Sorag
Hudaýyň özbaşdaklygy we adamzadyň erkana erki bilelikde nähili işleýär gutulyşda?
Jogap
Hudaýyň özbaşdaklygy we adamzadyň erkana erki we jogapkärçiligi arasyndaky gatnaşyga dolulygyna akyl ýetirmegimiz mümkin däldir. Hudaýyň gutulyş üçin meýilnamasynda olaryň nähili hereket edýändigini diňe Hudaýyň özi dolulygyna bilýär. Beýleki meseleler bir ýana, megerem şu taglymatda biziň Hudaýyň tebigatyna we onuň bilen gatnaşygymyza doly akyl ýetirme ukybymyzyň ýokdugyny kabul etmek möhüm bolsa gerek. Islendik tarapa aşa gitmek gutulyş barada ýoýulmyş düşünjä eltýär.
Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň kimleriň halas boljakdygyny bilýändigi barasynda jikme-jikdir (Rim 8:29; 1 Petrus 1:2). Efes 1:4 bize Hudaýyň bizi “älemi esaslandyrmazdan owal” seçendigini aýdýar. Mukaddes kitap imanlylaryň “saýlantgy”dygyny tekrar-tekrar aýdýar(Rim 8:33; Efes 1:11; Kolos 3:12; 1 Sal 1:4; 1 Petrus 1:2; 2:9). Mukaddes kitap imanlylaryň wezipä “seçilendigini” hem aýdýar (Matta 24:22, 31; Mark 13:20, 27; Rim 11:7; 1 Tim 2:10; titus 1:1; 1 Petr 1:1). Iman edenleriň ykbalynyň owaldan kesgitlenendigi (Rim 8:29-30; Efes 1:5, 11) we olaryň gutulyş üçin wezipä seçilendigi (Rim 9:11; 11:28; 2 Petr 1:10) jikme-jik bellidir.
Mukaddes Kitap biziň Mesihi halasgär hökmünde kabul etmelidigimizi hem aýdýar – etmeli bar zadymyz Isa mesihe ynanmakdyr, ondan soňra halas bolarys (Ýahýa 3:16; Rim 10:9-10). Hudaý bilýär kimleriň halas boljakdygyny, Hudaý saýlaýar kimleriň halas boljakdygyny we gutulmak üçin biz Mesihi saýlamalydyrys. Bu faktlaryň nähili bilelikde hereket edýändigine düşünmek çäkli akyl üçin mümkin däldir (Rim 11:33-36). Biziň güzabymyz Hoş habary tutuş dünýä ýaýmakdyr (Matta 28:18-20; Res 1:8). Öňden-bilineni, seçimi we öň-ykbaly Hudaýa goýmalydyrys we hoş habary paýlaşmakda Hudaýa boýun bolmalydyrys.
English
Hudaýyň özbaşdaklygy we adamzadyň erkana erki bilelikde nähili işleýär gutulyşda?