Sorag
Aýrylyşmak we gaýtadan durmuş gurmak barada Mukaddes Kitap näme diýýär?
Jogap
Nähili garaýyş-da bolandygyňyzyň tapawudy ýok, Malaky 2:16 näme diýýändigini bilmegimiz gerek: “Ysraýyl Hudaýy Reb “Men aýrylyşmagy ýigrenýärin.”” Mukaddes kitaba görä durmuş gurmak ömürlik bir zat. “Şeýlelik-de, olar indi iki däl, bir tendir” (Matta 19:6). Durmuş gurmak 2 günäli adamy öz içine alýandygyndan bilýär Hudaý aýrylyşmak ýüze çykjakdygyny. Köne äht-de Hudaýy aýrylyşýanlaryň hukuklaryny goramak üçin birnäçe düzgün girizendir, esasanam zenanlaryň hukugyny goramak üçin (Kanun taglymaty 24:1-4). Isa bu kanunlaryň girizilme sebäbi adamlaryň doňýürekliligini we bular Hudaýyň islegi däldigini belläp geçýär (Matta 19:8).
Aýrylyşmak we gaýtadan durmuş gurmak bolýandygy ýa bolmaýandygy baradaky jedel Isa mesihiň Matta 5:32 we 19:9-daky aýdýan sözlerinden gelip çykýar esasan. “Zynadan başga sebäp” diýen sözler megerem Hudaýyň aýrylmaga rugsat berýän ýekeje ýagdaýy bolsa gerek. Köp teswirleýjiler bu aýratyn ýagdaýy adaglylyk döwrüne degişli diýip düşünýär. Ýewreý medeniýetine görä bir erkek bilen bir zenan entek adagly wagtlary hem durmuş guran hasaplanýardy. Bu nukdaýnazara görä, adaglylyk döwründäki bu ahlaksyzlyk aýrylyşmak üçin ýeke-täk ýörgünli sebäp bolup biler.
Grek dilinden “zyna” diýip terjime edilen söz jynsy ahlaksyzlygyň islendik görnüşini hem öz içine alýar. Bu zyna, jelepçilik, oýnaş edinmek we ş.m manylary hem berýär. Isa mesih megerem eger-de jynsy ahlaksyzlyk edilen bolsa onda aýrylyşmak rugsat edilen diýen. Jynsy gatnaşyklar durmuş gurmagyň möhüm parçasydyr: “eger-de jynsy ahlaksyzlyk edilen bolsa onda aýrylyşmak rugsat edilen diýen. Jynsy gatnaşyklar durmuş gurmagyň möhüm parçasydyr: “olaryö ikisi bir ten bolýar” (Gelip çykyş 2:24; Matta 19:5; Efesliler 5:31). Şeýlelik-de bu parça islendik şekil-de bozulmagy aýrylyşmak üçin ýörgünli sebäp bolup biler. Şeýle bolsa, Isa mesihiň aňynda gaýtadan durmuş gurmak hem bar bu ýer-de. “Başga aýala öýlense ” (Matta 19:9) diýen sözler aýrylyş mak we gaýtadan durmuş gurmak bu aýratyn ýagdaý-da rugsat edilýän zat bu nähili teswirlense hem. Belläp geçmeli zadymyz diňe bu ýagdaý-da bigünä tarap (zyna etmedik) gaýtadan durmuş gurmaga haky bar. Bu aýdylyp geçilmedik bolsa hem ikilik edilen tarap gaýtadan durmuş hukugy Hudaýyň merhemetidir. Günäli tarapyň hem durmuş gurmagyna rugsat edilen ýerler bar bolmagy mümkin, bu bu tekstde öwredilen zat däl.
Käbirleri 1 Korintoslylar 7:15-i hem beýleki bir “aýratynlyk” hasaplaýar gaýtadan durmuş gurmak üçin eger-de imansyz ýoldaş imanly ýoldaşdan aýrylyşsa emma kontekste seretsek bu taý-da gaýtadan durmuş gurmak barada aýdylmadyk, bu taý-da diňe imanly tarap imansyz ýoldaşy aýrylyşmak islese nikany dowam etmäge borçly däldigi aýdylan. Ýene käbirleri betniýetlilik hem aýrylyşmak üçin geçginli sebäpdir diýýär bu Mukaddes Kitap-da bellenilmedik bolsa hem. Bu hernäçe logiki sebäp bolup bilse hem Hudaýyň sözi üstünden bir zat saýmak paýhaslylyk däl.
Çekeleşikler-de käte düşünilmeýän zat şudyr: her nähili jynsy ahlaksyz edilen hem bolsa aýrylyşmak bu ýagdaý-da rugsat berilýän zat, talap edilýän zat däl. Zyna edilen hem bolsa taraplar Hudaýyň merhemeti bilen bagyşlamagy we durmuşlaryny gaýtadan diklemegi saýlap bilerler. Hudaý bizi has uly zatlar üçin hem bagyşlandyr. Biz ondan görelde alyp zynany hem bagyşlap bileris (Efesliler 4:32). Emma köp halat-da biwepa ökünmeýär we dowam edýär öz ahlaksyzlygyna. Matta 19:9-yň ýüz tutulyp bilinjek ýagdaýy bolsa gerek bu. Köpler bolsa Hudaý olaryň ýeke galmagyny isleýän wagty hem derrew gaýtadan durmuş gurmaga ymtylýar. Ünsleri başga tarapa gitmez ýaly Hudaý käte adamlary ýeke galmaga çagyrýar (1 Korintoslylar 7:32-35). Aýrylyşmakdan soňra gaýtadan durmuş gurmak käbir ýagdaýlardaky dogry karar bolup biler emma bu ýeke-täk karar däl.
Rahatsyz ediji bir ýagdaý bolsa Mesihiler arasyndaky aýrylyşmak görkezijisi mesihi däller bilen deň derejede. Hudaý aýrylyşmagy ýigrenýändigini (Malaky 2:16) we geçirimlilik, arany düzeltmek imandandygyny açyk-aýdyň belläp geçýär (Luka 11:4; Efesliler 4:32). Hudaý şonda-da kabul edýändir öz perzentleri arasynda hem aýrylyşmak ýüze çykyp biljekdigini we aýrylşan ýa-da gaýtadan durmuş guran adam Hudaý özüni beýlekilerden az söýýändir öýtmeli däl, hat-da onuň bu karary Matta 19:9-daky ýeke-täk rugsatnama esaslanmadyk hem bolsa. Hudaý käte Mesihileriň iň uly bir boýun egmezligini hem has gowy netije üçin ulanýandyr.
English
Aýrylyşmak we gaýtadan durmuş gurmak barada Mukaddes Kitap näme diýýär?