settings icon
share icon
Sorag

Mukaddes Ruhuň mugjyzawy peşgeşleri bugün üçinmi?

Jogap


Ilki bilen, şuny belläp geçmek möhümdir: Bu sorag, Hudaýyň bugün hem mugjyza amala aşyryp aşyrmaýandygy barada däldir. Hudaýyň, bugünler, adamlary sagaltmaýandygyny, adamlara gürlemeýändigini we mugjyzawy alamatlar we täsirler amala aşyrmaýandygyny öňe sürmek akmakça we Mukaddes Kitaba garşy bolar. Soragymyz, 1 Korintoslylar 12-14 baplarynda gürrüň berilişi ýaly, Mukaddes Ruhuň mugjyzawy peşgeşleriniň bugün hem aktiwdigi ýa-da däldigi baradadyr. Soragymyz, Mukaddes Ruhuň o mugjyzawy peşgeşleri bugün hem paýlaýandygy ýa-da paýlamaýandygy baradadyr. Ähli zatdan öňürti, biz şuny dolulygyna kabul edýäris: Mukaddes Ruh, peşgeşleri isleýişiçe paýlamakda erkindir (1 Korintoslylar 12:7-11).

Resullaryň işleri kitabynda we beýleki hatlarda, resullar we olaryň arkadaşlarynyň diýseň köp mugjyza amala aşyrandygy bellenip geçilýär. Pawlos bize munuň sebäbini düşündirýär: “Hakyky resullygyň nyşanlaryny araňyzdakam alamatlarda, mugjyzalarda we gudratlarda uly çydamlylyk bilen görkezendirin” (2 Korintoslylar 12:12). Mesihe iman eden her kim, nyşan, täsinlik we mygjuza amala aşyrma ukyby bilen üpjün edilen bolsady, onda bu peşgeşler resullygyň nyşany bolmazdy. Res 2:22 bize Isanyň “mugjyzalar, gudratlar we nyşanlar” bilen “tassyklanandygyny” aýdýar. Birmeňzeşlikde, resullar hem Hudaý tarapyndan çapar hökmünde “tagmalanypdy”. Resullar 14:3 bize, hoş habaryň, Pawlos we Barnabanyň mugjyzalary arkaly tassyklanandygyny aýdýar.

1 Korintoslylaryň 12-14-nji baplary Mukaddes Ruhuň peşgeşleri barada gürleýär. O tekstden görünişine görä, “adaty” Mesihilere hem käte mugjyzawy sowgatlar berlen eken (12;8-10, 28-30). Munuň nä ýygylykdadygy bize habar berilmedik. Ýokardan öwrenişimize görä, resullar, alamatlar we täsinlikler bilen “tagmalanypdy”, “adaty” Mesihilere mugjyzawy peşgeşler berilmegi gaýryýetdi, düzgün däldi. Resullar we olaryň ýakyn töwereginden daşary, Täze Äht kitaby bize, indiwiduallara mugjyzawy peşgeşler berlendigi barada aýtmaýar hiç bir ýerde.

Ýene bir belläp geçmeli zadymyz, irki Kilise tamamlanan Mukaddes Kitaba eýe däldi (2 Tim 3:16-17, biziň häzirki ýagdaýymyzyň tersine. Şeýlelikde, pygamberlik, bilgirjelik, pähim we ş.m. peşgeşler gereklidi irki Mesihileriň, Hudaýyň olar bilen bagly meýilnamasyny bilmekleri üçin. Pygamberlik peşgeşi, imanlylary täze hakykat we Hudaýdan gelen aýanlyk barada habarlaşyp biljek ýagdaýa getirdi. Hudaýyň aýanlygy indi Mukaddes Kitapda tamamlanan, “aýan ediji” peşgeşler indi zerur däl, iň azyndan Täze Ähtde gürrüň berilen sygymda zerur däl.

Hudaý adamlary her gün sagaldýar mugjyzawy ýol bilen. Hudaý bize bugün hem gürleýär, sesli ýagdaýda ýa-da aňymyzda ýa-da duýgylar üsti bilen. Hudaý entägem geň galdyryjy mugjyzalar, alamat we täsinlikler amala aşyrýar we käte olary bir Mesihiniň üsti bilen amala aşyrýar. Emma bu zatlaryň Mukaddes Ruhuň ruhy peşgeşi bolmagy hökman däldir. Ruhy peşgeşleriň asyl maksady, hoş habaryň hakykatdygyny we resullaryň Hudaý çaparydygyny subut etmekdi. Mukaddes Kitap, mugjyzawy peşgeşleriň togtandygyny gönümel aýtmaýar emma olaryň näme üçin indi Täze ähtde bellenip geçilişi ýaly ýaýbaň däldigi barada esas berýär.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mukaddes Ruhuň mugjyzawy peşgeşleri bugün üçinmi?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries