Sorag
Meniň üçin dogry din haýsy?
Jogap
Fast-food restoranlary bizi nahary isleýşimiz ýaly zakaz etmek mümkinçiligi bilen özüne çekýär. Käbir kofehanalar bolsa kofeniň ýüzlerçe görnüşi bilen öwünýär. Jaý ýa-da maşyn alanymyzda hem biz islegimize görä ähli mümkinçiliklere seredip bilýäs. Biz indi diňe bir şokolad, wanilýa we üljeden ybarat dünýäde ýaşamzok. Saýlaw möhümdir! Şahsy islegiňiz we zerurlygyňyza görä islendik zady tapyp bilersiňiz.
Indi, siz üçin dogry bolan din barada näme aýdyp bolar? Günäden azat, talaby bolmadyk we birnäçe borçlar we gadaganlyklar bolmadyk din barada näme diýip bolar? Suratlandyryşym ýaly din barmy? Eýsem-de, din, iň gowy görülýän doňdurma ýaly saýlanylmaly zatlmy?
Ünsimizi çekjek bolýan birnäçe ses bar, şeýle-kä kimdir biri näme üçin Isany Muhammet ýada Konfusi ýaly beýlekilerden üstün saýmaly? Iň soňunda ähli ýollar jennete eltmeýärmi? Ähli dinler şol bir zat dälmi? Hakykat şudyr: ähli dinler jennete baryp ýetýän däldir ähli ýollar Indiana baryp ýetmeýşi ýaly.
Diňe Isa mesih Hudaýyň ornuna gürläp bilýändir sebäbi diňe Isa mesih ölümi ýeňip geçendir. Muhammet, Konfusi ýa-da beýlekiler häzirem mazaryndadyr. Emma Isa mesih öz güýji bilen Roman haçy zerarly düşen mazaryndan 3 gün soňra ýöräp çykandyr. Ölümden üstün çykan her kim biziň üns bermegimize mynasypdyr, diňlenilmäge laýykdyr.
Direliş baradaky deliller agdyklyk edýär. Ilki bilen, direlen Mesihiň 500-den artyk şaýady bardy. Bu gaty köp gözli şaýatdyr. Bäş ýüz adamyň aýdany ýok saýylyp bilinmez. Boş mazar meselesi hem bar. Isa Mesihiň duşmanlary onuň direlişi hakyndaky ähli gürrüňleri onuň ölen we çüýreýän bedenini orta çykarmak bilen dymdyryp bilerdi aňsatlyk bilen emma olar üçin ölen bedeni ýokdy Isa mesihiň! Mazar boşdy! Onuň şägirtleri onuň jesedini ogurlan bolmagy mümkinmidi? Däl diýen ýaly. Beýle ähtimallyga garşy onuň mazary dişine çenli ýaraglanan esgerler bilen goralýardy. Onuň iň ýakynlary onuň tussaglygynda we haça çüýlenmeginde gorkup gaçandygyny nazarda tutsak, beýle adamlar gowy ýaraglanan we tälim esgerlere garşy durup bilip jesedi ogurlandyklaryna ynanmak kyn. Olar bir toslama üçin öz janyndan geçip şehit hem bolmazdylar, bu olaryň köpüsiniň eden zady. Aýdyň hakykat: Isa mesihiň direlişi başgaça düşündirilip bilinmez.
Ýene-de aýdýas, ölümden üstün güýji bolan herkim diňlenilmäge mynasypdyr. Isa mesih ölümden üstün güýji bardygyny subut edendir, şeýlelikde, ony diňlemegimiz zerur. Isa mesih gutulyşa barýan ýeke-täk ýoldugyny aýdýar (Ýohanna 14:6). Ol birnäçe ýolddan biri däl, Isa mesih gutulyşa tarap ýeke-täk ýoldur.
We şol bir Isa mesih “Eý argynlar, agyr ýüklüler, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin” diýýär (Matta 11:28). Bu agyr we kyn durmuş, köpimiz gana doýan, uruşdan iren, ýadan. Şeýle dälmi? Näme isleýäňiz? Gaýtadan dikeltme ýa-da diňeje bir din? Diri halasgär ýa-da birnäçe ölen “pygamberden” birini? Manyly gatnaşykmy ýa-da boş adatlar? Isa mesih haýsydyr bir saýlaw däl – ol asyl saýlaw!
Geçirimlilik agtarýan bolsaňyz Isa mesih hakyky dindir (Ilçileriň işleri 10:43). Hudaý bilen manyly gatnaşyk isleýän bolsaňyz Isa mesih dogry dindir (Ýohanna 10:10). Jennetde baky öý isleýän bolsaňyz Isa mesih dogry dindir (Ýohanna 3:16). Isa mesihe halasgäriň hökmünde iman et; puşman bolmarsyň! Günäleriň üçin geçirimlilik üiçn oňa iman et, ynamyň boşa gitmez.
Hudaý bilen dogry gatnaşyk isleýän bolsaňyz onda ine size ýönekeýje dileg. Ýat-da saklaň, bu bilegi etmek ýa-da haýsydyr bir dilegi etmek sizi halas etmez. Mesihe bolan ynam sizi günäden halas eder. Bu diňe Isa Mesihiň ölümine we bizi halas etmek üçin direlendigine iman etmekdir: “Rebbim, men özümiň günäkärdigimi bilýän. Men günälerimiň eltjek netijesine laýykdygymy bilýärin ýöne men Isa mesihe öz halasgärim hökmünde ynanýaryn. Onuň ölümi we direlişi meniň günäm üçin tölegdigine ynanýaryn. Men diňe we diňe Isa mesihe ynanýaryn hökümdarym we halasgärim hökmünde. Meni bagyşlandygyň we halas edendigiň üçin minnetdar saňa Hudaýym! Amen!”
Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.
English
Meniň üçin dogry din haýsy?