settings icon
share icon
Sorag

Mukaddes kitap dinozawrlar hakynda näme diýýär?

Jogap


Dinozawrlar meselesi Mesihi jemgyýet-de ýer şarynyň ýaşy, Gelip çykyş kitabynyň teswirlenişi we bar bolan ähli fiziki delilleri teswirlemek barada gidýän uly bir jedelli temanyň uly parçasydyr. Ýer şarynyň dym uly ýaşlydygyna ynanýanlar Mukaddes Kitabyň dinozawrlar barada dil ýarýandygyna ynanmaýarlar, olaryň pikiriçe dinozawrlar adamlar ýaşaýşa başlamazdan millionlarça ýyl öň ýok bolup giden we netije-de Mukaddes Kitaby ýazanlar dinozawrlary gören bolu bilmez.

Ýer şarynyň ýaşdygyna ynanýanlar bolsa Mukaddes kitap dinozawrlar hakynda söz açýandygyna ynanýarlar dinozawr sözi asla ulanylmadyk hem bolsa. Oňa derek Mukaddes Kitap Türkmençä birnäçe tapawutly görnüşde terjime edilip bilinýän “tanniýn” diýlen Ibrani sözüni ulanýar. Käte bu “deňiz janawary” diýmegi aňladýar, käte bolsa “ýylan” diýmegi. Köplenjine bu “drakon” diýip terjime edilýär. Tanniýn diýmek äpet bir süýreniji görnüşini bolan bolmaga çemeli. Bu jandarlar Köne äht-de 30 çemesi gezek bellenip geçilen we ýer-de hem suw-da hem gabat gelýär.

Bu äpet süýrenijilerdenem daşary Mukaddes kitap birnäçe janawardan käbir bilermenleriň dinozawrlar hakynda söz açylandygyny pikir etjek şekilinde gürrüň berýär. Bähemos barada Mukaddes kitap şeýle diýýär: “Hudaýyň iň güýçli jandary, guýrugy kedr agajyna çalym edýän süýreniji” (Eýýup 40:1). Käbir alymlar muny begemot ýa-da pil diýip atlandyrjak bolýar. Muňa garşy çykýanlar bolsa piliň we begemotyň gaty inçe guýruklydygyny we kedr agajyna meňzemeýändigini aýdýar. Dinozawrlar hem brahiozawrlar we diplodoklar ýaly kedr agajyna meňzedilip bilinjek uzyn guýrukly jandarlardy.

Köne siwilizasiýalaryň ählisi diýen ýaly äpet süýreniji jandary suratlandyrma şekli bar. Häzirki zaman dinozawr maketlerine çalym edýän Ieroglifler, elçyzymy suratlar we hat-da kiçijik laý heýkeller hem duş gelýär Demirgazyk Afriakda. Beýle jandarlary ulag edip ulanýan adamlaryň gowaga çekilen suratlaryna hemgabat gelinýär Günorta Amerikada. Rim mozaikleri, Maýýa edebiýaty we Wawilonyň diwardaky suratlarynyň ählisi adamlaryň bu jandar bilen bagly bir meňzeş fantaziýalaryna şaýatlyk edýär. Adamlaryň we dinozawrlaryň bir wagt-da bar bolandygy baradaky antropiki we taryhy delillerden başga hem fosilleşen adam aýak yzy we dinozawr aýak yzlary ýaly fiziki delillere hem duş gelmek bolýar Demirgazyk Amerika, Günbatar merkezi aziýa-da.

Onda, Mukaddes Kitap-da dinozawrlar hakynda aýdylanmy? Anyk birzat diýerden kyn. Bu siziň daşarky dünýäni we delilleri nähili teswirleýşiňize bagly. Eger-de siz Mukaddes kitaby sözbe-söz (literal) teswirleseňiz adamlar we dinozawrlar şol bir wagt-da bar bolandygy netijesi kabul edilip biliner. Adamlar we dinozawrlar şol bir wagt-da bar bolan bolsa dinozawrlara näme boldy? Bibliýa bu mesele barada dil ýarmaýar, dinozawrlar sil soňrasy üýtgän tebigaty netijesinde we adamlar tarapyndan awlanmagy netijesinde ýitip ýok bolup giden bolsa gerek.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mukaddes kitap dinozawrlar hakynda näme diýýär?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries