settings icon
share icon
Sorag

Mukaddes kitap etnikara durmuş gurmak barada näme diýýär?

Jogap


Köne äht Ysraýyllylara başga milletler bilen durmuş gurmazlygy buýurdy (Kanun Taglymaty 7:3-4) ýöne munuň sebäbi etniki gelip çykyş ýa-da beden reňki däldi, tersine dindi sebäp. Hudaý ýewreýlere milletara durmuş gurmagy gadagan etmeginiň sebäbi beýleki milletler ýalan hudaýlara eýerýärdi. Ýewreýler olar bilen durmuş guran bolsa-dy onda olar hem ters ýola düşüp bilerdi. Malaky 2:11-e görä bu edil bolan wakady.

Ruhy tämizlik baradaky beýleki bir prinsip barada dil açylýar täze äht-de emma munuň milletlere degişli ýeri ýok: “Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar?” (2 Korintoslylar 6:14). Edil Ysraýyllylar (hak Hudaýa iman edenler) müşrikler bilen durmuş gurmagy gadan edilişi ýaly mesihilere (hak Hudaýa iman edenler) hem imansyzlar bilen durmuş gurmazlyk buýrulandyr. Mukaddes Kitap asla milletara durmuş gurmak ýalňyş diýmeýär. Beýle diýýänler Mukaddes Kitaba esaslanman aýdýandyr.

Martin Lýuter King aýdyşy ýaly adam häsiýeti boýunça sud edilmelidir, beden reňki boýunça däl. Mesihiniň durmuşynda gelip çykyşy boýunça üstünlige ýer ýokdur (Ýakup 2:1-10). Aslynda Mukaddes Kitabyň nukdaýnazary boýunça diňe ýekeje etniklik bardyr: ynsan, herkim hem Adam ata we How eneden gelip çykandyr. Özüne ýar saýlaýarka Mesihi adam ilki bilen mümkin bolan ýoldaşynyň Isa Mesihe iman arkaly gaýtadan-doglandygyna seretmelidir (Ýohanna 3:3-5). Mesihe bolan iman Mukaddes Kitaba görä ýar saýlamagyň standartydyr, beden reňki däl. Etnikara durmuş ýalňyşlyk-dogrulyk meselesi däldir.

Toý hakda pikir edýän jübütler köp faktorlara seretmelidir. Beden reňki äsgerilmeli däl hem bolsa kesgitleýji faktor bolmaly däldir. Etnikara jübüt diskriminasiýa we üstünden gülünmäge duçar bolup biler emma olar muňa Mukaddes Kitap esasynda jogap bermäge taýyn bolmalydyr. “Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr” (Rimliler 10:12). Reňke üns bermeýän kilise ýa-da Mesihi etnikara toý biziň Mesih arkaly deňligimiziň ajaýyp waspy (ilýustrasiýasy) bolup biler.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mukaddes kitap etnikara durmuş gurmak barada näme diýýär?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries