Sorag
Masturbasiýa – Mukaddes Kitaba görä bu günämi?
Jogap
Mukaddes Kitap hiç bir ýerinde masturbasiýa barada gürlemeýär ýa-da günä ýa-da däldigi barada aýdyp geçmeýär. Mukaddes ýazgylardan masturbasiýa barada iň köp aýdylýan aýat Onanyň hekaýasydyr Gelip Çykyş 38:9-10-daky. Kimileri bu aýaty “tohumyňy ýere dökmek” günä diýip teswirleýär emma bu ýazgynyň diýýän zady däl. Hudaý Onany ýazgarma sebabi “tohumyny serpmegi” däl, ol dogan hökmünde öz borjuny ýerine ýetirmekden gaçmagy sebäpli Hudaý ony näletledi. Bu ýazgy masturbasiýa hakynda däl-de maşgala borjuny ýerine ýetirmek barada. Masturbasiýa günädigi barada käte ulanylýan aýat bolsa Matta 5:27-30-dur. Isa mesih hylwat hakda pikirlenmek barada aýdýar we ondan soňra “sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla” diýýär. Bu gürrüň we masturbasiýa arasynda paralellik baram bolsa megerem Isa bu taý-da masturbasiýa barada gürlemedik bolsa gerek.
Mukaddes Kitap hiç bir ýerinde masturbasiýa günädigini açykdan-açyk aýdyp geçmeýänem bolsa masturbasiýa bilen netijelenýän zatlaryň günädigi barada sorag ýok. Masturbasiýa hemişe diýen ýaly hylwatly pikirleriň, jynsy stimulasiýanyň we/ýa-da pornografik şekilleriň netijesidir. Çäre görülmeli meseleler hem şulardyr. Hylwat hakdaky pikirler, biahlak düşünjeler we pornografiýa taşlansa onda masturbasiýa ýaly mesele ýüze çykmaz. Köp adamlar masturbasiýa bilen bagly günäkärlik duýgysy bilen göreşýär emma munuň bilen netijelenýän hereketler üçin toba etmek has zerurdyr.
Mukaddes Kitapda masturbasiýa degişli bolup biljek käbir prinsipler şulardyr: Efesliler 5:3 şeýle diýýär: “Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn.” Masturbasiýa muňa degişli däl bolmagy mümkin däl diýen ýalydyr. Mukaddes Kitap bize “Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de - bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň” (1 Korintoslylar 10:31) diýýär. Etjek zadyň Hudaýy şöhratlandyrmaýan bolsa ony etmezligiň ýegdir. Adam etmekçi bolýan zady Hudaýy kanagatlandyrýandygyna ynamly däl bolsa onda bu günädir: “Imana görä edilmedik zat günädir” (Rimliler 14:23). Mundanam başga, bedenimiz bize berilendigini we Hudaýa degişlidigini ýatdan çykarmalyň. “Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz. Siz baha, ondanda uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, ňz bedeniňiz bilen Hudaýy şöhratlandyryň.” (1 Kor 6:19-20) diýýär Mukaddes Kitap. Bu hakykat bedenimiz bilen näme etmelidigmiz babatynda uly orna eýe bolmalydyr. Bu düzgünler esasynda “masturbasiýa günädigi” mukaddes kitaba esaslanandyr. Aýdyň şekil-de masturbasiýa Hudaýy şöhratlandyrmak däl; ahlaksyzlykdan aýra däl we Hudaý biziň bedenimiziň eýesidiginden hem azat däl.
English
Masturbasiýa – Mukaddes Kitaba görä bu günämi?