settings icon
share icon
Sorag

Isa biziň günälerimiz üçin ölmeginden owal adamlar nähili halas bolýardy?

Jogap


Adamzadyň ýykylyşyndan bäri, gutulyşyň binýady Mesihiň ölümi bolandyr. Haçdan owal ýa-da soňra, dünýä taryhyndaky şol möhüm waka bolmasa halas bolmazdy. Mesihiň ölümi, Köne Ähtiňem Täze Ähtiňem adamlarynyň günäsiniň muzdyny töledi.

Gutulyşyň şerti hemişe-de iman bolupdy. Gutulyş üçin imanyň nyşanasy hemişe-de Hudaý bolupdy. Bir Zeburçy şeýle diýýär: “Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly” (zebur 2:12). Gelip Çykyş 15:6 bize, Ybraýymyň Hudaýa iman edendigini we şol imanyň, Hudaýyň ony dogrulyk bilen saýmagyna ýeterlik bolandygyny aýdýar (Rim 4:3-8e hem serediň). Köne Ähtiň gurbanlyk sistemasy günäni ýok etmeýärdy, Ýewreýlere 10:1-10-yň çürt-kesik aýdyşy ýaly. Bu gurbanlyk däbi, emma, Hudaýyň oglunyň, günäli adamzat üçin ganyny dökjekdigine yşarat edýärdi.

Wagt bilen özgeren zat, imanlynyň imanynyň mazmunydy. Hudaýyň iman talaby onuň adamzada aýan eden mukdaryna baglydy. Muňa progressiw aýanlyk diýilýär. Adam ata, Hudaýyň oňa Gelip Çykyş 3:15-de beren wadasyna, zenanyň tohumynyň şeýtany basyp aljakdygyna ynandy. Adam ata oňa ynandy, bu ynam onuň How enä beren ady bilen görkezildi (20-nji aýat) we Reb, onuň imanyny kabul edendigini oňa deri palto bermek bilen görkezdi (21.aýat). O wagt, Adam atanyň bar bilýäni şoldy, ol şoňa hem ynandy.

Ybraýym, Hudaýa, Hudaýyň oňa Gelip Çykyş 12 we 15-nji baplarynda beren wadalary we täze aýanlygy boýunça ynandy. Musadan owal Mukaddes Ýazgylar ýazuwa dökülmändi emma adamzat Hudaýyň olara aýan edenlerinden jogapkärdi. Köne Äht döwründe adamlar gutulyşa, Hudaýyň, günäleri üçin bir çäre görjekdigine bolan ynanjy arkaly ýetdi. Bugün biz geçmişe seredýäris, Hudaýyň, haçda günälerimiň çözgüdini tapandygyna ynanmak bilen (Ýahýa 3:16; Ýewreýlere 9:28).

Mesihiň ýaşaýşy dowamyndaky emma haç we direlişden owalky adamlar barada näme? Olar nämä ynandy? Mesihiň, haçda olaryň günäsi üçin ölendigine göz ýetirdimi olar? Zähmet ýolunyň soňlarynda, “Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady” (Matta 16:21). Şägirtleriniň bu habara reaksiýasy nämedi? “Petrus Ony bir çete çekip: «Hudaý saklasyn, Agam! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady” (Matta 16:22). Petrus we beýleki şägirtler hakykaty doly bilenokdy emma olar halas edilipdi sebäbi olar Hudaýyň günä garşy çäre görjekdigine ynanýardy. Olar, Hudaýyň muny nähili başarjakdygyny bilenokdy, Adam ata, Ybraýym, Musa ýa-da Dawutdan köp zat bilenokdy emma olar Hudaýa ynandy.

Bugün bizde has köp aýanlyk bar Mesihiň direlişinden owal ýaşap geçen adamlara görä; biz, tutuş suraty görýäris. “Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi. Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi” (Ýew 1:1-2). Gutulyşymyz entägem Mesihe baglydyr, imanymyz entägem gutulyşyň talabydyr we imanymyzyň maksady entägem Hudaýdyr. Häzirki wagtda imanymyzyň mazmuny, Isa Mesihiň günälerimiz üçin ölendigi, gömlendigi we üçünji günde direldilendigidir (1 Kor 15:3-4).

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Isa biziň günälerimiz üçin ölmeginden owal adamlar nähili halas bolýardy?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries