Sorag
Mukaddes Kitap hakykatdanam Hudaýyň sözümi?
Jogap
Bu sowala bolan jogabymyz diňe bir Mukaddes kitaby nähili görýändigimizi we onuň durmuşymyza täsirini kesgitlemez, şol bir wagt-da bu bize hemişelik täsir edir. Eger-de Mukaddes kitap hakykatdanam Hudaýyň sözi bolsa onda biz muňa sarpa goýmaly, öwrenmeli, eýermeli we dolulygyna ynanmalydyr. Eger-de Mukaddes Kitap Hudaýyň sözi bolsa muny äsgermezlik Hudaýyň özüni äsgermezlikdir.
Hudaý bize Mukaddes kitaby bermeginiň özi onuň bize bolan söýgüsiniň görkezijisidir. Wahy sözüniň özi Hudaý biz bilen habarlaşandygyny we biz O bilen nähili ýagdaý-da dogry gatnaşygy sazlap biljekdigimizi aňladýar. Bular, eger-de Hudaý bize bulary Mukaddes Kitap-da aýan etmedik bolanlygynda bilip bilmejek zatlarymyzdyr. Hudaýyň Aýanlygy 1500 ýyl dowam edenem bolsa bu hemişe adam Hudaý bilen dogry gatnaşygy ýola goýmagy üçin gerekli bolan ähli maglumatlary öz içine alýardy. Eger-de Mukaddes kitap hakykatdanam Hudaýyň sözi bolsa onda bu iman, dini ybadat we ahlak meselesinde iň ýokary söze eýedir.
Biziň özümize soramaly soragymyz şudyr: “Biz nädip Mukaddes kitap hakykatdanam Hudaýyň sözüdigini we ýönekeýje bir gowy kitap däldigini anyklap bileris?” Mukaddes kitaby beýleki ýazylan ähli dini kitaplardan tapawutlandyrýan zat näme? Mukaddes kitap hakykatdanam Hudaýyň sözüdigine delil barmy? Beýle soraglar biz çynlakaý ýagdaý-da Mukaddes kitap çyndanam Hudaý sözüdigi, ylahy şekilde ylhamlandyrylandygy we iman we ybadat babatda ähli zada ýeterlikdigini anyklajak bolsa özümize bermeli soraglarymyzdandyr.
Mukaddes kitap Hudaýyň sözidigini aýdýandygy barada şüphe bolup bilmez. Bu Pawlosyň Timoteusa ýazan hatynda aýdyň görünýär: “Sen Mukaddes ýazgylary hem oglanlykdan bäri bilýänsiň. Bu ýazgylar Isa Mesihe bolan iman arkaly seni paýhasly edip, halas bolmagyň ýoluny görkezer. Mukaddes ýazgylaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş etmek, ýola getirmek we dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr. Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.” (2 Timoteos 3:15-17)
Mukaddes kitap hakykatdanam Hudaýyň sözüdigine Mukaddes kitabyň özündenem, daşardanam deliller bardyr. Mukaddes kitabyň içindäki deliller onuň ylahy gözbaşyna şaýatlyk edýän zatlardyr. Mukaddes kitabyň içindäki ilkinji delillerden biri munuň bütinligidir. Bu dolulygyna biri-birinden aýry, 3 aýry yklym-da, 3 aýry dilde, 1500 ýyl dowamynda 40 awtor tarapyndan ýazylan 66 özge kitap bolsa-da Mukaddes kitap başdan-aýak ýekeje gapma-garşylyksyz bir bütewi kitap bolup durýar. Bu bitewilik Mukaddes kitaby tapawutlandyrýan aýratynlykdyr we Hudaýdandygyna, Hudaý ýazyjylary özüniň her bir sözüni bolşy ýaly ýazga geçirmäge ruhlandyrandygyna delildir.
Mukaddes kitap Hudaýdandygyna Mukaddes kitap öz içinden görýän ýene bir delilimiz bolsa onuň sahypalaryndaky pygamberliklerdir. Mukaddes kitap, Ysraýyl hem biri bolmak bilen belli bir milletleriň geljegi barada, belli bir şäherleriň geljegi barada, adamzadyň geljegi barada we geljek bir Mesih boljak, diňe bir Ysraýylyň halasgäri bolman oňa ynanan her kimiň halasgäri boljak adam barada ýüzlerçe pygamberligi öz içine alýar. Beýleki dini kitaplarda gabat gelýän ýa-da Nostradamus tarapyndan aýdylan pygamberliklerden tapawutlylyk-da Mukaddes kitap pygamberlikleri dolulygyna suratlandyrylandyr we berjaý bolmadyk wagty ýokdyr. Diňe bir Isa mesih barada 300-den artyk pygamberlik bardyr Köne ähtiň özünde. Onuň diňe bir nirede doguljakdygy we haýsy maşgaladan geljekdigi suratlandyrylan däldir, eýsem onuň nähili öljekdigi we üçülenji günde direljekdigi hem aýdyň aýdylandyr. Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler Ylahy bir barlyk tarapyndan edilýändiginden başga muny düşündirmek üçin logiki hiç bir ýol ýokdur. Mukaddes kitap ýaly geljegi takyk şekil-de çak edýän başga bir dini kitap ýokdur.
3-nji bir içerki delil bolsa diňe Mukaddes kitapda bolan awtoritet we güýçdir. Bu delil beýleki ikisine garanda has subýektiw bolmagy mümkindir emma Mukaddes Kitabyň ylahy gelip çykyşyna şaýatlyk üçin birje kemi hemýýokdur. Ýazylan beýleki islendik bir kitapdan tapawutlylykda Mukaddes kitap-da diňe özünde bolan awtoritet bardyr. Bu güýç we awtoritet bu kitabyň tebigatdan daşary güýji bilen özgeren sansyz-sajaksyz adamlaryň durmuşy arkaly görünýär. Neşekeşler bu kitap bilen bejerilendir, gomoseksuallar bu kitap bilen azat edilendir, doňýürek jenaýatçylar bu bilen gaýtadan ýola getirilendir, günäkärler bu bilen pas edilendir we bu kitap bilen ýigrenç söýgä öwrülendir.Mukaddes Kitap diňe bir Hudaýyň güýji bilen mümkin özgerdiji güýje eýedir.
Mukaddes kitap Hudaýyň sözüdigine daşarky deliller hem bardyr. Bu delillerden biri hem Mukaddes kitabyň taryhylygydyr. Mukaddes kitap taryhy wakalary suratlandyrýandygy sebäpli munuň dogruçylyllygy we takyklygy hem beýleki taryhy dokumentler ýaly tassyklanmaga tabyndyr. Gazuw-agtaryş we beýleki golýazmalar esasynda Mukaddes Kitabyň taryhy hasabatynyň takykdygy we dogrydygy öwranlarça gezek subut edilendir. Aslynda, Mukaddes kitaby goldaýan ähli gazuw-agtaryş we golýazma deliller bu kitabyň Gadymy dünýäde iň gowy saklanan kitapdygyna şaýatlyk edýär. Mukaddes kitap taryhy wakalary takyk we dogry şekilde suratlandyrmagy munuň dogrulygyna we Hudaýdandygy baradaky yglanyna güwa geçýär.
Mukaddes kitabyň Hudaýdandygy baradaky başga bir daşarky delil bolsa ynsan ýazyjylaryň bütinligidir. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, Hudaý durmuşyň düri gatlagyndan bolan ynsanlary ulandy öz sözüni ýazga geçirmegi üçin. Olaryň durmuşyny gözden geçirenimizde olaryň dürüst we akýürekli däldigini pikir etmegimiz üçin hiç bir esas ýok. Olaryň durmuşyny gözden geçirememizde olar öz ynanan zatlary üçin ölmäge islegli bolandygyny görýäris, olar Hudaýyň olara gürländigine hakykatdanam ynanandygy aýdyň görünýär. Täze ähti ýazan adamlar we ynanan beýleki ýüzlerçe adamlar (1 Korintoslylar 15:6) bu habaryň hakykatdygyny bilýärdi olar Isa mesih ölümden direlmeginden soňra o bilen wagt geçirendigi sebäpli. Direlen Mesihe gabat gelmek olaryň durmuşyna diýseň uly täsir ýetirdi. Olar gorkudan ýaňa gizlenýän adam bolmakdan Hudaýyň olara aýan eden habaryny ýaýratmak üçin ölüme ýöreýän adamlara öwrüldi. Olaryň durmuşy we ölümi Mukaddes kitap hakykatdanam Hudaýyň sözüdigine güwa geçýär.
Mukaddes kitap Hudaýyň sözüdigine iň soňky daşarky delil bolsa munuň ýok edilip bilinmezligidir. Ähmiýeti we Hudaýyň sözi bolmak baradaky çeken jaryndan ýaňa Mukaddes kitap ýok edilmek üçin taryhdaky islendik bir kitapdan has köp hüjüme sezewar boldy. Diokletian ýaly Irki Rim imperatoryndan başlap komunist diktatorlara çenli, şol bir wagt-da ateistler we agnostikler bilen bir hatar-da Mukaddes kitap ähli hüjümçilere garşy durmagy başardy we dünýädäki iň ýaýran kitap bolmagyna dowam edýär.
Wagtal-wagtal skeptikler (şüphe edýänler) Mukaddes kitaby mifologiýa diýip atlandyrdy emma arheologiýa munyň taryhydygyny görkezdi. Garşydaşlar bu kitabyň pelsepesini döwürden yza galan, möwriti geçen diýip hüjüm etdi emma munuň ahlaky we kanuny düşünjeleri jemgyýete we dünýädäki dürli medeniýetlere oňyn täsirini ýetirdi. Bu kitap ylym, psihologiýa we syýasy jemgyýet tarapyndan hüjüm edilmäge dowam edýär emma şonda-da bu hakykat we döwrümize görä bolup galmagyna dowam edýär edil ilkinji ýazylan günündäki ýaly. Soňky 2000 ýylda sansyz-sajaksyz durmuşy we medeniýetleri gowy tarapa özgerden kitapdyr bu Kitap. Garşydaşlar muňa hernäçe hüjüm etse-de, ýok etmäge we ynamsyz görkezmäge synanyşsa-da Mukaddes kitap hüjümlerden ozal boluşy ýaly güýçli, dogry we täsirli bolup galmagyna dowam edýär. Muny üýtgetmäge, ýok etmäge, pesetmäge bolan her bir hüjüme garşy öz täkyklygyny goramagy munuň Hudaýyň sözüdigine we Hudaý tarapyndan tebigatdan daşary şekilde goralýandygyna güwa geçýär. Mukaddes kitap hernäçe kemsidilsede üýtgemän we ‘ýaralanman’ galmaga dowam etmegi bizi geň galdyrmaly däldir. Ählisinden ozal Isa mesih bize “Asman bilen ýer öter emma Meniň sözlerim asla ötmez” (Mark 13:31) diýipdi. Delillere göz gezdirensoň kimdir biriniň hiç bir şüphesiz diýip biljek zady: “Mukaddes Kitap Hudaýyň sözüdir.”
English
Mukaddes Kitap hakykatdanam Hudaýyň sözümi?