Sorag
Hudaý näme üçin Köne ähtde diýseň tapawutly Täze ähtde bolşundan?
Jogap
Bu soragyň kalbynda Hudaýyň Köne Äht we Täze Ähtde nämeler aýan edýändigi baradaky ýalňyş düşünme ýatýar. Bu ýönekeý oýlanmany beýan etmegiň başga bir ýoly şudur: “Köne Ähtiň Hudaýy, gazap Hudaýydyr, Täze Ähtiň Hudaýy, söýgi Hudaýydyr.” Mukaddes Kitabyň, Hudaýyň özüni taryhy wakalar we Hudaýyň olara gatnaşygy arkaly özüni bize progressiw aýat etmegidi fakty bize bu gümürtikligi düşünmäge kömek eder. Emma kimdir biri Köne we Täze ähtleriň ikisini hem okanda aslynda Hudaýyň tapawutsyzdygy äşgär bolýar.
Mysal üçin, Köne Ähtiň her ýerinde Hudaý, “hyjuwly we rehimlidir, aňsat gazaplanmaz, söýgi we wepalylyk bilen dolup-daşýar” diýip ykrar edilýär (Müsürden çykyş 34:6; Çölde 14:18; Kanun taglymaty 4:31; Nehemiýa 9:17; zebur 86:5; 108:4; Ýoel 2:13). Ýene-de Täze ähtde, Hudaýyň söýgüli, ýakymly we rehimli tebigaty has hem aýdyň äşgär edilýär (Ýahýa 3:16). Köne Ähtde hem biz, Hudaýyň Ysraýyl bilen şeýle gatnaşykda bolup gelendigini görýäris, söýgüli kakanyň çagasyna çemelişişi ýaly. Haçan-da Ysraýyllylar öz erki bilen Oňa garşy günä edenlerinde we başga butlara çokunmaga başlanda Hudaý olary azarlaýardy. Şonda-da, olar her toba edenlerinde Hudaý olary tämizleýärdi. Bu çemeleşme Hudaýyň Täze Ähtde Mesihilere bolan çemeleşmesi bilen birdir. Mysal üçin Ybranylara 12:6 bize şeýle diýýär: “Hudaý, öz söýýänlerini terbiýeleýär we Ogluny kabul eden herkimi aklaýar.”
Şol bir ýol bilen, Köne Ähtiň her ýerinde biz Hudaýyň sud etmesini we günäniň üstüne gazap etmesini görýäris. Birmeňzeşlikde, Täze Ähtde hem Hudaýyň gazabynyň “jennetden, ähli Hudaýsyz we hakykaty örten ýaman ýürekli adamlara dökülýändigini” görýäris (Rimliler 1:18). Şeýlelikde, Hudaýyň Köne Ähtde, Täze Ähtdäki bolşundan tapawutsuzdygy äşgärdir. Hudaý, tebigaty zerarly üýtgewsizdir. Biz Mukaddes ýazgylardaky käbir parçalarda Onuň tebigatynyň bir tarapyny beýleki tarapyndan has köp görýän bolup bileris emma Hudaý özi üýtgewsizdir.
Mukaddes Kitaby okaýarkak we öwrenýärkäk şu fakt äşgär bolýar: Köne we Täze Ähtlerdäki Hudaý, birdir. Mukaddes Kitap, 2 (belkäm 3) aýry kontinentde, 3 aýry dilde, 1500 ýyl dowamynda 40 dürli awtor tarapyndan ýazlan 66 aýry kitapçadan ybarat hem bolsa, bu kitap başdan-soňra, hiç bir gapma-garşylyksyz bir bütewi kitap bolup galýar. Bu kitapda biz, Hudaýyň günäli adamlar bilen her dürli ýagdaýda nähili çemeleşýändigini görýäris. Hakykatdan hem, Mukaddes Kitap, Hudaýyň adamzada bolan söýgi hatydyr. Hudaýyň öz mahluklaryna, esasan hem adamzada, bolan söýgüsi Mukaddes Ýazgylaryň her ýerinde äşgärdir. Tutuş Mukaddes Kitap boýunça biz, Hudaýyň, adamlary, söýgüli we rehimli çakylyk bilen özüne çagyrýandygyny görýäris, Onuň beýtme sebäbi adamlaryň muny hak etmegi däldir, tersine Hudaýyň merhemetli we rehimli bolmagydyr, gazaba islegsiz we söýgä-ýakymlylyga joşgunly bolmagydyr. Şol bir wagtyň özünde biz, Hudaýyň, oňa eýermediklere we oňa çokunmagy ret edenlere, tersine öz ýasan hudaýlaryna çokunanlara bolan mukaddes we adyl hökmüni görýäris (Rimlilere 1).
Hudaýyň dogruçyl we mukaddes häsiýeti zerarly, ähli günäler – geçmiş, häzirki we gelejek zamandaky – sud edilmelidir. Şonda-da, ummasyz söýgüsi zerarly Hudaý günäler üçin töleg we ýaraşyk üpjün etdi günäli adamzadyň Onuň gazabyndan gutulyp bilmegi üçin. Biz bu aňk ediji hakykaty 1 Ýahýa 4:10 ýaly aýatlarda görýäris: “Bu, söýgüdir: Hudaýy söýendigimiz üçin däl, Onuň bizi söýendigi we Ogluny günälerimize muzd hökmünde iberendigi üçindir.” Köne ähtde Hudaý, günäler üçin tölenip biljek gurbanlyk ulgamyny döretdi. Emma bu gurban etme ulgamy wagtlaýyndy, diňe Isa Mesihiň gelmeli wagtyna çenlidi. Köne Ähtde wada edilen Mesih, Täze Ähtde dolulygyna aýan edilendir. Diňe Köne Ähtde öňünden aýan edilen zat bolsa, Hudaýyň absolýut söýgüsiniň beýan edilmeginiň, Oglunyň iberilmeginiň Täze Ähtde doly şan bilen aýan edilmegidir. Iki Äht hem bizi “gutulyşa tarap has paýhasly” (2 Tim 3:15) etmek üçindir. Ähtnamalary içgin öwrenemizde şu ýagdaý äşgärdir: Hudaý, “özgerýän kölegeler ýaly üýtgeýän däldir” (Ýakup 1:17).
English
Hudaý näme üçin Köne ähtde diýseň tapawutly Täze ähtde bolşundan?