Sorag
Mukaddes kitap teslis (üçbirlik) Taňry barada näme diýýär?
Jogap
Mesihi Teslis konsepti baradaky iň kyn zat muny düşündirmegiň bir ýoly ýok. Bu konsepti dolulygyna düşünmek hiç kim üçin mümkin däl, ola düşündirmek eken. Hudaý bizden tükeniksiz şekilde has beýikdir we şeýlelik-de biz oňa dolulygyna akyl ýetirjek bolmaly däldiris. Mukaddes Kitap bize Ata Hudaýdygyny, Isa Hudaýdygyny we Mukaddes Ruh hudaýdygyny aýdýar. Şol bir wagt-da Mukaddes Kitap diňe bir Hudaý bardygyny aýdýar. Teslisiň 3 aýry şahsyýetiniň biri-birine bolan gatnaşygynyň käbir faktlaryna göz ýetirip bilsek-de adam aňy muňa dolulygyna düşünip bilmeýär ýöne bu diýmek däldir Teslis hakykat däl ýa-da Mukaddes kitap taglymatyna esaslanan däl.
Teslis – bu 3 aýry şahsyýetden ybarat bolan Hudaýdyr, munuň hiç bir ýagdaý-da aýratyn 3 Hudaý barada gürlemeýändigine düşüniň. Bu konsepti öwrenýärkäňiz Teslis sözi Mukaddes Kitap-da bellenip geçilmändigini ýatda saklaň. Teslis diýmek üçbirlik Hudaýy, şol bir wagt-da ebedi şekil-de bar bolan 3 aýry şahsyýetdir. Möhüm bolan zat Teslis sözi bilen aňladylýan konseptiň Mukaddes Kitap-da bar bolmagydyr. Hudaýyň sözüniň Teslis barada beren beýannamalary aşakda görkezilendir:
1) Hudaý ýeke-täkdir (Kanun taglymaty 6:4; 1 Korinstolylar 8:4; Galatýalylar 3:20; 1 Timoteos 2:5).
2) Teslis 3 şahsyýetden ybaratdyr (Gelip Çykyş 1:1, 26; 3:22; 11:7; Işaýa 6:8, 48:16, 61:1; Matta 3:16-17, 28:19; 2 Korintoslylar 12:!4). Gelip Çykyş 1:1-de Ybrany dilindäki Elohim sözi ulanylan. Gelip çykyş 1:26, 3:22, 11:7 we Işaýa 6:8-de köplük sandaky ýöňkeme bolan “biz” ulanylan. Elohim sözi we “ýöňkemesi” köplük sandadyr, Ýewreý dilinde bu 2-den köp sany aňladýar. Bu gönüden-göni Teslis hakynda argument däl hem bolsa Hudaýyň köplük sandadygy nukdaýnazaryny goldaýar. Ybrany dilinde Hudaý sözüni aňladýan Elohim sözi Teslis düşünjesi üçin mümkinçilik döredýär.
Işaýa 48:16 we 61:1-de Ogul gürleýärkä Ata Hudaý we Mukaddes Ruh hem belläp geçýär. Işaýa 61:1-i Luka 4:14-19 bilen deňeşdiriň gürleýän Oguldygyna göz ýetirmek üçin. Matta 3:16-17 Isa mesihiň baptizmini gürrüň berýär. Bu parça-da gürrüň berilýän waka şudyr: Ata Hudaý öz oglundan hoşallygyny jar etmegi bilen Mukaddes Ruh Hudaý Ogul Hudaýyň depesine gelip gonýar. Matta 28:19 we 2 Korintoslylar 13:14 aýdyň mysalydyr Teslisdäki 3 aýry şahsyýetiň.
3) Teslisiň 3 aýry şahsyýeti biri-birinden tapawutlandyrylandyr birnäçe ýer-de. Köne äht-de REB we Reb biri-birinden tapawutlydyr (Gelip Çykyş 19:24; Hoşeýa 1:4). REBbiň ogly bar (Zebur 2:7, 12; Süleýmanyň pähimleri 30:2-4). Mukaddes Ruh REBden üýtgeşikdir (Çölde 27:18) we Hudaýdan-da üýtgeşikdir (Zebur 51:10-12). Ogul Hudaý Ata Hudaýdan üýtgeşikdir (Zebur 45:6-7; Ýewreýler 1:8-9). Täze äht-de Isa Mesih atasyna kömekçini, Mukaddes Ruhy ibermegini aýdýar (Ýohanna 14:16-17). Bu Isa Mesih özüni Ata Hudaý ýa-da Mukaddes Ruh hökmünde görmändigini aňladýar. Injiller-de Isa meishiň Atasyna ýüzlenýän ähli ýerini hem pikir ediň. Eýsem Ol öz-özi bilen gürleşýärmidi? Ýok. Ol Teslisdäki beýleki şahsa – Ata Hudaýa ýüzlenýärdi.
4) Teslisiň her bir agzasy Hudaýdyr. Ata Hudaýdyr (Ýohanna 6:27; Rimliler 1:7; 1 Petrus 1:2). Ogul Hudaýdyr (Ýohanna 1:1, 14; Rimliler 9:5; Kolosiýalylar 2:9; Ýewreýler 1:8; 1 Ýohanna 5:20). Mukaddes Ruh Hudaýdyr (Resullar 5:3-4; 1 Korintoslylar 3:16).
5) Teslis-de tabynlyk bardyr. Mukaddes ýazgylar bize Mukaddes Ruhuň Ata’a we Ogula tabyndygyny, Ogul hem Ata’a tabyndygyny görkezýär. Bu olaryň içki gatnaşygydyr we Teslisiň şahsyýetleriniň Ylahylygyna garşy gitmeýär. Bu biziň çäkli aňymyzyň çäksiz Hudaýa ýetmejek nokadydyr. Ogul barada bilmek üçin serediň: “Luka 22:42, Ýohanna 5:36, Ýohanna 20:21 we 1 Ýohanna 4:14.” Mukaddes Ruh barada okamak üçin serediň: “Ýohanna 14:16, 14:26, 15:26, 16:7 we Ýohanna 16:13-14.”
6) Teslisdäki aýry şahsyýetleriň aýry işleri bardyr. Ata Hudaý älemiň asyl gözbaşydyr, çeşmesidir, sebäbidir (1 Korintoslylar 8:6; Aýanlyk 4:11); ylahy aýalykdyr ata (Aýanlyk 1:1); gutulyşdyr Ata (Ýohanna 3:16-17); Isa Mesih bolsa ynsany işlerdir (Ýohanna 5:17, 14:10). Ata bu zatlaryň ählisini başladandyr.
Ogul Atanyň bu işleri ýerine ýetirmekdäki araçysydyr: älemiň döredilmegi we idelmegi (1 Korintoslylar 8:6; Ýohanna 1:3; Kolosiýalylar 1:16-17); Ylahy aýanlyk/wahy (Ýohanna 1:1, 16:12-15; Matta 11:27; Aýanlyk 1:1) we gutulyş (2 Korintoslylar 5:19; Matta 1:21; Ýohanna 4:42). Ata bu zatlaryň ählisini onuň araçysy bolup hyzmat edýän Ogul arkaly amala aşyrýandyr.
Mukaddes Ruh Atanyň şu zatlary ýerine ýetirmekdäki araçysydyr: älemiň ýaradylmagy we idelmegi (Gelip Çykyş 1:2; Eýýup 26:13; Zebur 103:30); ylahy aýanlyk (Ýohanna 16:12-15; Efesliler 3:5; 2 Petris 1:21); gutulyş (Ýohanna 3:6; Titus 3:5; 1 Petrus 1:2) we Isa Mesihiň işleri (Işaýa 61:1; Resullar 10:38). Şeýlelik-de Ata bu zatlaryň ählisini Mukaddes Ruhuň güýji arkaly ýerine ýetirýär.
Teslisiň ilýustrasiýasyny (suratlandyrma) döretmek üçin köp synanşyklar edilendir emma bu ilýustrasiýalaryň hiç biri takyk däldir. Mysal üçin ýumurtgaly ilýustrasiýa. Bu näme üçin takyk däl? Ýumurtganyň gabygy, agy we sarysy hersi ýumurtganyň bir parçasydyr, özbaşyna ýumurtga däldirler. Alma ilýustrasiýasy hem şeýle: gabygy, tohumy we iýmiti almanyň bölekleridir, özbaşyna alma däldirler emma Ata, Ogul we Mukaddes Ruh hersi bir parça däldir, olaryň her haýsy özbaşyna Hudaýdyr. Suw mysaly ilýustrasiýa birneme gowurakdyr emma şonda-da Teslis Hudaýy takyk suratlandyryp bilmeýär. Suwuklyk, bug we doňluk/buz suwuň maddy görnüşleridir emma Ata, Ogul we Hudaý görnüş däldir, Hudaýdyr. Bu ilýustrasiýalar bize Teslis hakynda pikir berse-de bular dolulygyna takyk däldir.
Teslis taglymaty kilise taryhynda birnäçe bölünmelere sebäp bolandyr. Teslisiň esasy taraplary Hudaýyň sözünde aýdyň görkezilenem bolsa onuň käbir taraplary beýle beýan edilen däldir. Ata Hudaýdyr, Ogul Hudaýdyr emma Hudaý ýeke-täkdir, bu Mukaddes Kitapdaky Teslis konseptidir. Mundan soňrasy jedele açykdyr we aýgytlaýjy derejede möhüm däldir. Çäksiz Teslise çäkli aňymyz bilen akyl ýetirjek bolmaga derek biz Hudaýyň çäksiz tebigatyny kabul etsek oňa has gowy hyzmat ederis. “Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler? Rebbe kim akyl ýetirdi? Kim oňa maslahat berip bildi?” (Rimliler 11:33-34)
English
Mukaddes kitap teslis (üçbirlik) Taňry barada näme diýýär?