settings icon
share icon
Sorag

Mesihi baptizmiň (çümdürilmek) ähmiýeti näme?

Jogap


Baptizm Isa Mesihiň kilise üçin görkezen 2 düzgüninden biridir. Göge galmazynyň öň ýany ol şeýle diýdi: “ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň (baptiz ediň). Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn diýdi” (Matta 28:19-20). Bu görkezmeler kilisäniň Isa mesihiň sözlerini öwretmekde, şägirtler edinmekde we olary suwa çümdürmek-de jogapkärdigini görkezýär. Bu işler ähli ýerde edilmeli (ähli milletler) ahyr zamana çenli. Başga sebäp ýok hem bolsa baptizm Isa mesih buýrandygy üçin ähmiýetlidir.

Baptizm kilise esaslandyrylmanka hem amala aşyrylýardy. Iudaistler/ýewreýler täze imanlylaryň tämizlenendiginiň alamaty hökmünde olary baptiz edýärdi (suwa çümdürýärdi). Çümdüriji Ýahýa (Baptist Ýahýa) Rebbiň ýoluny baptizm bilen açdy, hemmeleriň çümdürilmegini talap etdi, diňe bir gaýrymilletleriň däl sebäbi hemmeler toba etmegi gerekdi ýöne bir zat: Ýahýanyň baptizmi tobanyň alamatydy, Mesihi baptizmi bilen bir zat däldir. Mesihi baptizminiň has çuň manysy bardyr.

Baptizm Ata, ogul we Mukaddes Ruh ady bilen edilmelidir – Mesihi baptizmi şudyr. Bu düzgün arkaly bir adam kilise doganlygyna alynýandyr. Biz halas edilenimiz-de Mukaddes Ruh arkaly Isa mesihiň bedeni bolan kilisä çümdürilýäs. 1 Korintoslylar 12:14 şeýle diýýär: “Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.” Suwa çümdürilmek Mukaddes Ruh arkaly baptizmiň işjeňleşdirilmegidir.

Mesihi baptizmi bir adam şägirtligi we imany alandygyny alamatlandyrýar. Suwa çümdürilende bir adam, dili bilen bolmasa-da, şeýle diýýär: “men Isa Mesihe iman etdim. Isa Mesih meniň ruhumy arassalady günäden we indi meniň täze durmuşym bar.”

Mesihi baptizmi Isa mesihiň ölümini, direlişini we gömülişini suratlandyrýar. Şol bir wagt-da bu biziň ölümimizi we mesihdäki täze dogluşymyzy suratlandyrýar. Günäkär Isa mesih öňünde günäsini boýun almak bilen ol günä üçin indi öli bolýar (Rimliler 6:11) we tqze durmuşa başlaýar (Kolosiýalylar 2:12). Suwuň bir parçasy edilmek günä üçin ölendigiňi aňladýar, suwdan çykmak bolsa gutulyş bilen dowam edýän tämizlenen, mukaddes ýaşaýşy aňladýar. Rimliler 6:4 muny şeýle beýan edýär: “Hawa, biz suwa çümdüriliş arkaly Mesih bilen ölüp, jaýlandyk. Şoňa görä-de, Atanyň şöhratly gudraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi ýaly, biz hem täze ýaşaýşa eýe bolup bileris.”

Ýönekeý aýdanda, baptizm (suwa çümdüriliş) imanlynyň durmuşyndaky ägirt özgerişige şaýatlykdyr. Mesihi baptizmi gutulyşdan soňra Rebbe eýermekdir; baptizm gutulyşa ýakyndan dahylly edilýänem bolsa gutulyş üçin bu hökmany talap däldir. Mukaddes kitap düzgünleriň nobaty barada köp ýer-de söz açýar: 1) Reb Isa mesihe iman etmeli 2) çümdürilmeli (baptiz edilmeli). Bu nobat Resullar 2:41-de ýazylan: “onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi.”

Isa Mesihe täze iman eden mümkin boldukça çalt suwa çümdürilmelidir. Resullar 8-de Filip Efiopialy agta “Isa Mesih baradaky hoş habary” gürrüň berýär we “olar ýolda barýarka, bir suwly ýeriň üstünden geldiler. Agta “ine, bu ýer-de suw bar. Meniň çümdürilmegime näme päsgel berýär?”” diýlip soralýar. Olar şol ýer-de durýarlar we ony suwa çümdürýärler.

Baptizm imanlynyň Isa mesihiň ölümi, gömülişi we direlişi bilen bile kimligini orta goýýar. Hoş habaryň (injiliň) wagyz edilýän her ýerinde adamlar suwa çümdürilmelidir.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mesihi baptizmiň (çümdürilmek) ähmiýeti näme?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries