settings icon
share icon
Sorag

Hudaýa mahsus zatlar nämeler? Hudaý nähili barlyk?

Jogap


Bu sowala jogap bermäge synanyşmagymyzyň gowy tarapa Hudaý hakda bilinip bilinjek zatlar gaty köpdür. Bulary barlamak we tassyklamak isleýänler üçin ilki doly okamak ondan soňra gaýtadan okap barlamak has peýdaly bolup biler. Mukaddes ýazgylardan salgylanmalar diýseň möhümdir sebäbi Mukaddes kitabyň awtoriteti bolmazdan bu sözler köplenjine Hudaýa düşünmekde ýalňyşlyk bolan kimdir biriniň pikirinden (Eýýup 42:7) tapawutly bolmaz. Biz üçin Hudaýyň nähili barlykdygyna akyl ýetirmäge synanyşmak möhümdir diýmek hem ýeterlik däldir! Akyl ýetirip bilmezlik bizi ýalňyş Hudaýlar orta çykarmaga, olara eýermäge we olara ybadat etmäge elter (Müsürden çykyş 20:3-5).

Diňe Hudaý özi barada aýan etmäge karar beren zatlary bilinip biliner. Hudaýa mahsus häsiýetleriň ýa-da ýokary hilliligiň biri hem “yşykdyr”, bu diýmek ol özi baradaky maglumatlary özi aýan edýändir (Işaýa 60:19, Ýakup 1:17). Hudaýyň özi barada maglumat aýan etmegi ýok saýylmaly däldir, goý degme ählimiz onuň dynçlyk mekanyna girip bileliň (Ýewreýlere 4:1). Ýaradylan zatlar, Ynsan bolan Söz (Isa mesih) bize Hudaýyň nähili barlykdygyna düşünmäge kömek eder.

Hudaý biziň Ýaradyjymyzdygyna we biz onuň ýaradan zatlarynyň bir parçasydygymyza (Gelip Çykyş 1:1, 23:1) düşünmek bilen başlalyň gürrüňe. Hudaý adamy öz keşbinde ýaradandygyny aýdýar. Adam ýaradadylan beýleki zatlardan ýokardadyr we olaryň üstünden höküm etmek bagyş edilendir adama (Gelip Çykyş 1:26-28). Adamzat günä duçar bolmagy bilen bozulandyr emma Hudaý ýene-de öz işlerinden yşarat berýändir (Gelip çykyş 3:17-18; Rimlilere 1:19-20). Ýaradylan zatlaryň çylşyrymlylygyna, gözelligine, ussatlygyna we nobatyna seredip biz Hudaýyň ajaýyplygyny duýup bileris.

Hudaýyň atlaryndan käbirini okamak Hudaý nähili barlykdygyna düşünmegimize kömek edip biler. Atlar aşakda görkezilişi ýalydyr:

Elohim: Güýçli biri, ylahy (Gelip Çykyş 1:1)
Adonaý: Hökümdar, hyzmatkär-hojaýyn gatnaşygynda hojaýyny aňladar (Müsürden çykyş 4:10, 13)
El Elýon: Iň beýik, iň güýçli (Gelip çykyş 14:20)
El Roý: [ähli zady] görýän güýçli biri
El Şaddai: Ähli zada kadyr (ähli zady başarýan) Hudaý (Gelip çykyş 17:1)
El Olam: Ebedi Hudaý (Işaýa 40:28)
Ýahweh: Hökümdar Mendirin, ebedi bar bolan Hudaýy aňladýar (Gelip çykyş 3:13, 14)

Biz Hudaýa mahsus häsiýetlere göz ýetirmek bilen dowam edeliň. Hudaý ebedidir, bu diýmek onuň başlangyjy ýok we onuň barlygy asla togtamaz. Ol ölümsizdir, soňsuzdyr (Kanun taglymaty 33:27; Zebur 89:2; 1 Timoteos 1:17). Hudaý üýtgewsizdir,bu diýmek Ol üýtgedilip bilinmez, bu-da diýmek Hudaý dolulygyna ygtybarly we ynamdar (Malaky 3:6; Çölde 23:19; Zebur 101:26, 27). Hudaý deňsiz-taýsyzdyr, bu diýmek oňa Meňzeş ýokdur işlerinde hem tebigatynda hem. Onuň deňi bolup bilmez we ol kämildir (2 Şamuwel 7:22; Zebur 85:8; Işaýa 40:25; Matta 5:48). Hudaýa akyl ýetirilip bilinmez, bu diýmek Oňa akyl ýetirip bilmeris, agtarylyp bilinmez, onuň derejesi aňymyza sygmaz. (Işaýa 40:28; Zebur 144:3; Rimlilere 11:33, 34).

Hudaý adyldyr, bu diýmek ol belli adamlaryň tarapyny tutmaz, ýakyn bolmaz (Kanun taglymaty 32:4; Zebur 17:31). Hudaý ähli zada kadyrdyr, bu diýmek ol ähli zady başarýar, ähli zada güýji ýetýär. Özüne göwnejaý islendik zady edip biler emma onuň etmişleri onuň beýleki häsiýetlerine gabat gelýän bolar (Aýanlyk 19:6; Ýermeýa 32:17,27). Hudaý ähli ýerdedir, bu diýmek ol ähli ýerde ähli wagtda bardyr we bu diýmek däldir Hudaý ähli zatdyr (Zebur 138:7-13; Ýermeýa 23:23). Hudaý ähli zady bilýändir, bu diýmek ol geçmişi, geljegi we häzirki zamany, hat-da biziň näme pikir edýänimizi hem bilýändir ol ähli zady bilýändigi üçin. Onuň adalaty hemişe adyllyk bilen bolar (Zebur 138:1-5, Süleýmanyň pähimleri 5:21).

Hudaý birdir, bu diýmek ondan başga ýokdur we şol bir wagt-da ol ýeke bolsa-da ol biziň ýüregimiziň çuňluklary üçin ýeterlikdir we diňe we diňe ol biziň ybadatlarymyza laýykdyr (Kanun taglymaty 6:4). Hudaý hakdyr, bu diýmek Hudaý nähak zat etmez; bu onuň adyllygyndan, günälerimiziň bagyşlanmagyndandyr. Isa mesih haça çüýlenende Hudaýyň hökmi netijesinde günälerimiz oňa ýüklenende Hudaýyň hökmini başdan geçirdi (Müsürden çykyş 9:27; Matta 27:45-46; Rimlilere 3:21-26).

Hudaý özbaşdakdyr, garaşsyzdyr, bu diýmek ol ähli zatdan ýokardadyr. Onuň ýaradan ähli zady, bilip ýa-da bilmän, bileleşse hem Hudaýyň maksadyna böwet bolup bilmez (Zebur 92:1; 94:3; Ýermeýa 23:20). Hudaý ruhdyr, bu diýmek ol göze görünmez (Ýahýa 1:18; 4:24). Hudaý üçbirlikdir, bu diýmek ol üç aýry şahsyýet-de birdir, barlykda deňdir, şöhratda we güýç-de deňdir. Üns berilmeli zat ol ‘ady’ belläp geçen ilkinji ýazgydaky sözlem birlik ýöňkemededir bu at 3 aýry şahsa, Ata, Huday we Ruh, degişli hem bolsa (Matta 28:19; Mark 1:9-11). Hudaý hakykatdyr bu diýmek ol özi bilen kybapdaşdyr, Ol üýtgewsiz bolup galar we aldap bilmez (Zebur 116:2; 1 Şamuwel 15:29)

Hudaý mukaddesdir, bu diýmek ol ähli ahlak bozuklyklaryndan aýratyndyr we bulara garşydyr. Hudaý ähli erbetlikleri görýändir we bu ony gaharlandyrýandyr; ýazgylarda o:t mukaddes sözi bilen bile agzalyp geçilýändir (Işaýa 6:3; Habakuk 1:12; Müsürden çykyş 3:2,4,5; Ýewreýlere 12:29).

Hudaý rehimlidir, bu onuň gowulygyny, rehmini we söýgüsini öz içine alýar. Eger-de Hudaýyň rehmi bolmasady onda onuň galan häsiýetleri bizi ondan aýyrardy. Hudaýa şükür bu beýle däl ol biziň herimizi bilmegi üçin (Müsürden çykyş 34:6; Zebur 30:20; 1 Petrus 1:3; Ýohanna 3:16; 17:3).

Bu ýazgymyz Hudaý nähilidi baradaky sowala jogap bermäge bolan kiçigöwünli synanşygymyzdyr. Ol hakda gözlemäge dowam ediň (Ýermeýa 29:13)

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Hudaýa mahsus zatlar nämeler? Hudaý nähili barlyk?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries