settings icon
share icon
Sorag

Isa Mesih kim?

Jogap


Isa Mesih kim? “Hudaý barmy?” diýen soragdan tapawutlylykda örän az adam Isa Mesihiň ýaşap geçendigi barada sorag soraýar. Isanyň hakykatdan-da mundan 2000 ýyla golaý wagt öň Ysraýylda gezen adamdygy umuman kabul edilýär. Ylalaşmazlyk Isanyň doly şahsyýeti baradaky gürrüň gozgalanda ýüze çykýar. Esasy dinleriň ählisi diýen ýaly Isanyň pygamber, gowy mugallym ýa-da hudaýa ýakyn adamdygyny öwredýär. Mesele, Injiliň Isany pygamberden, oňat halypadan ýa-da hudaýa ýakyn adamdan has ýokarda goýmagydyr.

C.S. Lýuwis “Ýönekeý Mesihilik” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Men şu ýerde adamlaryň Ol [Isa Mesih] barada köplenç aýdylýan akmak zatlary aýtmaklarynyň öňüni almaga synanyşýaryn: ‘Men Isany beýik ahlak mugallymy hökmünde kabul etmäge taýýar, emma onuň Hudaýlyga dalaş etmegini kabul etmeýärin.’ Beýle diýmek bolmaýar. Ýönekeý adam bolup Isanyň aýdanlaryny aýdan adamy beýik ahlak mugallymy hasap edip bolmaz. Ol ýa -- özüni lak ýumurtga hasaplaýjak derejede -- aklyndan azaşandyr ýa-da Şeýtanyň tüýs özüdir. Her adamyň özi saýlamaly. Şu adam ýa Hudaýyň Ogly bolandyr we häzirem şeýle ýa-da dälidir we ondanam beterräk .... Akmak hasaplap ony gepletmän bilersiňiz, onuň üstüne tüýkürip bilersiňiz we iblis hökmünde öldürip bilersiňiz; ýa-da aýaklaryna ýykylyp oňa Reb we Hudaý diýip bilersiňiz. Ýöne geliň onuň beýik ynsan mugallymlygy baradaky hondanbärsi dereksiz gürrüňi tapmalyň. Ol bize beýle saýlawy goýmady. Onuň beýle maksady ýokdy.

Şeýlelikde, Isa özüne kim diýdi? Injil oňa kim diýýär? Birinji bilen, Ýahýa 10:30-daky Isanyň sözlerine seredeliň “Men we Ata birdiris.” Göräýmäge bu Hudaýlyga dalaş etmek däl ýalydyr. Emma Onuň sözlerine Ýehudylaryň beren jogabyna serediň, “Ýehudylar Oňa: ‘Biz seni bularyň hiç biri üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys’ diýdiler.” (Ýahýa 10:33). Ýehudylar Isanyň sözlerine Hudaýlyga dalaş etmek diýip düşündiler. Aşakdaky setirleri aýtmak bilen Isa hiç haçan Ýehudylary düzetmeýär, “Men özüme Hudaý diýmedim.” Bu “Men we Ata birdiris.” (Ýahýa 10:30) diýmek bilen Isanyň hakykatdanda Özüne Hudaý diýendigini görkezýär. Başga bir mysal bolsa Ýahýa 8:58-dir. Isa “Men size hakykaty aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň hem Men bardyryn!” diýip yglan edýär. Ýene-de, Ýehudylar Isany daşlajak bolýarlar (Ýahýa 8:59). Isanyň Öz şahsyýetini “Men bardyryn” diýip bildirmegi Köne Ähtdäki Hudaýyň adynyň göni ulanylyşydyr (Çykyş 3:14) Eger dinden çykyp Hudaýlyga dalaş etdi diýip pikir etmedik bolsalar näme sebäpden Ýehudylar Isany daşlasynlar?

Ýahýa 1:1 “Söz Hudaýyň Özüdi,” diýýär. Ýahýa 1:14 bolsa “Söz tene öwrüldi,” diýýär. Bu Isanyň tendäki Hudaýdygyny aýdyň görkezýär. Şagirt Tomas Isa yüzlenip “Rebbim, Hudaýym” (Ýahýa 20:28) diýdi. Isa ony düzetmeýär. Resul Pawlus Ony, “…biziň beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz, Isa Mesih” (Titus 2:13) diýip suratlandyrýar. Resul Petrus hem şeýle diýýär “…Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesih” (2 Petrus 1:1). Hudaý Ata hem Isanyň doly şahsyýetine şaýatlyk edýär, “Ogly hakda: "Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr, dogrulyk Seniň Patyşalygyňyň hasasy bolar’ diýýär.” Köne Ähtdäki Mesihe degişli öňdengörüjilikler hem Onuň taňrylygyny bildirýär, “Sebäbi bizde perzent dünýä indi, bize ogul berildi we häkimiýet onuň eginlerinde bolar. We ol Ajaýyp Maslahatçy, Güýçli Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlygyň Şazadasy diýlip atlandyrylar.”

Şeýlelik bilen, C.S. Lýuwisiň belleýşi ýaly, Isanyň oňat mugallymdygyna ynanmagy saýlamak mümkin däl. Isanyň özüne Hudaý diýendigi aýdyňdyr we muny inkär edip bolmaz. Eger Ol Hudaý däl bolsa, diýmek Ol bir ýalançy we şol sebäpden hem pygamber, oňat mugallym ýa-da hudaýa ýakyn adam däldir. Isanyň sözlerini düşündirmek üçin, häzirkizaman “alymlar” “hakyky taryhy Isanyň” Injilde Oňa degişli edip görkezilýän sözleri aýtmandygyny öňe sürýärler. Isanyň näme diýip diýmändigi barada Hudaýyň Sözi bilen çekişer ýaly biz kim bolupdyrys? Isadan iki müň ýyl aradaşlykda ýaşaýan bir “alym” nädip Isanyň näme diýip diýmändigi barada onuň bilen bile ýaşan, hyzmat eden we Isanyň Özi tarapyndan okadylan adamlardan has düýpli maglumata eýe bolýarmyş (Ýahýa 14:26)?

Isanyň hakyky şahsyýeti baradaky sorag näme üçin şeýle wajyp? Isanyň Hudaýlygy ýa-da däldigi näme üçin ähmiýetli? Isanyň Hudaýlygyna iň esasy sebäp eger Ol Hudaý bolmasa, Onuň ölümi dünýäniň ähli günälerine jeza hökmünde tölenmäge ýetmezdi. (1 Ýahýa 2:2). Diňe Hudaý şeýle çäksiz jezany töläp biler (Rimlilere 5:8; 2 Korintoslylar 5:21). Biziň bergimizi töläp bilmek üçin Isa Hudaý bolmalydy. Isa ölüp biler ýaly Ol ynsan bolmalydy. Halas bolmak diňe Isa Mesihe iman etmekdedir! Isa hudaý bolany üçin Ol halas boluşyň ýeke-täk ýoludyr. Isa hudaý bolany üçin Ol “Men – Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyryn. Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez” diýip yglan edýär. (Ýahýa 14:6).

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Isa Mesih kim?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries