settings icon
share icon
Sorag

Gutulyş diňe imandan ybaratmydyr ýa-da iman we hereketlerden?

Jogap


Bu mesihi teologiýasynyň belkäm iň möhüm soragydyr. Bu sowal reformanyň, Protestant we Katolik kiliseleriniň bölünmeginiň sebäbidir. Bu sowal Mukaddes Kitaplaýyn Mesihilik we köp Mesihi sektalar arasyndaky tapawutdyr.Gutulyş üçin diňe iman ýeterlikmi ýa-da amallar hem gerekmi? Diňe bir Isa iman etmegim bilen halas edilýänmi ýa-da men mundan başga-da etmeli zatlarym barmy?

Iman ýeke özümi ýa-da goşmaça işler bilenmi soragy käbir düşünilmesi kyn Mukaddes Kitap parçalary netijesinde hasam kynlaşdyrylýar. Rimliler 3:28, Rimliler 5:1 we Galatýalylar 3:24-i Ýakup 2:24 bilen deňeşdiriň. Käbirleri Pawlos (gutulyş diňe imandan ybarat diýýän) bilen Ýakup (gutulyş iman we amallardan ybarat diýýän) arasynda tapawut görýär. Pawlos anyk ýagdaý-da aklama diňe imandandyr (Efesliler 2:8-9) diýýän bolsa Ýakup aklanma iman we amallar arkaly diýýär. Bu problema Ýakup näme hakda aýdýandygyna ýakyndan göz geçirmek arkaly jogaplanyp biliner. Ýakup “adam hiç bir gowy amal etmezden aklanyp biljekdigi” ynanjy çüýretmek üçin ýazýar muny (Ýakup 2:17-18). Ýakup Mesihe bolan paýhasly iman adamyň durmuşyny özgertjekdigini we gowy amallar ýüze çykarjakdygyny ýazýar (Ýakup 2:20-26). Ýakup aklanma amallar we imandan diýmeýär, gaýtam iman arkaly aklanan adam durmuşynda gowy amallar eder diýýär. Bir adam imanlydygyny aýdýan bolsa emma gowy amaly ýok bolsa durmuşynda onda ol adamyň Mesihe bolan paýhasly imany ýokdur (Ýakup 2:14, 17, 20, 26).

Pawlos hem ýazgylarynda şol bir zady aýdýar. Imanlylaryň durmuşynda bermeli miweleri Galatýalylar 5:22-23-de sanalandyr. Biziň amallar arkaly däl-de iman arkaly halas edilýändigimizi aýtmagynyň (Efesliler 2:8-9) yz ýany bilen Pawlos biziň gowy amallar ýerine ýetirmegimiz üçin ýaradylandygymyzy aýdýar bize (Efesliler 2:10). Pawlos hem durmuşymyz-da Ýakubyň isleýän özgerişiklerini isleýär: “Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!” (2 Korintoslylar 5:17). Ýakup we Pawlos ylalaşmazlyk-da däl gutulyş barada. Olar şol bir nokada tapawutly nukdaýnazarlardan degip geçýär. Pawlos aklanmanyň diňe imandangyny aýratynlykda belläp geçýär Ýakup bolsa Mesihe bolan paýhasly imanyň gowy amallary bolmalydygyny aýratyn belläp geçýär.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Gutulyş diňe imandan ybaratmydyr ýa-da iman we hereketlerden?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries