settings icon
share icon
Sorag

Ölümi we direlişi arasyndaka Isa dowzaha gitdimi?

Jogap


Bu sorag barada diýseň köp garyşyklyk bardyr. Isanyň, Haçdaky ölüminden soňra dowzaha gidendigi düşünjesi Resullar ygtykadyndan gelmekdedir, ol ygtykat şeýle diýýär: “Ol, dowzaha beýgeldi.” Terjime edilişine baglylykda, Isany dowzaha giden diýip suratlandyrýan birnäçe Elýazmalar hem bar. Bu meseläni öwrenýärkäk, ilki bilen ölüler mesgeni barada Mukaddes Kitabyň näme diýýändigini öwrenmek gerek.

Ýehudy Elýazgylarynda ölüler mesgenini suratlandyrmak üçin ulanylan söz sheol sözüdir. Sheol, “ölüleriň mesgeni” ýa-da “terk eden ruhlaryň orny” diýmek. Sheol sözüniň, Täze ähtdäki Grekçedäki paýdeňi hades sözüdir, o söz hem “ölüleriň mesgeni” diýmekdir. Täze ähtdäki beýleki ýazgylar sheol/hades sözleriniň, ruhlaryň, ahyrky höküm gününe çenli garaşdyrylýan wagtlaýyn ýeridigini görkezýär. Aýanlyk 20:11-15 ot derýasy we hades arasyndaky tapawudy açykça görkezýär. Ot derýasy, hökmedilenler üçin hemişelik we jemleýji orundyr. Diýmek, Hades wagtlaýyn orundyr. Köp adamlar bularyň ikisine-de “dowzah” diýip ýülenýär we bu ýagdaý, gümürtikligi emele getirýär. Ölüminden soňra Isa, gynama ýerine gitmedi emma Hadese gitdi.

Sheol/Hades 2 diwiziýaly diýardyr – ýalkanma bölümi we hökmedilme bölümi (Matta 11:23; 16:18; Luka 10:15; 16:23; Res 2:27-31). Gutulanlaryň we hökmedilenleriň ikisiniň hem mesgenine “hades” diýilýär Mukaddes Kitapda. Gutulanlaryň mesgenine “Ybraýymyň ýany” hem diýilýär Luka 16:22-de we Luka 23:43-de “jennet” diýilýär.

Gutulmadyklaryň ornyna “dowzah” diýilýär Luka 16:23-de. Gutulanlar we gutulmadyklar arasyndaky çäge “äpet uçut” diýilýär (Luka 16:26). Isa ölen10de, Sheol-yň ýalkanan tarapyna gitdi we imanlylary özi bilen jennete äkitdi (Efeslilere 4:8-10). Sheol-yň hökmedilenler tarapy asla özgermedi. Ölenleriň ählisi ahyrky höküm gününe çenli o ýerde garaşýar. Isa Sheol-a/Hades-e gitdimi? Hawa, Efeslilere 4:8-10-a we 1 Petrus 3:18-20-ä görä.

Bu baradaky käbir gümürtiklikler, Zebur 16:10-11 aýatlarynyň käbir üýtgeşik terjimelerinden ýüze çykýar.

Käbirleri, biziň etmişlerimiz üçin has köp jeza çekmegi üçin Isanyň “dowzaha” ýa-da “sheol/hades-iň” ejir çekme tarapynda gidendigi pikirine eýedir. Bu pikiriň Mukaddes Kitapdan esasy ýokdyr. Etmişlerimiziň öwrezini dolan, Isanyň haçdaky ölümidir. Onuň dökülen ganydyr bizi günälerden tämizlän (1 Ýahýa 1:7-9). Haçda asylgyka Ol, tutuş adamzadyň günä güzabyny öz üstüne aldy. Ol, biziň üçin günä boldy: “” Bu, günä hasaplamasy bize, Mesihiň, haçda üstüne dökülen bir käse günä bilen Gethsemane bagyndaky göreşini düşünmäge ýardam berýär.

Ölüme ýakynlaşmak bilen Isa, “tamamlandy” diýdi (Ýahýa 19:30). Biziň ýerimize ejir çekmesi tamamlanypdy. Onuň ruhy hades-e (ölüleriň ornuna) gitdi. Isa “dowzaha” ýa-da hades-iň görgi tarapyna gitmedi; Ol, “Ybraýymyň ýanyna gitdi ýa-da ýalkanma tarapyna gitdi. Isanyň çeken görgüsi, ol ölen badyna tamamlandy. Günälerimiz üçin muzd tölenipdi. Ondan soňra Ol, bedeni direlişini we şöhrata dolanyşyny garaşýardy. Isa dowzaha gitdimi? Ýok. Isa, sheol-a/hades-e gitdimi? Hawa.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Ölümi we direlişi arasyndaka Isa dowzaha gitdimi?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries