Sorag
Baky gorag Mukaddes Kitaba esaslananmy?
Jogap
Haçan-da adamlar Isa Mesihi halasgäri hökmünde kabul eden-de olar ebedi howpsuzlyga kepil geçýän Hudaý bilen gatnaşyga girizilendir. Ýahuda 24 şeýle diýýär: “Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsiz getirmegi başarýandyr.”Hudaýyň güýji imanlyny goramaga ýetýändir. Özümizi onuň huzuryna çykarmak onuň elindedir, biziň elimiz-de däldir. Biziň baky howpsuzlygymyz Hudaýyň bizi goramagynyň netijesidir, öz gutulyşymyza çemeleşişimiziň netijesi däldir. Reb Isa Mesih şeýle diýýär: “Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez”(Ýohanna 10:28-29). Isa Mesih hem Atamyz hem bizi Öz elinde berk gysymlandyr. Kim bizi Hudaýyň we Oglunyň elinden alyp biler?
Efesliler 4:30 boze imanlylar gutulyş güni azat edilmeginiň kepillendirilendigini aýdýar. Eger-de imanlylar baky howpsuzlykda bolmasady onda ol kepil Azat edilme gününe çenli bolup bilmezdi, diňe günä etjek ýa-da imandan çykjak ýa-da ynamsyzlyk etjek gününe çenli bolardy. Ýohanna 3:15-16 bize Isa Mesihe iman eden her kim baky durmuş gazanjakdygyny aýdýar. Eger-de bir adama ebedi durmuş wada berilen bolsa we yzýany bilen ol ondan alynan bolsa onda bu asla ebedi däl eken. Eger-de ebedi howpsuzlyk dogry däl bolsa onda Mukaddes Kitapdaky ebedi durmuş wadalary hem ýalňyş bolardy.
Ebedi howpsuzlyk baradaky iň güýçli argument Rimliler 8:38-39-dyr: “Sebäbi men ne ölümiň, ne-de ýaşaýyşyň, ne perişdeleriň, ne-de jynlaryň, ne häzirki, ne gelejekki ýagdaýlaryň, ne-de güýçleriň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň – ýaradylan zatlaryň biriniňde bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly aýan bolan Hudaýyň söýgüsinden aýryp bilmejekdigine berk ynanýaryn.”biziň baky goragymyz Hudaýyň saýlanlaryna bolan söýgüsine esaslanandyr. Biziň baky goragymyz Mesih tarapyndan gazanylandyr, Ata tarapyndan wada edilendir we Mukaddes Ruh tarapyndan kepillendirilendir.
English
Baky gorag Mukaddes Kitaba esaslananmy?