settings icon
share icon
Sorag

Mesihiler Köne ähte eýermegi hökmanymydyr?

Jogap


Bu sowala düşünmekdäki esasy zat: Köne äht Ysraýyl haklyna berilendir, mesihilere däl. Käbir kanunlar Ysraýyllylara Hudaýa nähili eýermelidigni we nädip Ony hoşal etmelidigini aýan etmek baradadyr (meselem 10 buýruk). Käbir kanunlar Ysraýyllylara nädip ybadat etmelidiklerini we günä üçin nädip gurbanlyk bermelidigini görkezmek üçindi (mes: gurbanlyk sistemasy). Käbir kanunlar Ysraýyllylary beýleki halklardan tapawutlandyrmak üçindi. Köne äht kanunlarynyň hiç biri Mesihilere kanun däldir häzir. Isa Mesih haç-da ölende ol Köne äht kanunlaryny ýatyrdy (Rimliler 10:4; Galatýalylar 3:23-25; Efesliler 2:15).

Köne äht kanunlaryna derek biz Mesihiň kanunlary astynda (Galatýalylar 6:2). Bu kanun “Rebbiňiz Hudaýy tutuş ýüregiňiz bilen söýmek we goňşyňy özüňi söýüşiň ýaly söýmekdir” (Matta 22:37-39). Ol iki buýruga boýun bolsak onda biz Mesihiň bizden talap edýän ähli zadyny berjaý edenimiz bolar: “Tutuş Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr” (Matta 22:40). Ýöne bular Köne äht häzire dahylsyzdyr diýmek däldir. Köne äht tabşyryklarynyň köpüsi “Rebbi söýmek” we “Goňşyňy söýmek” kategoriýasyna girýär. Köne äht Rebbi söýmek we goňşyňy söýmek babatynda gowy ýol görkeziji bolup biler. Şol bir wagtyň özünde Köne äht Mesihilere kanundyr diýmek nädogrudyr. Köne äht bir bütindir (Ýakup 2:10). Ýa-ha ählisi kanundyr ýa-da hiç biri hem däldir. Eger-de Mesih bularyň käbirlerini eden bolsa gurbanlyk ýaly, onda ol ählisini berjaý edendir.

“Hudaýy söýmek onuň Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir” (1 Ýohanna 5:3). 10 buýruk Köne ähtiň gysgaça beýanydyr. Bu 10 tabşyrygyň 9-sy Täze äht-de gaýtalanýar (Şabat gününden galanlary). Eger biz Hudaýy söýýän bolsak onda biz ýalan Hudaýlara ybadat etmeris ýa-da butlar öňünde baş egmeris. Goňşularymyzy söýýän bolsak olaryň ganhory bolmarys, olary aldamarys, olara garşy zyna etmeris ýa-da göz dikmeris olara degişli zatlara. Köne äht maksady adamlara kanunlara uýuň bilmezlik endigimizden aýyrmak we Isa Mesihe halasgär hökmünde zerurlygymyz bardygyna alamat bermek (Rimliler 7:7-9; Galatýalylar 3:24). Köne äht kanunlary hiç wagt Hudaý tarapyndan ähliumumy uniwersal kanun bolmaga niýetlenmändi. Biz Hudaýy we goňşymyzy söýmeli. Biz ol iki buýruga eýersek biz Hudaýyň bizden talap edýän ähli zadyny berjaý eden bolarys.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mesihiler Köne ähte eýermegi hökmanymydyr?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries