Sorag
Isa çyndanam ýaşap geçdimi? Isa Mesih barada taryhy delil barmy?
Jogap
Adatça, bu soragy soraýan kişiniň gözöňünde tutýan soragy şudyr: “Mukaddes Kitapdan daşary.” Mukaddes Kitabyň, Isanyň taryhylygy barada delil bolup bilmejekdigi pikirine goşulamzok. Täze Äht kitaby Isa Mesih barada ýüzlerçe referansy öz içine alýar. Injilleriň ýazylma senesini B.E. II asryna gabat getirýänler bar, Isanyň ölüminden 100 ýyl soňrasyna. Ýagdaý şeýle bolaýsady hem (biz muny iňkär edýäris), gadymy eýýäm gözöňünde tutulanda, wakadan soňraky 200 ýyl içinde hasaba alnan ýazgylar ygtybarly hasaplanýar. Mundanam daşary, alymlaryň aglabasy (Mesihi we Gaýry-Mesihi), Pawlosyň hatlarynyň (iň azyndan käbirleriniň) Pawlos tarapyndan B.E. I asrynyň ortalarynda, Isanyň ölüminden soňraky 40 ýyl dowamynda, ýazylandygy bilen ylalaşar. Gadymy elýazgylar delili gözöňünde tutulanda, bu ýazgylar, B.E. I asrynda Ysraýylda Isa atly bir adamyň ýaşap geçendigi barada adatdan daşary bir subutdyr.
B.E. 70-nji ýylynda Rimlileriň Ierusalime çozandygyny we Ysraýylyň agalabasyny ýumrandygyny, ýaşaýjylaryny gyrandygyny belläp geçmek hem möhümdir. Şäherler tutuşlygyna ýakyldy. Şeýlelikde, Isanyň durmuşy baradaky delilleriň köpüsi ýok edilen bolsa hem geň galmaly däldiris. Isanyň gözşaýatlarynyň köpüsi megerem öldürilen bolardy o çozuşda. Bu faktlar, Isa baradaky beýanatlaryň gözşaýatlarynyň sanyny azaldan bolsa gerek.
Isanyň hereketiniň, Rim imperiýasyndaky ähmiýetsiz, kiçijik bir sebite gönügendigini gözöňünde tutsak, dünýewi taryhy çeşmelerden, Isa barada geň galdyryjy mukdarda maglumat toplap bileris. Isa baradaky käbir taryhy deliller şulardyr:
Gadymy dünýäniň iň ygtybarly taryhçylaryndan saýylýan I asyrdan Rimli Tasitus, Kaýsar Tiberiusyň hökmürowanlygy dowamynda Pontius Pilatus golastynda ejir çeken yrymçyl “Mesihileri” belläp geçýär. Imperator Hadrian-yň baş kätibi Suetonius hem Krestus (Mesih) atly bir adamyň I asyrda ýaşap geçendigini ýazga alan (Annals 15.44)
Flavious Josephus, iň meşhur Ýewreý taryhçydyr. Antiquities atly eserinde, ol, “Mesih diýlip tanalýan Isanyň dogany” Ýakup barada gürrüň berýär. Onuň bu eserinde jedelleşilýän bir aýat (18:3) bardyr, “Ine, şu wagtlarda Isa, paýhasly adam, eger oňa adam diýmek düzgüne laýyk bolsa. Onda iň geň galdyryjy amallar bardygy sebäpli... Ol, Mesihdi... Ol, olara 3-nji günde ýene diri bolup göründi, ylahy pygamberleriň öňünden muny we o baradaky müňlerçe täsin ýagdaýlary habar berişi ýaly.” Beýleki bir wersiýasy şeýle, “Ine, şu wagtlarda Isa atly paýhasly bir adam bardy. Onuň özüni alyp barşy gowudy we [ol] ussat hökmünde bilinýärdi. We Ýewreýleriň we beýleki halklaryň içinden köp adam onuň şägirdi boldy. Pilatus ony haça we ölüme hökmetdi. Emma oňa şägirtlige duranlar, şägirtligi bes taşlamady. Olar, Onuň [Isanyň] haçda ölmeginden üç gün soňra olara görnendigini we Onuň diridigini report etdiler; şeýlelikde, Ol, belkäm Mesihdi, pygamberleriň o barada täsinlikleri sanap geçen Mesihidi.”
Julius Africanus, Isanyň haçda ölmeginiň edil yzýany bilen çöken garaňkylyk baradaky çekeleşikde Thallus atly taryhçyny sitata edýär (Extant Writings, 18).
Pliny the Younger atly taryhçy, Letters 10:96-da, irki Mesihileriň, Isa Hudaý hökmünde çokunandyklaryny hem öz içine almak bilen, çokunma amalyýetlerini we diýseň ahlaklydyklaryny belläp geçýär, we ol söýgi baýramy we Soňky Şamlyk naharyny hem öz içine alýar belliklerinde.
Wawilon Talmudy (Sanhedrin 43a), Isanyň haçda, Pasha baýramy bosagasynda ölendigini we Isa ýöňkelen, jadygöýçülik we Ýehudy mürtetligini (dinden çykmak) höweslendirme amallary bilen meşgullanma aýyplamalaryny tassyklaýar.
Lucian of Samosata, Isanyň, Mesihiler tarapyndan çokunulandygyny, täze taglymatlar bilen tanyşdyrandygyny we olar üçin haça çüýlenendigini belläp geçen II asyr Grek ýazyjysydyr. Ol, Isanyň taglymatlarynyň, imanlylaryň doganlygy, iman etmegiň we beýleki hudaýlary ret etmegiň ähmiýetini öz içine alandygyny aýdýar. Mesihiler, Isanyň kanunlaryna görä ýaşaýardylar, özleriniň ölümlidigine ynanýardylar we ölüme tabyn bolmak, meýletin özüňi Hudaýa bagyş etmek we maddy bähbitleri terk etmek bilen suratlandyrylýardylar.
Mara Bar-Serapion, Isanyň, paýhasly we ahlakly adamdygyny, köpler tarapyndan Ysraýylyň şasy hasaplanandygyny, Ýewreýler tarapyndan ölüme iberilendigini we eýerijileriniň taglymatlarynda ýaşamaga dowam edendigini tassyklaýar.
Ondan soňra bolsa, Isany agzap geçýän Gnostik ýazgylar (Hakykat injili, Ýahýanyň Apokrifasy, Tomas Injili, Direliş barada dissertasiýa we ş.m.) bardyr.
Aslynda, biz Injili, irki gaýry-Mesihi çeşmelerden tas dolulygyna gaýtadan dikläp bileris: Isa, Mesih diýilýärdi (Josephus), “jady” amala aşyrdy, Ysraýyly täze taglymatlara eltdi we Iudea-da (Tasitus) Pasha baýramy öňýany olar üçin asyldy (Wawilon talmudy), emma özüniň Hudaýdygyny jar etdi we dolanjakdygyny jar etdi (Eliezar), bularyň ählisine oňa eýerijiler ynandy we ony Hudaý hökmünde görüp oňa çokundy (Pliny the Younger).
Isa Mesihiň çyndanam ýaşap geçendigi barada diýseň köp delil bardyr, dünýewi we Injili taryhyň ikisinde hem. Belkäm, Isanyň hakykatdan hem ýaşap geçendigi baradaky iň uly delil, 12 resuly hem öz içine alýan, B.E.-daky I asyrdaky, Isa Mesih üçin ömrüni bagyş etmäge taýyn bolan müňlerçe Mesihi şehitler bolsa gerek. Adamlar, çyndygyna ynanýan zatlary üçin janyny berip bilerler, ýalandygyny bilýän zady üçin welin hiç kim janyny bermez.
English
Isa çyndanam ýaşap geçdimi? Isa Mesih barada taryhy delil barmy?