekdigimize ynanýas.

Resul Pawlos muňa ynanmadyklara töwella etdi: “Biz mesih direldi diýip wagyz edýäris. Onda siziň araňyzdan käbirleri nädip merhumler direlmez diýip bilýär? Eger merhumlar direlmeýän bolsa onda Mesih hem direlen däldir” (1 Korintoslylar 15:12-13)

Mesih diňeje gaýtadan direldiljekleriň ilkinjisidi. Fiziki ölüm ählimiziňem baglanşygy bolan bir adam, Adam ata arkaly geldi, emma Isa Mesihe bolan iman arkaly Hudaýyň maşgalasyna goşulan her bir adama täze durmuş bagyş ediler (1 Korintoslylar 15:20-22). Isa mesihiň direldilişi ýaly, Isa mesihiň dolanyp gelşinde biziňem bedenlerimiz direldiliner.

Ählimiz bir wagt-da direldilsegem hemmeler dowzaha gitmez. Bakyýetde Nirä gitjekdigi baradaky saýlaw adamyň durmuşynda saýlanylmaly. Mukaddes kitap bize ölüm diňe bir gezek bellenendigini we ondan soňra höküm geljekdigini aýdýar (Ýewreýlere 9:27). Dogry adama öwrülenler jennet-de baky ýaşaýşa gider, imansyzlar bolsa dowzahda baky jeza höküm ediler (Matta 25:46).

Dowzah hem, jennet ýaly, diňeje bardygy aýdylýan ýer däldir, hakykatdanam hakyky bir ýerdir. Bu, dogry bolmadyk adamlaryň Hudaýyp tükeniksiz, baky gazabyna duçar ediljek ýeridir. Olar duýgy babatda hem, akyl babatda, fiziki babatdanam ejir çekjek ýeridir.

Dowzah düýpsiz guýy ýaly suratlandyrylan (Luka 8:31, Aýanlyk 9:1) we mesgen tutanlaryň gije-gündizläp hemişe azap çekjek ýanýan kölüne meňzedilen (Aýanlyk 20:10). Dowzahda, ýas we ejiri ýatladýan agy we dişleriň gyjyrdamagy eşidiler (Matta 13:42). Bu gurçygyň ölmeýän we oduň öçmeýän ýeridir (Mark 9:48). Hudaý eret adamlaryň ölmeginden lezzet almaýar emma olaryň öz ýollaryn dönmeklerini we baky ýaşaýyş gazanmaklaryny isleýär (Ýezekiel 33:11). Ol bizi muňa mejbur etmez emma biz ony ret etmegi saýlasak onuň saýlara kän bir zady ýok – bizi özünden aýra salmak bar diňe.

Dünýädäki durmuş bir synagdyr, geljege taýynlanmakdyr. Imanlylar üçin bu Hudaýyň barlygynda baky durmuşdyr. Diýmek, biz nädip bu ýagdaýy gazanyp biljek ýagdaýa getirildik? Ýekeje ýol bar – Hudaýyň ogly Isa mesihe iman arkaly. Isa mesih “Direlişem, ýaşaýyşam mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar. Kim maňa iman edip ýaşaýan bolsa, ol asla ölmez” (Ýohanna 11:25-26 diýdi.

Baky durmuş peşgeşi hemmeler üçin elýeterdir emma bu özümizden geçmegi we özümizi hudaýa gurban etmegi talap edýär. “Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, Hudaýyň gazabyna duçar bolýar” (Ýohanna 3:36). Ölemizden soňra bize toba etmäge pursat berilmez sebäbi Hudaýy göremizsoň oňa ynanmakdan başga saýlawymyz ýok. Oňa ynam-da gelmegimizi we söýmegimizi isleýär. Isa mesihiň ölümini Hudaýa günäli baş galdyrmagymyzyň öwezi hökmünde kabul etsek onda bize diňe bu dünýäde manyly durmuş däl eýsem baky ýaşaýyş hem beriljekdigine güwa geçilýär.

Eger-de Isa mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek isleseňiz ine onda size ýönekeýje dileg. Bu dilegi etmek diýmek siz öz gutulyşyňyz üçin Isa mesihe bil baglaýandygyňyzy Hudaýa ykrar etmekdir. Sözleriň gury özi sizi halas etmez, diňe Isa mesihe bolan iman gutulyşy üpjün eder! “Rebbim, Saňa garşy günä edendigimi we jezany hak edendigimi bilýärin. Emma oňa bolan Imanym arkaly bagyşlanyp bilmegim üçin Isa mesih jezamy özüne aldy. Ýardamyň bilen gutulyşyma bolan ynamymda saňa bil baglaýaryn. Soňsuz merhemetiň we geçirimliligiň-ebedi durmuşy sowgat berendigiň üçin saňa minnetdar! Amen!”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Ölümden soňra durmuş barmy?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries