Sorag
Iman eden adam hemişeligine halas edilenmi?
Jogap
Iman eden adam näme etse-de halas edilenmi? Haçan-da adam Isa Mesihi halasgäri hökmünde ykrar edende bu ykrary ony baky jennete güwä geçýän Hudaý bilen gatnaşygyny ýola goýýar. Mukaddes ýazgylardan birnäçe aýat muny tassyklaýar.
(a) Rimliler 8:30 şeýle diýýär: “Hudaý ezelden saýlap seçenlerini çagyrdy, çagyranlaryny aklady, aklanlaryny şan-şöhrata besledi.” Bu aýat bize Hudaý tarapyndan saýlanan badymyza biz onuň öňünde jennetde sylaglanan ýaly bolýandygymyzy aýdýar. Imanly adam Hudaý tarapyndan şöhratlandyrylmagynyň öňüni alyp biljek zat ýokdur sebäbi Hudaý ony eýýäm jennetde meýilleşdirendir. Adam bir gezek aklanansoň onuň gutulyşy garantiýa astyndadyr – ol edil bireýýäm jennetde alkyşlanan ýaly arkaýyndyr.
(b) Rimliler 8:33-34-de Resul Pawlos 2 sorag soraýar: “Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar. Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturup, biziň üçin töwella edýär.” Hudaýyň seçimine kim garşy durup biler? Hiç kim sebäbi Mesih biziň aklawjymyzdyr. Kim bizi ýazgaryp biler? Sebäbi biziň üçin ölen Mesihdir kazy. Biziň halasgärimizdir aklawjy hem, kazy hem.
(ç) Imanlylar gaýtadan-doglandyr iman edeninde (Ýohanna 3:3; Titus 3:5). Mesihi adam imanyny ýitirmegi üçin gaýtadan-doglan däl bolan bolmagy zerurdyr. Täze dogluş yzyna alnyp bilinjekdigi barada Mukaddes kitap bize hiç bir delil bermeýär.
(d) Mukaddes Ruh ähli imanlylaryň içinde ýaşaýandyr (Ýohanna 14:17; Rimliler 8:9) we ähli imanlylary Mesihiň Bedenine çümdürendir (1 Korintoslylar 12:13). Iman eden öz gutulyşyny ýitirmegi üçin Mukaddes Ruh onda ýaşamadyk bolmagy we Mesihiň Bedeninden gopmagy gerekdir.
(e) Ýohanna 3:15 Isa Mesihe iman eden adam “ebedi durmuş” edinjekdigini aýdýar. Bugün mesihe iman edip ebedi durmuş edinseň we ertir muny elden gidersiň onda bu asla “ebedi” bolmandyr. Şu sebäpden, eger-de sen gutulyşyňy ýitirseň onda Mukaddes kitabyň ebedi durmuş hakdaky wadalary ýalan bolardy.
(f) Jemleme argumenti hökmünde Mukaddes ýazgylar muny aýdyň beýan edýändigini pikir edýän: “Sebäbi men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne-de jynlaryň, ne häzirki ne gelejekki ýagdaýlaryň, ne-de güýçleriň, ne belentligiň, ne-de çuňlugyň – ýaradylan zatlaryň biriniň-de bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly aýan bolan Hudaýyň söýgüsinden aýryp bilmejekdigine berk ynanýaryn.” (Rimliler 8:38-39). Seni halas eden eden Hudaý seni gorajak şol Hudaýdyr. Biz halas edilemizsoň hemişeligine halas edilendiris. Biziň gutulyşymyz ynamdar ellerdedir.
English
Iman eden adam hemişeligine halas edilenmi?