settings icon
share icon
Sorag

Gaýtadan-doglan Mesihi näme diýmek?

Jogap


Gaýtadan-doglan Mesihi diýmek näme diýmek? Mukaddes kitapda bu sowaly jogaplandyrýan nusgawy aýat Ýohanna 3:1-21-dir. Reb Isa Mesih öňdegeliji Fariseý we Sanhedrin agzasy Nikodim bilen gürleşýär. Nikodim gije käbir soraglar bilen Isa Mesihe gelipdi.

Isa Mesih Nikodim bilen gürleşýärkä şeýle diýdi: “Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez.” Nikodim oňa: “Garran adam nädip gaýtadan doglup biler? Ol ýene-de enesiniň gňwresine girip, täzeden doglup bilmez ahyry!” diýdi. Isa şeýle jogap berdi: “Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň şalygyna girip bilmez. Bedenden doglan bedendir, Mukaddes ruhdan doglan ruhdur. Saňa gaýtadan dogulmalysyň diýýänime geň galma” (Ýohanna 3:3-7).

Gaýtadan-doglan diýen söz sözbe-söz ýagdaý-da “ýokardan doglan” diýmegi aňladýar. Nikodim muňa zerurdy. Ol ýüreginiň özgermegine, ruhy özgerişige mätäçdi. Gaýtadan dogluş, gaýtadan-doglan bolmak, Hudaýyň imanly adama baky ýaşaýyşy guýma hereketidir ( 2 Kor 5:17; Titus 3:5; 1 Pet 1:3; 1 Ýoh 2:29; 3:9; 4:7; 5:1-4, 18). Ýohanna 1:12, 13 hem gaýtadan-doglan bolmak Isa Mesihe iman arkaly “Hudaýyň perzendi bolmagy” aňladýandygyny kast edýär.

Kellämize “Näme üçin gaýtadan doglan bolmak gerek adama?” diýen sorag gelýändir. Efesliler 2:1-de Resul Pawlus şeýle diýýär: “Owal siz ýazyklaryňyz we günäleriňiz sebäpli ölüdiňiz.” Rimlilere bolsa ol “sebäbi hemmeler günä edip Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy” (Rimliler 3:23) diýip ýazýar. Günäliler ruhy taýdan “ölüdir”; haçan-da olar Mesihe iman arkaly ruhy durmuş gazananda Mukaddes kitap muny gaýtadan-dogluşa meňzedýär. Diňe gaýtadan-doglanlaryň günäsi geçiler we diňe olar Hudaý bilen gatnaşygy ýola goýar.

Bu nädip beýle bolýar? Efesliler 2:8-9 diýýär: “Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. BU siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi. Hiç kim ynsan tagallasy bilen halas boldum diýip öwünmesin.” Kimdir biri halas edilen-de ol gaýtadan-doglan bolandyr, ruhy taýdan täzelenendir we ol indi Hudaýyň perzendidir. Haç-da ölmek bilen günäniň muzduny tölän ýeke-täk adam bolan Isa Mesihe iman etmek gaýtadan-doglan diýmekdir. “Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!” (2 Korintoslylar 5:17).

Eger-de siz Isa mesihe asla öz halasgäriňiz hökmünde ynanmadyk bolsaňyz , Siziň ýüregiňize seslenjek Mukaddes Ruhy herekete geçirmek barada oýlanyp görermisiňiz? Siz gaýtadan-doglan bolmagyňyz gerek. Siz toba dilegini edermisiňiz we Mesih arkaly täze ýaradylyş bolmak isleýäňizi? “Ol özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi. Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir” (Ýohanna 1:12-13).

Eger-de Isa mesihe halasgäriňiz hökmünde iman etmek we gaýtadan-doglan bolmak isleýän bolsaňyz ine size edip biljek ýönekeýje dilegiňiz. Bu dilegi etmek diýmek siz öz gutulyşyňyz üçin Isa mesihe bil baglaýandygyňyzy Hudaýa ykrar etmekdir. Sözleriň gury özi sizi halas etmez, diňe Isa mesihe bolan iman gutulyşy üpjün eder! “Rebbim, Saňa garşy günä edendigimi we jezany hak edendigimi bilýärin. Emma oňa bolan Imanym arkaly bagyşlanyp bilmegim üçin Isa mesih jezamy özüne aldy. Ýardamyň bilen gutulyşyma bolan ynamymda saňa bil baglaýaryn. Soňsuz merhemetiň we geçirimliligiň-ebedi durmuşy sowgat berendigiň üçin saňa minnetdar! Amen!”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Gaýtadan-doglan Mesihi näme diýmek?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries