settings icon
share icon
Sorag

Isa hakda eşitmek mümkinçiligi hiç wagt bolmadyk adamlara näme bolar?

Jogap


Her kim Hudaý öňünde jogapkärdir, O barada eşitmändigine garamazdan. Mukaddes Kitap bize Hudaýyň özüni her kime tebigatda aýan edendigini aýdýar (Rimliler 1:20) we adamlaryň kalbyna aýan edendigini aýdýar (Wagyz 3:11). Problema, adamzadyň günälidigindedir; Hudaý baradaky bu aýanlygy hemmämiz ret edýäris we oňa garşy baş göterýäris (Rim 1:21-23). Hudaýyň merhemeti bolmasa biz günäli tebigatymyza terk edilerdik, Hudaýsyz durmuşyň nähili manysyz we betbagtdygyny görerdik. Hudaý muny, onu dowamly iňkär edýänlere edýär (Rim 1:24-32).

Hakykatda, käbirleriniň Hudaý barada eşitmändigi ýaly problema ýok. Aslynda, problema olaryň eşidenini we tebigatda açyk görünýän zady ret etmegidir. Kanun Taglymaty 4:29 şuny jar edýär: “Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz.” Bu aýat bize şu ýörelgäni habar berýär – Hudaýy hakykatdan hem gözleýän her kim Hudaýy tapar.

Problema şudyr: “Düşünýän asla ýok, Hudaýy agtarýan-da ýok” (Rim 3:11). Adamlar, tebigatda bar bolan Hudaý hakdaky maglumatlary ret edýär, oňa derek özleriniň döreden “hudaý”yna ybadat edýär. Hudaýyň, Mesihiň hoş habaryny hiç wagt eşitmedik adamy dowzaha ibermeginiň adyllygyny çekeleşmek samsykçadyr. Adamlar, Hudaýyň olara eýýäm aýan edenleri üçin jogapkärdir. Mukaddes Kitap, adamlaryň bu hakykaty iňkär edýändigini aýdýar we şeýlelikde Hudaý olary dowzaha iberýär.

Eşitmedikleriň ykbaly barada çekeleşmek ýerine biz, Mesihiler, olaryň eşitmegi üçin elimizden geleni etmelidirs. Biz Hoş Habary uluslara ýetirmäge çagyryldyk (Matta 29:19-20; Res 1:8). Biz adamlaryň tebigatda aýan edilen Hudaý hakdaky habary ret edýändigini bilýäris we bu ýagdaý bizi Isa Mesih arkaly gutulyş bolan Hoş Habary jar etmäge höweslendirmeli. Adamlar diňe Reb Isa Mesih üsti bilen gelen Hudaýyň merhemetini kabul etmek bilen günäden we Hudaýdan üzňe ebedi durmuşdan halas bolup biler.

Eşitmedileriň Hudaýdan merhemet görjekdigini saýsak onda biz problema gabat gelýäris: Hoş habary eşitmedikler halas edilýän bolsa, onda biziň olara muny duýurmazlygymyz has logiki ýagdaýdyr. Biziň edip biljek iň erbet zadymyz Hoş habary kimdir birine ýetirmegimiz we onuň muny ret etmegidir. Bu ýagdaý amala aşsa, ol ret eden ýazgarylar. Hoş habary eşitmedikler ýazgarylmalydyr, ýogsa ewangelizm üçin motiwasiýa ýokdur. Adamlar hoş habary eşitmänkä gutulan ýagdaýda wagty, näme üçin olaryň muny eşitmegi we ähtimal ret etmegi töwekgelçiligine salaly olary?

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Isa hakda eşitmek mümkinçiligi hiç wagt bolmadyk adamlara näme bolar?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries