settings icon
share icon
Sorag

Mesihi desýatina (ondan-bir ýa-da 1/10) barada Mukaddes Kitap näme diýýär?

Jogap


Köp Mesihiler desýatina bilen düşünişmeýär. Käbir kiliseler-de muny bermek çişirilen. Köp Mesihiler Hudaýa hödür etmek baradaky Mukaddas Kitaba esaslanan gurbanlyklary bermegi hem inkär edýär. Desýatina/bagyş etmek ýalkanmak we şatlanmak niýetlidir. Gynansak-da häzir kiliseler-de käte beýle däl.

Desýatina Köne äht-de bar bolan konseptdir. Desýatina – bu, ýewreýler ýygnan hasylynyň we azygynyň 10-dan 1-ini Ybadathana bermegini talap eden kanundyr (Lewililer 27:30; Çölde 18:26; Kanun taglymaty 14:24; 2 Ýyl ýazgylary 31:5). Aslynda, köne äht birnäçe desýatina salgyt talap eden – Lewililer üçin biri, ybadathana we şagalaň/baýramçylyk üçin biri we garyplar üçin biri, munuň jemi ýygnalan hasyl we azygyň 23.3 göterimine deň bolar. Käbir adamlar Köne ähtiň desýatina salgydyny Lewileriň we ruhanylaryň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin bir salgyt ýoly hökmünde görýär.

Täze äht hiç bir ýerin-de Hristýanlara kanuny desýatina salgydyna boýun bolmak barada tabşyryk ýa-da maslahat berenok. Täze äht hiç bir ýerinde salgyt ýa-da başga şekil-de süýşürilmeli bir göterim mukdaryny kesgitlänok ýöne Köne äht süýşürintgiler ýagdaýa görä edilmelidigini aýdýar (1 Korintoslylar 16:2). Mesihi kiliseler-de käbirleri Köne ähtiň desýatina düzgünini ulanyp muny Mesihileriň sadakalaryndaky maslahat berilýän iň az (minimum) mukdar hökmünde görkezýär.

Täze äht haýyr-sahawat etmegiň ähmiýeti we peýdaly taraplary barada köp gürleýär. Başarşymyzça bermelididirs. Bu 10 göterimden köpem bolup biler, az hem. Bularyň ählisi Mesihi adamyň ukybyna, başarnygyna, berip biljek mukdaryna we Mesihiň Bedeni bolan kilisäniň zerurlyklaryna bagly. Her bir mesihi adam höwesjeňlik bilen Hudaýdan paýhas dilemelidir haýyr-sahawat desýatinasyna gatnaşmak-da ýa-da näçeräk bermelidiginde (Ýakup 1:5). Ählisinden ozal, her bir desýatina ýa-da sadakalar Hudaýa ýürekden ybadat etmek we Mesihiň Bedenine goşant goşmak niýeti bilen berilmelidir. “Göwünsizlik ýa-da mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr.” (2 Korintoslylar 9:7)

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mesihi desýatina (ondan-bir ýa-da 1/10) barada Mukaddes Kitap näme diýýär?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries