settings icon
share icon
Sorag

Mukaddes Ruha dil ýetirmek nämedir?

Jogap


“Mukaddes Ruha dil ýetirmek” konsepti, Mark 3:22-30 we Matta 12:22-32 aýatlarynda bellenip geçilýär. Isa edil şo wagt mugjyza amala aşyrypdy. Arwah-jyn tarapyndan eýelenen bir adam getirilipdi Isanyň ýanyna, Reb Isa, arwahy kowup çykarypdy we ol adamy körlük we lallykdan sagaldypdy. Bu wakanyň gözşaýatlary Isanyň, hakykatdanam garaşýan mesihidikleri barada oýlanmaga başlapdylar. Muny eşiden bir Fariseý grupbasy, märekäniň içindäki iman pyntyklaryny ýok etmek maksady bilen şeýle diýdi: “Bu adam arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul bilen kowup çykarýar” (Matta 12:24).

Isa, Fariseýleri, arwah-jynlary şeýtanyň güýji bilen kowup çykarmaýandygy barada käbir logiki argumentler bilen çüýretdi (Matta 12:25-29). Ondan soňra Ol Mukaddes Ruha dil ýetirmek barada gürrüň berdi: “Şonuň üçin size şuny diýýärin: ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetirenler bagyşlanmaz. 32Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz..”

Dil ýetirme diýlen adalga “kemsidiji sylagsyzlyk” diýlip kesgitlenip biliner. Bu adalga Hudaýy näletlemek ýa-da Hudaý barada meýilli kemsitme ýaly ýagdaýlara uýgulanyp biliner. Hudaýa Dil ýetirmek, haýsydyr bir ýamanlygy Hudaýa badaşdyrmak ýa-da oňa badaşdyrmaly ýagşylygymyzy oňa badaşdyrmazlykdyr hem. Matta 12:31-däki Hudaýa dil ýetirmek baradaky bu aýratyn ýagdaý welin Mukaddes Ruha dil ýetirmekdir. Isa Mesihiň Mukaddes Ruh güýji bilen mugjyzalar amala aşyrýandygyna şaýat bolan Fariseýler Reb Isa Mesihiň arwahlar tarapyndan ele geçirlendigini öňe sürüpdi (Matta 12:24). Markos 3:30-da Fariseýleriň Mukaddes Ruha dil ýetirmek ýazygyny edendiklerini Isa Mesihiň belläp geçýändigini hem ýadyňyzda saklaň: “Isa muny: «Ol – arwah-jynly» diýenleri üçin aýtdy.”

Mukaddes Ruha dil ýetirmek, Isa Mesihiň Mukaddes Ruh bilen doldurylandygyny aýtmak ýerine arwahlar tarapyndan ele geçirilendigini aýtmakdyr. Dil ýetirmegiň bu görnüşi bugün gaýtalanyp bilmez. Fariseýler taryhda taýsyz bir pursatdadylar: Kanun we Pygamberler bardy olar bilen bile, olaryň ýüregine kakýan Mukaddes Ruh bardy olar bilen bile, olaryň huzurynda duran Hudaýyň ogly bardy we Onuň amala aşyran mugjyzalaryna tomaşa etdiler. O pursatdan owal ýa-da soňra adamlara hiç wagt bu dereje köp ylahy aýdyňlyk üpjün edilmedi; Isanyň kimdigini tanap biljek birileri bar bolsa o birileri Fariseýlerdi. Olar şonda-da boýun bolmazlygy saýladylar. Olar Mukaddes Ruhuň amallaryny bilgeşleýin arwahlara badaşdyrdylar, hakykaty bilendiklerine we subutnamalary bar bolandygyna garamazdan. Isa olaryň erkana körlügini bagyşlanyp bolmajak diýip ykrar etdi. Mukaddes Ruha dil ýetirmeleri Hudaýyň merhemetini ret etmekleridi. Olar öz ýoluny saýladylar we Hudaý olary garşy goýulmaz heläkçilige uçratdy.

Isa öňündäki mähellä Fariseýleriň dil ýetirmeginiň “Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmajakdygyny” aýtdy (Matta 12:32). Bu, olaryň günäsiniň asla bagyşlanmajakdygyny aýtmagyň başga bir ýoludyr, asla. Şu wagt däl, ebediýetde däl. Mark 3:29-yň diýşi ýaly, “Bu ebedilik günädir.”

Fariseýleriň Isa Mesihi açykça ret etmegi ( we Hudaýyň olary ret etmegi) dowamyndaky bapda görünnýär. Ilkinji gezek Isa olara “köp zatlary tymsallar bilen gürrüň berdi” (Matta 13:3; Mark 4:2). Şägirtler Isanyň öwretme usulynyň çalyşmagyna geň galypdylar we Isa tymsallary ulanmagyny olara düşündirdi: “Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. 12Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 13Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler” (Matta 13:11-13). Isa hakykatyň üstüni tymsallar we metaforalar bilen açmaga başlady Ýehudy baştutanlaryň ony resmi ýazgarmagyndan soňra.

Mukaddes Ruha dil ýetirmek bugün gaýtalanyp bilmez, käbirleriniň synanyşýandygyna garamazdan. Isa Mesih häzir ýerýüzünde däl – Ol, Hudaýyň sag elinde oturýar. Hiç kim Isanyň mugjyza amala aşyrmagyna şaýatlyk edip bilmez indi we ol mugjyzawy güýji Mukadds Ruh ýerine Şeýtana badaşdyryp bilmez.

Häzirki döwrüň bagyşlanmaz günäsi dowamly ynamsyzlykdyr. Mukaddes Ruh häzir halas edilmedik günäniň, dürüstligiň we hökmüň dünýäsine iş kesýär (Ýahýa 16:8). O hökme garşy çykmak we toba etmezlige dowam etmek, Mukaddes Ruha dil ýetirmekdir. Bu döwürde-de geljek döwürde-de munuň bagyşlanmasy ýokdur, Mukaddes ruhuň eden jarnamalaryny ret eden adamyň imansyzlykda ölýändigi üçin. Hudaýyň söýgüsi äşgärdir: “Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi” (Ýohanna 3:16). Saýlawyň netijesi bellidir: “Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar” (Ýohanna 3:36).

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mukaddes Ruha dil ýetirmek nämedir?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries