settings icon
share icon
Sorag

Mesihi durmuşymda Günä etmekden nädip gaça durup bilerin?

Jogap


Mukaddes kitap günäden gaça durmak babatyn-da bize birnäçe ýol hödürleýär. Bu durmuşymyz-da biz asla dolulygyna günäsiz bolup bilmeris (1 Ýohanna 1:8) emma biz ýene-de muňa ymtylmalydyrys. Hudaýyň kömegi we onuň prinsiplerine eýermek arkaly biz assa-ýuwaş günäden üstün çykyp bileris we Mesihe bolan meňzeşligimizde öňe gidip bileris.

Mukaddes Kitap günäden üstün çykmak babatda ilkinji aýdýan zady Mukaddes Ruhdur. Mesihi ýaşaýşymyzda günäden üstün çykmagymyz üçin Hudaý bize Mukaddes Ruhy beren. Ynsan işlerini Hudaý Mukaddes Ruhuň miweleri bilen garşylaýar Galatýalylar 5:16-25-de. Şol parça-da biz Mukaddes Ruh bilen bile hereket etmäge çagyrylýas. Ähli imanlylar bireýýäm Mukaddes Ruha eýe boandyr emma bu parça bize Mukaddes Ruha görä, oňa eýerip we onuň golastynda ýaşamagy ündeýär.

Mukaddes Ruhuň amala aşyryp biljek özgerişigi Mukaddea Ruh bilen doldurulmanka 3 gezek mesihi inkär eden Resul Petrusyň durmuşynda görkezilendir. Mukaddes Ruh bilen dolandan soňra ol Pontusyň ýewreýlerine açykdan-açyk gürledi. Biz Mukaddes Ruha onuň ylhamlandyrmalaryny söndürmejek şekilde eýermelidiris we Ruh bilen doldurylmaga ymtylmalydyrys (Efesliler 5:18-21). Nädip Mukaddes Ruh bilen doldurylmaly? Ilki bilenä bu Hudaýyň saýlawydyr Köne ähtdäki ýaly. Ol edilmegini islän işlerini etmegi üçin adamlary saýlady we olary Ruh bilen üpjün etdi (Gelip Çykyş 41:38; Müsürden çykyş 31:3; Çölde 24:2; 1 Şamuwel 10:10). Efesliler 5:18-21-de we Kolosiýalylar 3:16-da Hudaý özüni Hudaýyň sözi bilen dolduranlary Ruhy bilen üpjün edýändigine delil bar. Bu bizi ikinji ýola alyp gidýär.

Hudaýyň sözi Mukaddes Kitap bize Hudaý bize öz sözüni her bir gowy amala gural bolmagy üçin berendigini aýdýar (2 Timoteos 3:16-17). Bu bize nähili ýaşamalydygmyzy, nämä ynanmalydygymyzy, haçan ýalňyş ýola gidendigimizi we dogry ýola nädip dolanmalydygymyzy we bu ýol-da nähili galmalydygymyzy öwredýär. Ýewreýler 4:12 bize Hudaýyň sözi janlydygyny we güýçlidigiini, ýüregimize girmäge ukyplydygyny we içimizdäki günälere hötde gelip biljekdigini aýdýar. Zebur 118-de Dawut pygamber Hudaýyň sözüniň durmuş özgerdiji häsiýeti barada dil açýar. Ýeşuwa duşmanlaryndan üstün çykmagyň ýoly Hudaýyň sözüni unutmak däl-de muňa gündelik durmuşynda eýermekdigi aýdylýar. Ol şeýle hem etdi hat-da Hudaýyň emirleri harby babat-da oňa dereksiz görünse-de we netije-de bu onuň wada edilen topraklar üçin eden söweşlerinde ýeňiji bolmagynda esasy rol oýnady.

Mukaddes Kitap biziň az üns berýän ýolumyzdyr. Biz Mukaddes kitabymyzy kilisä alyp gitmek ýa-da her gün okamak ýaly görnüşlerde ulanýas emma biz ony ýatlamzok, oňa görä ýaşamzok ýa-da durmuşymyzda amal edemzok. Biz munuň aýan edýän günälerini boýun alamzok ýa-da munuň aýan edýän Hudaý peşgeşleri üçin Hudaýy şöhratlandyramzok. Mukaddes kitaba gezek gelen-de biz ýa unutgan ýa-da kanagatly. Biz ýa-ha diňe özümize ýetjek dereje-de iýmitlenýäs Hudaýyň sözünden (saglykly bolmaga ýetjek dereje-de däl) ýa-da biz mundan iýmitlenýäs emma asla oňa görä ýaşamzok.

Hudaýyň sözüni ýatlamak, öwrenmek wajypdyr eger-de beýtmeýän bolsaňyz beýtmäge başlamak wajypdyr. Käbirleri bu babat-da žurnal döretmegi peýdaly görýär: Hudaýyň sözünden özüňe peýdaly boljak zady bellige alýançaň muny eliňden taşlamazlygy endik edinmegi peýdaly görýärler. Kimileri dilegleri hasaba alýar Hudaýdan olara kömek etmegini diläp. Mukaddes Kitap Ruhuň durmuşymyz-da ulanýan esbabydyr (Efesliler 6:17) we Hudaýyň ruhy söweşlerimiz-de üstün çykmagymyz üçin bize beren ýaragynyň agramly parçasydyr (Efesliler 6:12-18).

Günä garşy söweşimizdäki üçinji bir resursymyz bolsa dilegdir. Bu hem hristýanlaryň diňe sözde ulanýan emma az peýdalanýan resursydyr. Biz dileg etmek üçin jemlenýäs, dileg üçin rejämiz bar emma biz dilegi irki kilise ýaly ulanamzok (Resullar 3:1; 4:31; 13:1-3). Resul Pawlos dowamly ýagdaý-da belläp geçýär wagyz eden adamlary hakynda nähili dilegler edendigini. Dileg babatynda Hudaý bize ajaýyp wadalary berýär (Matta 7:7-11; Luka 18:1-8; Ýohanna 6:23-27; 1 Ýohanna 5:14-15) we Resul Pawlos dilegi özüniň ruhy söweşine garşy parçasynda hasaba alýar (Efesliler 6:18).

Günälerden üstün çykmak-da dileg nä dereje wajyp? Petrusyň iňkäriniň öň ýanynda Isa Mesihiň Petrusa Getsemani bagynda aýdanlary bar bizde. Isa dileg edýärkä Petrus ukydady. Isa ony oýarýar we “Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr ýöne beden ejizdir” (Matta 26:41) diýýär. Petrus ýaly biz hem dogry zady etmek isleýäs emma gaýrat tapamzok. Hudaýyň tabşyryklaryna eýermegimiz gerek agtarmaga, kakmaga, islemäge dowam etmegimiz we onuň bize gerek gerek bolan gaýratymyzy bermegi üçin (Matta 7:7). Dileg jadyly bir formula däldir. Dileg diňe çäklerimizi, Hudaýyň garşy goýulmaz güýjini beýan etmekdir we Onuň islegini berjaý etmäge gaýrat üçin Oňa ymtylmakdyr, öz isleýänlerimizi etmek üçin däl (1 Ýohanna 5:14-15).

Günäni boýun egdirmek-de ulanyp biljek üçinji resursymyz bolsa kilisedir, beýleki imanlylar bilen bileleşikdir. Isa mesih öz şägirtlerini ýollan-da ol okary iki-ikiden ýollady (Matta 10:1). Resullaryň işlerinde missionerler ýeke özleri gitmedi, iki-üç adamlyk topar bolup gitdiler. Isa Mesih bize bu bileleşigi taşlamazlygy we beýlekiler ruhlandyrmakda, höweslendirmekde ulanmagy buýurýar (Ýewreýler 10:24). Ol bize biri birimiz öňünde günälerimizi boýun almagy buýurýar (Ýakup 5:16). Köne ähtiň paýhasly edebiýatynda demir demiri ýitileşdirişi ýaly bir adam beýlekini ýitileşdirişi aýdylýar (Süleýmanyň pähimleri 27:17). Agzybirlik-de güýç bardyr (Wagyz 4:11-12).

Köp Mesihiler hasabat ýoldaşy edinmegiň günäden üstün çykmakda ullakan goşandy bardygyna ynanýarlar. Siz bilen söhbet edip biljek, dileg edip biljek, sizi höweslendirip biljek we aýyplap biljek dost edinip bilmek gadyrly zatdyr. Synalmak ählimize mahsusdyr (1 Korintoslylar 10:13). Käte günä garşy ýeňiş basym gelýär. Başga wagtlar ýeňiş gazanmak köp wagt alýar.Biz Hudaýyň resurslaryny ulansak Hudaý biziň durmuşymyzy özgertmegi wada berýär. Günäden üstün çykmaga bolan höwesimize dowam edip bileris sebäbi OL öz wadalaryna sadykdyr.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mesihi durmuşymda Günä etmekden nädip gaça durup bilerin?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries