Sorag
Hudaýyň durmuşym hakdaky islegini nädip bilip bilerin?
Jogap
Hudaýyň islegini bilmek möhümdir. Isa Mesih hakyky garyndaşlary Ata Hudaýy bilýänler we onuň islegini ýerine ýetirýänlerdigini aýdan: “Hudaýyň islegini KIM berjaý etse şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir” (Mark 3:35). 2 ogully tymsal-da Isa mesih baş ruhanyny we beýlekileri Ata Hudaýyň islegini bilmändikleri üçin azarlaýar, esasanam olar “ökünmändikleri we ynanmandyklary” (Matta 21:32) üçin. Ýönekeý alynanda Hudaýyň islegi toba etmegimiz we Mesihe ynanmagymyz. Ilkinji ädimi ätmedik bolsak onda entek biz Hudaýyň islegine boýun bolmandyrys.
Mesihe iman edenimiz-de biz Hudaýyň çagasy bolýas (Ýohanna 1:12) we Ol bizi öz ýolundan ýöretmek isleýär (Zebur 142:8). Hudaý bizden islegini gizlejek bolanok, gaýtam aýan etmek isleýär. Ol eýýäm bize birnäçe islegini aýtdy öz Sözünde.Biz “her ýagdaýa şükür etmeli, Çünki bular Hudaýyň islegidir”(1 Salonikliler 5:18). Biz gowy amallar etmelidir (1 Petrus 2:15) we “Hudaýyň islegidir mukaddes bolmagymyz: zyna etmezligimiz” (1 Salonikliler 4:3).
Hudaýyň sözi bilinip bilinýändir we subut edilip bilinýändir. Rimliler 12:2 şeýle diýýär: “Bu dünýäniň ýörgünlerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.” Bu parça bize möhüm maglumat berýär: Hudaýyň perzendi dünýä uýgunlaşmagy iňkär edýär we özüni Mukaddes Ruh tarapyndan özgerdilmegine tabşyrýar. Onuň aňy Hudaýyň düzgünlerine görä täzelenendigi üçin ol indi Hudaýyň islegini bilip biler.
Hudaýyň islegini agtarýarkak gözden geçirýän zatlarymyz Mukaddes Kitabyň gadagan eden zatlary däldigini anyk bilmegimiz gerek. Mysal üçin Hudaý ogurlamagy gadagan edýär, Hudaý bu babat-da aç-açan aýdandygy sebäpli biz anyk bilýäs bank talaňçysy bolmagymyz onuň islegi däl – bu babat-da dileg etmegimizem gerek däl. Mundanam başga, gözden geçirýän zatlarymyz Hudaýy şöhratlandyrýandygy we başgalary ösüşe iterýändigi barada hem oýlanmalydyrys.
Hudaýyň islegini bilmek kyndyr sebäbi munuň üçin sabyrlylyk gerekdir. Hudaýyň islegleriniň ählisini birbada bilmek islemek tebigydyr emma bu onuň amal edýän zady däldir. Ol bize her gezek imanyň bir ädimini aýan edýär we biz oňa ynanmagymyzy isleýär. Indiki ýol görkezmelere garaşýançak dogry zatlardygyny bilýän zatlarymyz bilen meşgullanmak möhümdir (Ýakup 4:17).
Käte bir Hudaý bize nirede işlemelidigimiz, nirede ýaşamalydygmyz, kim bilen durmuş gurmalydygmyz we ş.m barada anyk bir zat aýtmagyny isleýäs. Ol bize saýlawlary berýär, eger biz oňa ymtylýan bolsak onda Ol ýalňyş saýlawlaryp öňüni almagy üçin birnäçe ýoly bardyr (Resullar 16:6-7-ä seret).
Adama öwrenişdikçe onuň isleglerini has ýakyndan bilýäs. Meselem, kiçi çaga köp adamly köçä düşen topuny agtaryp biler ol köçeden ilki bada emma soňralary ol beýtmez sebäbi bilýändir “kakasynyň muny islemeýändigini.” Oňa her bir ýagdaý-da kakasyndan maslahat soramagy zerur däldir; ol kakasynyň näme diýjekdigini bilýändir sebäbi ol kakasyny [gowy] tanaýandyr. Hudaý bilen gatnaşyk babat-da hem edil şeýle. Hudaý bilen onuň Sözüne eýerip we onuň Ruhuna bil baglap bile ýöredikçe biz özümize Mesihiň aňy berilendigini göreris (1 Korintoslylyar 2:!6). Biz ony tanaýas we bu bize onuň islegini bilmek-de kömek edýär. Hudaýyň ýol görkezmesi bize eýýäm elýeterdir. “Sadyk adamyň dogrulygy onuň ýoluny gönelder. Erbetler bolsa öz erbetligi zerarly ýykylar” (Süleýmanyň pähimleri 11:4).
Biz ýürekden Hudaýa eýersek we onuň isleglerini öz durmuşymyz üçin isleýän bolsak onda Hudaý öz isleglerini ýüregimize guýar. Esasy zat Hudaýyň islemegi, biziň däl. “Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder” (Zebur 36:4).
English
Hudaýyň durmuşym hakdaky islegini nädip bilip bilerin? Hudaýyň islegini bilmek barada Mukaddes Kitap näme diýýär?