settings icon
share icon
Sorag

Baky howpsuzlyk güne etmek üçin “ygtyýarnama” mydyr?

Jogap


Baky gutulyş taglymatyna edilýän esasy garşylyk, baky gutulyşyň, ynsanlara, isleýşiçe ýaşamak mümkinçiligi berýändigi we şonda-da gutulyşy kepil geçýändigidir. Bu diýleni “tehniki” taýdan dogry hem bolsa, hakykatda bu dogry däldir. Isa Mesih tarapyndan halas edilen adam dowamly meýletin günäli durmuşda ýaşamaz. Bir Mesihiniň nähili ýaşamalydygy we bir adamyň gutulyş üçin näme etmelidigi arasynda serhet çyzalyň.

Mukaddes Kitap, gutuluşyň diňe Taňrynyň söwüşi, diňe iman we diňe Isa Mesihe iman arkalydygyny çürt-kesik aýdýar (Ýahýa 3:16; Efesliler 2:8-9; Ýahýa 14:6). Bir adam, Isa Mesihe iman eden pursadynyň edil özünde ol halas edilendir. Gutulyş, iman arkaly alynmaýar emma işler bilen idegi dowam etdirilýär. Resul Pawlos, Galatýalylara 3:3-de bu meseläni jogaplaýar şuny soramak bilen: “Siz Mukaddes Ruh bilen başlap, indi-de öz ynsan güýjüňiz bilen kämil boljak bolýaňyzmy? Eýsem siz şeýle akmakmy?!” Iman bilen halas edilýän bolsak, gutulyşymyz biziň imanymyz arkaly dowam etdirilýär we ätiýaçlandyrylýar. Öz gutulyşymyzy gazanyp bilmeýäris. Şeýlelikde, gutulyşymyzyň dowamatyny hem gazanyp bilmeýäris. Gutulyşymyzy dowam etdirýän, Hudaýdyr (Ýahuda 24). Bizi aýasynda saklaýan, Hudaýyň elidir (Ýahýa 10:28-29). Bizi hiç kimiň aýra salmaga güýji ýetmejek zady, Hudaýyň söýgüsidir(Rim 8:38-39).

Gutulyşymyzyň ebedi howpsuzlykdadygyny iňkär etmek diýmek, gutulyşymyzy öz işlerimiz we zähmetimiz bilen idemelidigimize bolan ynançdyr. Bu ynanç, söwüş arkaly gutulyş taglymatyna anti-tezisdir. Gutulyşymyz, Mesihiň zähmetidir, biziň zähmetimiz däl (Rim 4:3-8). Gutulyşymyzyň idegini dowam etdirmek üçin Hudaýyň Sözüne eýermelidiris ýa-da Hudaýy durmuş ýaşamalydyrys diýip öňe sürmek, Isanyň ölüminiň günälerimiziň muzdyny tölemäge ýetmejekdigini öňe sürmekdir. Isanyň ölümi günälerimiz üçin ýeterlik tölegdir – geçmişdäki, häzirki we gelejekdäki – ähli günäler üçin (Rim 5:8; 1 Kor 15:3; 2 Kor 5:21).

Bu, bir Mesihiniň isleýşiçe ýaşap biljekdigini aňladýarmy? Bu, aslynda, gipotetiki soragdyr, sebäbi, Mukaddes Kitap, bir Mesihiniň “isleýşiçe” ýaşamajakdygyny çürt-kesik aýdýar. Mesihiler, täzeden ýaradylandyr (2 Kor 5:17). Mesihiler, Mukaddes Ruhuň miweleridir (Gal 5:22-23), bedeniň hereketleri däldir (Gal 5:19-21). 1 Ýahýa 3:6-9 aýatlary, bir mesihiniň günäli durmuşda ýaşamajakdygyny çürt-kesik aýdýar. Söwüşiň, günäni ýaýbaňlandyrýandygy barada Resul Pawlos şuny jar edýär: “Onda näme, Hudaý Öz merhemetini bize köpden-köp görkezsin diýip, günä edibermelimi? 2 Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris?” (Rim 6:1-2)

Baky howpsuzlyk, günä üçin ygtyýarnama däldir. Tersine, baky howpsuzlyk, Mesihe bil baglanlara Hudaýyň söýgüsiniň kepilliklidigini bilmegiň arkaýynçylygydyr. Hudaýyň ägirt uly sowgady bolan gutulyşy bilmek we oňa akyl ýetirmek, günä ygtyýarnamasynyň tersine netije berýär. Isa Mesihiň tölän muzdyny bilýän biri nädip günäli durmuşda ýaşap biler (Rim 6:15-23)? Hudaýyň, imanlylara bolan şertsiz we kepillikli söýgüsine akyl ýetiren biri ony nädip Hudaýa yzyna oklap biler? Eýdýän adamyň görkezýäni, baky howpsuzlygyň günä ygtyýarnamasydygy däldir, tersine, Isa Mesih üsti bilen gelen gutulyşy başdan geçirmändigini görkezýändir. “Mesih bilen ýaşaýan adam günäden ýüz öwrer. Emma henizem günä edýän adam Ony ne görýändir, ne-de tanaýandyr” (1 Ýahýa 3:6)

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Baky howpsuzlyk güne etmek üçin “ygtyýarnama” mydyr?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries