Sorag
Isa mesih jennete barýan ýeke-täk ýolmy?
Jogap
Hawa, Isa mesih jennete barýan ýeke-täk ýoldyr. Mukaddes kitap bize Jennet üçin Isa mesihden başga ýol ýokdugyny öwredýär. Isa mesih özi Ýohanna 14:6-da “Ýol, Hakykat we Ýaşaýyş mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez” diýýär. Ol ýollardan biri däldir, ol ýeke-täk ýoldur. Hiç kim, şöhratyna, başarnygyna, bilimine ýa-da şahsy mukaddesligine seretmezden Hudaýa baryp bilmez Isa mesihden başga ýolda.
Isa Mesih birnäçe sebäp sebäpli jennete gidýän ýeke-täk ýoldur. Isa Mesih Hudaý tarapyndan halasgär bolmaga saýlanandyr (1 Petrus 2:4). Isa Mesih gökden gelip ýene göge dolanan ýeke-täk adamdyr (Ýohanna 3:13). Kämil bir durmuş ýaşan ýeke-täk adamdyr ol (Ýewreýlere 4:15). Günäniň öwezini dolup biljek ýeke-täk gurbanlykdyr ol (1 Ýohanna 2:2; Ýewreýlere 10:26). Ol kanunlary we pygamberlikleri berjaý edendir (Matta 5:17). Ölümi hemişelik ýeňen ýeke-täk adamdyr (Ýewreýlere 2:14-15). Ol Hudaý bilen adam arasyndaky ýeke-täk Töwellaçydyr (1 Timoteos 2:5). Ol Hudaý tarapyndan iň ýokary orna galdyrylan ýeke-täk adamdyr (Filiplilere 2:9).
Isa mesih özüniň jennete barýan ýeke-täk ýoldugy baada birnäçe ýerde aýdandyr Ýohanna 14:6-dan daşary. Ol özüni Matta 7:21-27-de imanyň guraly hökmünde görkezýär. Ol öz sözleriniň durmuşyň manysydygyny aýdýar (Ýohanna 6:63). Ol oňa ynananlar ebedi ýaşaýyşa ýetjekdigini aýdýar (Ýohanna 3:14-15). Ol goýunlar üçin gapydyr (Ýohanna 10:7); ol ýaşaýyş çöregidir (Ýohanna 6:35); we direlişdir (Ýohanna 11:25). Ondan başga hiç kim o titullara dalaş edip bilmez.
Resullaryň ybadaty Reb Isanyň ölümi we direlişi üstüne boldy. Petrus Sanhedrine ýüzlenip Isa mesihi Jennete barýan ýeke-täk ýol yglan etdi: “Ondan başga Halasgär ýokdur. Onuň ady bütin älemde adamzady halas edip bilýän ýeke-täk atdyr” (Resullar 4:12). Resul Pawlos Antiohdaky sinagoga ýüzlenip Isa mesihi ýeke-täk halasgär yglan etdi: “Şonuň üçin hem, eý doganlar, şuny bilip goýuň: biz size günäleriň Isa arkaly bagyşlanýandygyny yglan edýäris. Isa iman eden her bir adam Ol arkaly aklanýar” (Resullar 13:38-39). Ýohanna, Kiliselere ýazýarka Mesihiň adyny bagyşlanmagyň esasy başlangyjy edip görkezýär: “Eý, balalar, size ýazýaryn: Mesihiň hatyrasyna günäleriňiz bagyşlandy.” (1 Ýohanna 2:12). Diňe Isa mesih günäleri geçip biler, başga hiçkim.
Jennetdäki baky ýaşaýyş diňe Isa mesih arkaly elýeter edildi. Isa mesih “Baky ýaşaýy’ bolsa, seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr” diýip dileg etdi (Ýohanna 17:3). Hudaýyň mugt gutulyşyny kabul etmek üçin biz diňe we diňe Isa mesihe gönükmelidiris. Biz onuň haçdaky ölümi günämiziň muzdygyna we onuň direlişine iman etmelidiris. “Isa mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar” (Rimlilere 3:22).
Isanyň wezipesi dowamynda bir wagt-da adamlar ondan ýüz öwrüp başga bir halasgär gözläp başlapdylar. Isa mesih şägirtlerine “sizem başga ýere gitmek isleýäňizmi?”(Ýohanna 6:67) diýip sorapdy. Petrusyň jogaby edil şeýledi: “Agam, biz seni terk edip başga kime baraly? Baky Ýaşaýyş sözleri diňe Sende ahyryn. Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe ynanýarys we muny anyk bilýäris” (Ýohanna 6:68-69). Biziň ählimizem Petrusyň, baky ýaşaýyş diňe Isa mesihde bardygyna bolan imanyny paýlaşalyň.
Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.
English
Isa mesih jennete barýan ýeke-täk ýolmy?