settings icon
share icon
Sorag

Ebedi Ýaşaýşa ýetdiňizmi?

Jogap


Injil ebedi ýaşaýşa barýan ýoly aýdyň görkezýär. Birinjiden, ilki bilen biz Hudaýyň öňünde günälidigimizi boýun almalydyrys: "Sebäbi hemmeler günä edip Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular" (Rimliler 3:23). Hemmämiz Hudaýa ýaramaýan we bizi jeza mynasyp edýän işler edendiris. Biziň ähli günälerimiz ahyrky netijede ebedi Hudaýa garşy bolany üçin, ol günäleriň garşylygy diňe ebedi jezadyr. “Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa, Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän ebedi ýaşaýyşdyr” (Rimliler 6:23).

Emma bigünä Isa Mesih (1 Petrus 2:22), Hudaýyň ebedi Ogly, ynsana öwrüldi (Ýahýa 1:1, 14) we biziň jezamyzy çekmek üçin öldi. “Emma Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. “eýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi.” (Rimliler 5:8). Biziň çekmeli jezamyzy özi alyp Isa Mesih haçda öldi (Ýahýa 19:31-42) (2 Korintoslylar 5:21). Günäniň we ölümiň üstünden Öz ýeňşini subut edip üç gün soň Ol direldi (1 Korintoslylar 15:1-4). “Ol beýik merhemetini görkezip, Isa Mesihiň ölüleriň arasyndan direlmegi bilen bize janly umyt, täzeden dogluş berdi” (1 Petrus 1:3).

Halas bolmak üçin biz Isa Mesih– Ol kimdigi, Onuň işleri we näme üçin edendigi - baradaky düşünjämizi imana tarap özgertmelidiris (Resullaryň Işleri 3:19). Onuň haçda biziň günälerimiz üçin ölendigine ynanyp, Oňa iman etsek, biz bagyşlanarys we bize jennetde ebedi ýaşaýyş wada berler. “Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi” (Ýahýa 3:16). “Sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň” (Rimliler 10:9). Diňe Mesihiň haçdaky tamamlanan işine iman etmek ebedi ýaşaýşa barýan ýoldur! “Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi. Hiç kim ynsan tagallasy bilen halas boldum diýip öwünmesin” (Efesliler 2:8-9).

Eger Isa Mesihi Halasgäriňiz hökmünde kabul etmek isleseňiz, ynha size ýönekeý doga. Şu ýa-da haýsydyr bir başga dogany aýtmagyň sizi halas etmejekdigini ýatdan çykarmaň. Diňe Mesihe ynanmak sizi günälerden saklap biler. Bu doga diňe Hudaýa imanyňyzy beýan etmegiň we sizi halas edendigi üçin Oňa minnetdarlyk bildirmegiň bir ýoludyr. “Hudaýym, Men seniň öňüňde günälidigimi we jeza mynasypdygymy bilýärin. Emma Oňa imanym arkaly bagyşlanmagym üçin Isa Mesih meniň ýerime jezamy çekdi. Halas bolmak üçin men Saňa ynanýan. Ajaýyp merhemetiň we rehmiň – ebedi ýaşaýşy peşgeş bereniň - üçin saňa şükür edýärin! Omyn!”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Ebedi Ýaşaýşa ýetdiňizmi?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries