settings icon
share icon
Sorag

Gutulyş eltýän rimlileriň ýoly näme?

Jogap


Gutulyş eltýän rimlileriň ýoly diýmek Hoş Habary Mukaddes kitabyň Rimlilere ýazylan hat kitabyndaky aýatlar bilen beýan etmekdir. Bu ýönekeý emma täsirli bir ýoldyr näme üçin halas edilmäge mätäçdigimizi, Hudaý halas bolmagy nähili üpjün edendigini, gutulyşy nähili kabul edip biljekdigimizi we netijeleri nämedigini düşündirmek üçin.

Gutulyşa eltýän rimlileriň ýoly baradaky ilkinji aýat “sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.” diýýän Rimlilere 3:23-dir. Ählimiz günä iş edendir. Ählimiz Hudaýa hoş ýakmaýan birzatlar edendir. Bigünä adam ýokdur. Rimlilere 3:10-18 durmuşymyzda günäniň orny barada giňişleýin maglumat berýär. Gutulyşa eltýän rimlileriň ýoly baradaky 2-nji aýat bolan Rimliler 6:23 bize günäniň nähili netijeler emele getirjekdigini düşündirýär: “Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.” Günälerimiz üçin laýyk bolan jezamyz ölümdir. Diňe fiziki ölüm däl, ebedi ölümdir.

Gutulyşa eltýän rimlileriň ýolyndaky 3-nji aýat bolsa Rimliler 6:23-iň galan ýerinden dowam edýär, Rimliler 5:8 “Emma Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. Şeýdip Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi” diýýär. Isa mesih biziň üçin öldi! Isa mesihiň ölümi günälerimiziň muzdyny töledi. Isa mesihiň direlmegi Hudaý Isa mesihiň ölümini töleg hökmünde kabul edendigini subut edýär.

Gutulyşa eltýän rimlileriň ýolundaky 4-nji aýat bolsa Rimlilere 10:9-dyr. Bu şeýle diýýär: “Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa mesihiň rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň halas bolarsyň.” Isa mesih biziň deregimize ölendigi üçin biziň etmeli ähli işimiz oňa iman etmek, onuň ölümi günälerimiziň muzdygyna bil baglamak, ana onsoň biz halas edileris. Rimliler 10:13 hem bu barada aýdýar: “Çünki: Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar.” Isa mesih biziň günälerimiziň muzdyny tölemek we bizi ebedi ölümden halas etmek üçin öldi. Gutulyş, günälerimiziň geçirilmegi, Isa mesihe öz halasgäri hökmünde bil baglan her kim üçin elýeterdir.

Gutulyşa eltýän rimlileriň ýolundaky ahyrky taglymat bolsa gutulyşyň miwesi baradadyr. Rimliler 5:1-de şeýle ajaýyp habar bar: “Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk.” Isa Mesih arkaly biz Hudaý bilen parahatçylykly gatnaşyk ýola goýup bileris. Rimliler 8:1 bize “Şeýlelik-de, Isa mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.” Isa mesih biz üçin ölendigi sebäpli biz indi asla ýazgarylmarys günälerimiz üçin. Mundanam başga, Rimlilere 8:38-39-da bize Hudaýdan şeýle gymmatly habar bar: “Sebäbi men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne-de jynlaryň, ne häzirki, ne gelejekki ýagdaýlaryň, ne-de güýçleriň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň-ýaradylan zatlaryň biriniň-de bizi Rebbimiz Isa mesih arkaly aýan bolan Hudaýyň söýgüsinden aýryp bilmejekdigine berk ynanýaryn.”

Siz Rimlileriň gutulyşa eltýän ýoluna eýermek islärmidiňiz? Hawa bolsa onda size Hudaýa edip biljek ýönekeýje dilegiňiz. Bu dilegi etmek diýmek siz öz gutulyşyňyz üçin Isa mesihe bil baglaýandygyňyzy Hudaýa ykrar etmekdir. Sözleriň gury özi sizi halas etmez, diňe Isa mesihe bolan iman gutulyşy üpjün eder! “Rebbim, Saňa garşy günä edendigimi we jezany hak edendigimi bilýärin. Emma oňa bolan Imanym arkaly bagyşlanyp bilmegim üçin Isa mesih jezamy özüne aldy. Ýardamyň bilen gutulyşyma bolan ynamymda saňa bil baglaýaryn. Soňsuz merhemetiň we geçirimliligiň-ebedi durmuşy sowgat berendigiň üçin saňa minnetdar! Amen!”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Gutulyş eltýän rimlileriň ýoly näme?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries