Sorag
Hudaý barlygy çynmy? Hudaý barlygyna nädip göz ýetirip bilerin?
Jogap
Hudaý barlygynyň çyndygyny biz onuň özüni bize aýan eden 3 usuly arkaly bilýäs: ýaradylyş, Hudaýyň sözi we Hudaýyň ogly Isa mesih arkaly.
Hudaýyň barlygynyň iň bir ýönekeý subutnamasy onuň eden zatlary. “Hudaýyň göze görünmeýän hasiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de adamlaryň: “Hudaý hakda bilmeýäris” diýmäge hiç tutarygy ýokdur” (Rimlilere 1:20). “Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär; gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.” (Zebur 18:2).
Ýol ugrunda men bir el sagady görsem men bu öz-özünden bar bolandyr ýa-da bu ebedi bar bolandyr öýtmezdim. Sagadyň düzülişine seredip onuň bir dizaýneri bardyr öýderdim. Bizi gurşaýan dünýa-de mundan has naýbaşy bezeg bardyr. Biziň wagt ölçegimiz sagada esaslanan däldir, Hudaýyň zähmeti bolan ýeriň aýlanmasyna (we sesium-133 atomynyň radioaktiw aýratynlyklaryna) esaslanandyr. Älem ýokary derejeli bezegi bar we bu Beýik Dizaýneriň barlygyny öňe sürýär.
Eger-de men kodlanan hat tapsam men bu kody çözmek üçin kriptografçy gözlärdim. Men bu hatyň akylly bir iberijinisiniň bardygyny oýlardym. Her bir öýjügimizde göterýän DNA kodumyz nähili çylşyrymly? DNA-myzyň maksady we çylşyrymlylygy ussat we akylly bir ‘ýazyjynyň” barlygyny öňe sürmeýärmi?
Hudaý diňe bir ussatlarça sazlanan fiziki dünýä emele getirmek bilen çäklenmedi; şol bir wagt-da ol her bir adamyň gursagyna ebediligi duýmagy hem guýdy (Wagyz 3:11). Adamzat dogabitdi ýagdaý-da göz bilen görýäninden has öte, bu dünýädäki durmuşdan has üstün durmuş bardygyny aňýar. Ebedilige bolan duýgurlygymyz özüni iň az 2 şekilde mälim edýär: düzgünnama we ybadat.
Taryhdaky her bir siwilizasiýa bir-birine meňzeş ahlak kanunlaryna orun berdi. Mysal üçin, söýmek her bir ýerde sarpa goýulýarka aldamak her bir ýerde ýazgarylýar. Bu birmeňzeş ahlak – dogry we ýalňyş hakdaky birmeňzeş düşünje – bize beýle wyždany beren iň ýokary Ahlakly bir barlygy yşarat edýär.
Meňzeş ýagdaý-da, medeniýetine seretmezden dünýädäki ähli adamlar ybadat etmegiň ulgamyny hem döretdiler. Ybadat görnüşi tapawutly bolup biler emma adamzatdan has üstün bir güýjüň barlygyna bolan duýgy inkär edilmejek bölegidir adam bolmagyň. Biziň ybadata bolan ýykgynlygymyz Hudaýyň bizi öz keşbinde ýaratmagyndan (Gelip çykyş 1:27) gözbaş alýar.
Hudaý bize özüni öz sözi, Mukaddes kitap arkaly hem aýan etdi. Mukaddes kitap-da Hudaýyň barlygy başdan-aýak öz-özüni subut edýän fakt hökmünde görkezilen (Gelip çykyş 1:1; Müsürden çykyş 3:14). Benjamin Franklin öz biografiýasyny ýazanda öz barlygyny subut etmek üçin wagt isrip etmedi. Şoňa meňzeşlikde, Hudaý hem öz kitabynda öz barlygyny subut etmek üçin köp wagt sarp etmedi. Mukaddes kitabyň durmuş özgerdiji tebigaty, mazmuny we muňa ýoldaşlyk eden gudratlary has ýakyndan seredilmäge laýykdygyna kepil geçýär.
Hudaýyň özüni aýan eden üçinji bir ýoly bolsa öz ogly Isa mesihdir (Ýohanna 14:6-11). Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilen biledi we Söz Hudaýyň özüdi (Ýohanna 1:1). Söz ynsan bolup aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan dolud. Biz onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen ýeke-tägiň şöhratyny gördük (Ýohanna 1:14).
Isa mesihiň haýran galdyryjy durmuşynda ol Köne ähtiň ähli kanunlaryny birkemsiz saklady we mesihi pygamberlikleri berjaý etdi (Matta 5:17). Ol öz habaryny we ylahylygyny ygtybarlylaşdyrmak üçin sansyz işler we gudratlar amala aşyrdy (Ýahýa 21:24-25). Haja çüýlenmeginden 3 gün soňra ölümden direldi, bu ýüzlerçe şaýat tarapyndan tassyklanan fakt (1 Korintoslylar 15:6). Taryhy ýazgylar Isa mesihiň kimdigi baradaky subutnamalar bilen doludyr. Resul Pawlosyň aýdyşy ýaly bu “gizlin bir burçda edilen zat däl” (Ilçileriň işleri 26:26).
Biz, hemişe Hudaý hakda öz düşünjeleri bar bolan skeptiklaryň (şüphe edýänleriň) bardygyny we delilleri özlerine görä seljerýändigini görýäs. Şeýle-de, hiç bir mukdardaky subutnamanyň hem ynandyryp bilmejek adamlary hem bolar. (Zebur 13:2). Bular ählisi imana bagly bolup durýär. (Ýewreýler 11:6)
English
Hudaý barlygy çynmy? Hudaý barlygyna nädip göz ýetirip bilerin?