settings icon
share icon
Sorag

Mukaddes Ruh kimdir?

Jogap


Mukaddes Ruh kimligi barada ýalňyş bilinýän köp zat bardyr. Käbirleri Mukaddes Ruhy gizlin güýç hökmünde görýär. Başgalary Ony Hudaýyň imanlylara berýän güýji diýip düşünýär. Mukaddes Ruh ol barada nämeler aýdýar? Gysgaça aýdanda Mukaddes Kitap Mukaddes Ruh Hudaýdyr diýýär. Mukaddes Kitap bize onuň aöly, duýgyly we islegli ylahy şahsyýetdigini hem aýdýar.

Mukaddes Ruh hudaýdygy ýazgylaryň köp ýerinde aýdylýar, Resullar 5:3-4 hem şolardan biridir. BU aýatlar-da Resul Petrus Hanana näme üçin Mukaddes Ruhy aldandygyny soraýar we oňa “ynsanlary däl-de Hudaýy aldandygyny” aýdýar. Bu Mukaddes Ruha ýalan sözlemek Hudaýa ýalan sözlemekdiginiň aýdyň jarnamasy. Mukaddes Ruh Hudaýa mahsus häsiýetlere eýe bolmagyndanam bilýäs. Mysal üçin onuň ähli-ýerde barlygy Zebur 138:7-8-de hem görünýär: “Seniň Ruhuňdan nirä gideýin? Seniň Huzuryňdan nirä gaçaýyn? Göklere galsam, ol ýerde sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýer-de sen Bar!” 1 Korintoslylar 2:10-11-de biz Mukaddes Ruhuň ähli zady bilýändigini görýäs: “... Çünki Mukaddes Ruh ähli zada, Hudaýyň iň çuň pikirlerine-de düşünýändir.”

Mukaddes Ruhuň ylahy şahsyýetdigini onuň aň, duýgy we erk eýesidigindenem bilip bileris. Mukaddes Ruh pikirlenýär we bilýär (1 Korintoslylar 2:10). Mukaddes Ruh biziň üçin araçy bolýar (Rimliler 8:26-27). Isleglerine görä karar berýär (1 Korintoslylar 12:7-11). Mukaddes Ruh Hudaýdyr, üçbirligiň 3-nji şahsyýetidir. Hudaý hökmünde, Isa wada edişi ýaly ol dolulygyna araçy we maslahatçy bolup biler (Ýohanna 14:16, 26, 15:26).

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mukaddes Ruh kimdir?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries