Sorag
Ölemde jennete gitjekdigime nädip göz ýetirip bilerin?
Jogap
Ebedi ýaşaýyşyňyň bardygyna we öleniňde jennete gitjekdigiňe ynamly bolmak isleýäňmi? Hudaý bolmagyňy isleýär. Mukaddes kitap bize “Men muny size, Hudaýyň ogluna iman edenlere ýazdym. Şeýlelikde, şuny bilip goýuň: Hudaýyň Ogluna, iman eden sizde baky ýaşaýyş bardyr” (1 Ýohanna 5:13) diýýär. Edil şuwagt Hudaýyň öňünde dursyňyz diýip pikir ediň we Hudaý size sorady “Seni näme üçin jennete kabul edeýin?” Näme diýerdiňiz? Näme diýjekdigiňizi bilmän bilersiňiz. Bilmeli zadyňyz Hudaý bizi söýýär we ebedi durmuşda ýaşap bilmegimiz üçin bir ýol üpjün etdi. Mukaddes kitap bu barada şeýle diýýär: “Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.” (Ýohanna 3:16) diýýär.
Biz bizi jennetden aýra salýan problema düşünmeli. Problema ynha şu: biziň günäli tebigatymyz bizi Hudaý bilen gatnaşyk ýola goýmakdan saklaýar. Biz tebigy taýdanam, öz saýlawymyz bilen günälidiris. “Sebäbi hemmeler günä edip Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy” (Rimlilere 3:23). Biz özümizi halas edip bilmeris. “Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi. Hiçkim ynsan tagallasy bilen halas boldum diýip öwünmesin” (Efeslilere 2:8-9). Biz ölümi we dowzahy hak edýäris. “Çünki günäniň muzdy ölüm” (Rimliler 6:23).
Hudaý mukaddesdir we adyldyr we günäni jezalandyrmalydyr, şonda-da ol bizi söýýändir we geçirimliligini üpjün edendir. Isa mesih “Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiçkim atanyň ýanyna baryp bilmez” (Ýohanna 14:6) diýdi. Isa meish haç-da biz üçin öldi: “Isa Mesih bizi Hudaýa ýetirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsada günäkärler üçin öldi” (1 Petrus 3:18). Isa mesih ölümden direldildi: “Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.” (Rimlilere 4:25)
Soragyňyza gaýdyp gelsek – “Ölemde jennete gitjekdigime nädip ynamly bolup bilerin?” Jogap: Isa mesihe iman et we siz halas edilersiňiz (Ilçileriň işleri 16:31). “Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzendi bolmak hukugyny berdi.” (Ýohanna 1:12) Siz jenneti MUGT sowgat hökmünde gazanyp bilersiňiz. “Hudaýyň peşgeşi Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr” (Rimliler 6:23). Manyly durmuşa edil häzir başlap bilersiňiz. Isa mesih “Olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim” diýýär. Isa mesih “Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra ýene gelip sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz” diýip wada berendigi sebäpli sebäp ebediligi Isa Mesih bilen jennetde ýaşap bilersiňiz.
Eger-de Isa mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek isleseňiz ine onda size ýönekeýje dileg. Bu dilegi etmek diýmek siz öz gutulyşyňyz üçin Isa mesihe bil baglaýandygyňyzy Hudaýa ykrar etmekdir. Sözleriň gury özi sizi halas etmez, diňe Isa mesihe bolan iman gutulyşy üpjün eder! “Rebbim, Saňa garşy günä edendigimi we jezany hak edendigimi bilýärin. Emma oňa bolan Imanym arkaly bagyşlanyp bilmegim üçin Isa mesih jezamy özüne aldy. Ýardamyň bilen gutulyşyma bolan ynamymda saňa bil baglaýaryn. Soňsuz merhemetiň we geçirimliligiň-ebedi durmuşy sowgat berendigiň üçin saňa minnetdar! Amen!”
Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.
English
Ölemde jennete gitjekdigime nädip göz ýetirip bilerin?