Sorag
Zenan pastorlar/wagyzçylar barada näme aýdyp bolar?
Jogap
Günümizde zenanlaryň wagyzçy/pastor bolup biljekdigi ýa-da bilmejekdigi meselesinden has köp çekeleşikli başga bir mesele ýok bolsa gerek Mesihi äleminde. Bu meseläni erkek-zenan deňeşdirmesi hökmünde görmezlik gerek. Zenanlaryň pastor bolmazlygy we Mukaddes kitap olara bu babat-da çäklendirme goýýandygyny pikir edýän zenanlar bardyr we şol bir wagt-da zenanlaryň wagyzçy bolup biljekdigini we bu babat-da çäklendirme ýokdugyny hasaplaýan erkekler bardyr. Bu çaunizm ýa-da diskriminasiýa meselesi däldir. Bu Mukaddes kitaby teswirlemek meselesidir.
Hudaýyň sözi “Aýal ýygnak-da öwredilýän zatlary ümsüm we doly öwrenmelidigini, Aýalyň ýygnakda öwretmegine, erkegiň üstünden agalyk sürmegine ygtyýar berilmeýändigini, onuň sessiz üýnsiz bolmalydygyny” (1 Timoteos 2:11-12) jar edýär. Ýygnak-da, kilise-de Hudaý erkekleri we zenanlary aýratyn rollara belleýär. Bu adamzadyň ýaradylyş usulynyň netijesidir we bu günäniň dünýä nähili aralaşandygydyr (1 Timoteos 2:13-14). Hudaý Resul Pawlos üsti bilen zenanlary öwretmekde ýa-da erkekler üstünden ruhy üstünlik gurnamakda çäklendirýär. Bu çäklendirme zenanlaryň, erkeklere wagyz etmegini, jemgyýetçilik ýerinde öwretmegini we olar üstünden agalyk etmegini hem öz içine alýan pastor hökmünde erkeklere hyzmat etmeginiň öňüni alýar.
Zenanlaryň bu pastorlyk wezipesine garşy gaty köp garşylyklark bardyr. Bulardan giňden ýaýrany Resul Pawlosyň zenanlary öwretmek hukugyndan mahrum etmegidir zenanlar 1-nji asyrda bilimsizdigi sebäpli. Emma 1 Timoteos 2:11-14 hiç bir ýerinde bilim derejesi barada agzamaýar. Eger-de bilim derejesi wagyzçylyk wezipesine saýlanmak-da aýgytlaýjy bir kwalifikasiýa (saýlaw talaby) bolsady Isa Mesihiň şägirtleriniň aglabasy wagyzçylyga ýetip bilmezdi. Bu baradaky ikinji bir giňden ýaýran nägilelik bolsa Resul Pawlosyň diňe Efesli zenanlary bu hukukdan mahrum etmegidi (1 Timoteos Efesdäki kilisäniň pastory Timoteos-a ýazylandy).Efes Artemis buthanasy we butparazlykdan gelen bir şahamça bolmagy netijesinde zenanlaryň agalygy bilen tanalýardy we şeýlelik-de Pawlos diňe bu zenan agalygyndaky Efesli butparazlaryň şirkine garşy gidýärdi we kilisäniň tapawutly bolmagyny nygtaýardy. Ýöne Timoteosa ýazylan 1-nji hat (1 Timoteos) hiç bir ýerinde Artemis hakynda hem olaryň ybadat görnüşi barada hem aýdyp geçmeýär 1 Timoteos 2:11-12-däki çäklendirmesine dahylly.
Bu baradaky giňden ýaýran 3-nji bir garşylyk bolsa Resul Pawlos diňe bir är-aýal meselesine deginýärdi, umumy erkekler we zenanlara däl. 1 Timoteos 2-de “erkek” we “zenan” sözlerine derek ulanylan Grek sözi är-aýala ýüzlenýän manyly bolup biler; emma sözüň ýönekeý manysy mundan has giňdir. Mundanam başga, şol bir sözler 8-10-njy aýatlar-da hem ulanylýar. Eýsem diňe ärler (öýlenen erkekler, aýally erkekler) gaharlanman, jedelleşmän päk ýürekden dileg etmelimi (8-nji aýat)? Eýsem diňe aýallar/gelinler (durmuşa çykan, äri bar zenanlar) gowy geýinmeli, gowy amallar etmeli we Hudaýa ybadat etmelimi (9-10-njy aýatlar)? Elbet-de beýle däl. 8-10-njy aýatlar ähli erkekler we zenanlara, diňe öýlenenler we çykanlara ýüzlenmeýändigi mälim. Konteksta göz gezdirenimizde muny diňe öýlenenler we çykanlar bilen çäklendirýän hiç zat ýok 11-14-nji aýatlarda.
Bu baradaky ýene bir närazylyk bolsa Mukaddes Kitap-da baştutan (ýolbaşçy, lider) rolundaky zenanlary mysal bermekdir, Merýem ýaly, Debora ýa-da Köne ähtdäki Huldah ýaly. Olaryň Hudaý tarapyndan aýratyn bir hyzmat üçin saýlanandygy we olar imanyň, batyrlygyň we şol bir san-da baştutanlygyň ajaýyp nusgasy bolup durýandygy dogry emma Köne ähtdäki zenanlaryň agalygy kilise-de/mesihilikde zenanlaryň wagyzçy/pastor bolmagyna baglanşykly nokat däldir. Täze ähtdäki hatlar Hudaýyň adamlar üçin täze ýoluny – kilisäni, Mesihiň bedenini – we kilisä degişli bolan, diňe bir Ysraýyla ýa-da Kňne ähtdäki bir baglyga degişli bolmadyk agalygy ýoly görkezýär.
Şuňa meňzeş argumentler Resullardaky Priskilla we Fibi arkaly hem öňe sürülýär. Resullar 18-de Priskilla we Akila Mesihiň wepadar missioneri hökmünde görkezilýär. Priskillanyň ady başda bellenen, megerem bu onuň adamsyndan has ussat missionerdigini aňladýandyr. Priskilla we adamsy Isa Mesihiň Hoş Habaryny Apollo’a öwretdilermi? Hawa, olar öz öýlerinde “Hudaýyň ýoluny has doly düşündirip berdiler” (Resullar 18:26). Mukaddes kitap Priskilla bir kilisede pastor wezipesini ýerine ýetirendigini ýa-da keramatlylar kongresinde ruhy lider bolandygyny aýdýarmy heý-de? ÝOK. Bilşimiz-çe Priskilla 1 Timoteos 2:11-14-e garşy bolan bir missionerlik hereketinde bolmandy.
Rimliler 16:1-de Fibi hyzmatkär diýlip atlandyrylýar we Resul Pawlos tarapyndan sylanýar. Priskilla bilen boluşy ýaly Mukaddes ýazgylar-da Fibiniň pastorlyk edendigi ýa-da erkekleriň mugallymy bolandygy barada hiç bir zat ýok. “Öwretmäge ukyply” sypaty ýaşulylar üçin berilen, hyzmatkärlere berilmedik (1 Timoteos 3:1-13; Titus 1:6-9).
1 Timoteos 2:11-14 zenanlaryň pastor näme sebäpden pastor bolup bilmejekdigini açyk-aýdyň görkezýär. 13-nji aýat “Çünki” diýmek bilen Resul Pawlosyň 11-12-nji aýatlarynyň “sebäbini görkezmek” bilen başlaýar. Näme üçin zenanlar öwretmeli däl ýa-da erkekler üstünden agalyk etmeli däl? Sebäbi “ilki Adam ata, onsoň How ene ýaradyldy. Aldananam Adam ata däldi. Aýal aldanyp günä gazandy” (13-nji we 14-nji aýatlar). Hudaý ilki Adam atany ýaratdy we How enäni oňa “kömekçi” edip ýaratdy. Ýaradylyş nobaty uniwersal durmuşa geçirilişi bardyr kilise-de we maşgala-da (Efesliler 5:22-33).
How ene aldanandygy hakykaty zenanlaryň pastor ýa-da ruhy lider bolup bilmejekdigine sebäp hökmünde görkezilen 1 Timoteos 2:14-de hem. Bu diýmek däldir zenanlar günäkärdir ýa-da olar erkeklerden has aňsat aldanýar. Ähli zenanlar has aňsat ynandyrylýan bolsady, onda olar näme üçin (hasam aňsat ynandyrylýan) çagalara we (hasam aňsat aldanýan) beýleki zenanlara öwretmäge rugsat berilerdi? Mukaddes ýazgylar diňe How ene aldanandygy sebäpli zenanlaryň erkeklere mugallym bolmaga ýa-da ruhy agalyk edinmeli däldigini aýdýar. Hudaý erkeklere kilisede öwretmek öňünçäligini bermegi saýlan.
Köp zenanlar myhmansöýerlik, rehim, öwretmek we ewangeliýa ýaly meselelerde öňe saýlanýar. Ýerli kiliseleriň köpüsiniň ministrligi zenanlara bagly. Zenanlar köpçülikde ybadat etmekden ýa-da pygamberlik etmekden çäklendirilen däldir (1 Korintoslylar 11:5), olar diňe öwredijilik meselesinde erkekler üstünde agalyk etmekden çäklendirilen. Mukaddes kitap hiç bir ýerinde zenanlary Mukaddes Ruhuň sowgatlaryndan peýdalanmakdan çäklendirmeýär (1 Korintoslylar 12). Edil erkeklerçe zenanlar hem missionerlik etmäge çagyrylýar, Mukaddes Ruhuň miwelerini görkezmäge çagyrylýar (Galatýalylar 5:22-23), we garaňkylykdakylara hoş habary jar etmäge çagyrylýar (Matta28:18; Resullar 1:8; 1 Petrus 3:15).
Hudaý kilise-de wagyz hukugynyň diňe erkekler tarapyndan edilmelidigini nygtady. Munuň sebäbi erkekler ökdedigi ýa-da zenanlaryň pesidigi ýa-da kem akyldygy sebäpli däldir (we bu hakykat däldir). Bu diňe Hudaý kilisäniň işleme şeklini şeýle etmegidir. Erkekler durmuşyn-da we sözünde ruhy liderligiň nusgasy bolmak üçin ýaradylandyr. Zenanlar has kiçi rol almak üçindir. Zenanlar beýleki zenanlara wagyz etmäge çagyrylan (Titus 2:3-5). Mukaddes kitap şol bir wagt-da zenanlary çagalara wagyz etmegi hem çäklendirmeýär. Zenanlara gadagan edilen ýeke-täk zat erkeklere garşy wagyz ýa-da ruhy agalyk edinmekdir. Bu zenanlary pastor bolmakdan saklaýar. Bu zenanlar has az ähmiýetli diýmek däldir, bu olara Hudaýyň meýilnamasy bilen ylalaşmaga we onuň sowgadynyň hözürini görmäge çagyryşdyr.
English
Zenan pastorlar/wagyzçylar barada näme aýdyp bolar?