settings icon
share icon
Sorag

Erbet zatlaryň ýagşy adamlara duçar gelmegine Hudaý name üçin rugsat berýär?

Jogap


Azaply we ejirli dünýäde ýaşaýarys. Durmuşyň gödek hakykatlary bilen ýüzleşmedik hiç kim ýokdur we şo sebäpden “Näme üçin ýagşy adamlara erbet zatlar bolýar?” sowaly jogaplanmasy iň kyn soraglardan biridir teologiýada. Hudaý hökmürowandyr, diýmek bolup geçýän zatlar iň azyndan onuň ýol bermegi bilen bolup geçýändir, eger göni ondan gelmeýän bolsa. Beýleki tarapdan bolsa biz şuny kabul etmelidiris: Baky, tükeniksiz we ähli zady bilmeýän adamzat asla akyl ýetirip bilmez Hudaýyň maksatlaryna we hereket ediş ýollaryna.

Eýýubyň kitaby şu mesele bilen meşgul bolýar. Eýup ýagşy adamdy (Eýup 1:1) emma şonda-da ynanjyň ötesinde birnäçe ýol bilen ejir çekdi. Hudaý, Şeýtana, Eýýuby öldürmekden daşary her zady etmäge rugsat berdi we Şeýtan elinden geleniň iň erbedini etdi. Eýýubyň reaksiýasy nämedi? “Ol meni öldürer, mende umyt ýok” (Eýýup 13:15). “Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!” (Eýýup 1:21). Eýýup akyl ýetirip bilmedi Hudaýyň näme üçin bu zatlara rugsat berýändigine emma ol bilýardi Hudaýyň ýagşydygyny we şo sebäpden oňa bil baglamaga dowam etdi. Biziň hem reaksiýamyz şo bolmalydyr.

Ýagşy adamlara erbet zatlar näme üçin duş gelýär? Muny kabul etmek kyn hem bolsa şuny ýatlamalydyr: “ýagşy” adamlar ýokdur, sözüň absolýut manysynda. Biziň hemmämiz hem günä bilen garyşandyrys (Wagyz 7:20; Rimlilere 3:23; 1 Ýahýa 1:8). Isanyň aýdyşy ýaly, “Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir” (Luka 18:19). Ählimiz günäniň täsirini nähilidir bir ýol bilen başdan geçirýäris. Käte bu biziň şahsy günämizdir; başga wagtlar, başgalaryň günäsidir. Ählimiz günäli dünýäde ýaşaýarys we ol düşüşiň täsirlerini tejribe edýäris. Ol täsirleriň biri hem nähaklykdyr we ýerliksiz ejir çekmekdir.

Hudaýyň eýle erbet zatlara näme üçin ýol berýändigi barada oýlanýarkak, bolup geçýän erbet zatlar hakynda şu 4 zady hem aňymyzda tutmalydyrs:

1) Ýagşy adamlara erbet zatlar bu dünýäde duçar gelip biler emma bu dünýä soň däldir. Mesihileriň baky perspektiwasy bardyr: “Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir. Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar. Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr” (2 Kor 4:16-18). Ileride bir gün serpaýymyz bolar we bu, şanly bolar.

2) Erbet zatlar ýagşy adamlara duçar gelýär emma Hudaý o erbet zatlary hemişelik ýagşylyk üçin ulanýar. “Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris” (Rimlilere 8:28). Ýalňyş zat etmedik Ýusup, gorkunç muşakgatlardan çykanynda Hudaýyň meýilnamasyny görüpdi (Gelip Çykyş 50:19-21).

3) Ýagşy adamlara erbet zatlar duçar gelýär emma o erbet zatlar, imanlylary has güýçli iman üçin ýaraglandyrýar. “Ähli tesellileriň gözbaşy bolan merhemetli Ata Hudaýa, Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna alkyş bolsun! Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris. Çünki Isa Mesihiň görgüleriniň durmuşymyzda artdygysaýy, Ol arkaly Hudaýdan alýan tesellimiz-de artýandyr.” (2 Kor 1:3-5). Söweş ýaralary bolanlar, söweşdäkilere has gowy ýardam berip biler.

4) Ýagşy adamlara gowy zatlar duçar gelýär we iň erbet zatlar iň gowy kişä duçar geldi. Isa, ýeke-täk dogry adamdy emma haýal edip biljegimizden hem artyk ejir çekdi. Biz onuň aýak yzlaryna eýerýäris: “Eger eden nädogry işiňiz üçin ýenjilmelere döz gelýän bolsaňyz, bu size näme hormat getirer? Emma ýagşylyk edibem ýene ejir çekseňiz we muňa çydasaňyz, Hudaý mundan has köp razy bolar. 21 Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy. 22 ‡«Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady».

23 Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.” (1 Petrus 2:20-23). Isa biziň azaplarymyza nätanyş däldir.

Rimlilere 5:8 şeýle diýýär: “Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi”. Günäli tebigatymyza garamazdan Hudaý bizi entägem söýýär. Isa, günälerimizi öz gerşine aljak derejede söýdi bizi (Rimlilere 6:23). Isa Mesihi Halasgärimiz hökmünde kabul etsek (Ýahýa 3:16, Rimlilere 10:9), biz bagyşlanarys we jennetden baky öý wada edileris(Rimlilere 8:1).

Hudaý bu zatlara bir sebäp üçin rugsat berýär. Biz o sebäplere akyl ýetirsek-de ýetirmesek-de Hudaýyň ýagşydygyny, adyldygyny, söýgi doludygyny we rehimlidigini unutmaly däldir (zebur 135:3). Adatça, erbet zatlar biziň akyl ýetirip bilmeýän görnüşimizde duçar gelýär bize. Hudaýyň ýagşylygyndan şüphe etmek ýerine, biz oňa bil baglamalydyrys. “Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla. Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular” (Süleýmanyň pähimleri 3:5-6). Biz iman bilen hereket edýäris, aňyýet bilen däl.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Erbet zatlaryň ýagşy adamlara duçar gelmegine Hudaý name üçin rugsat berýär?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries