settings icon
share icon
Sorag

Maňa berlen ruhy peşgeşiň nämedigini nädip bilip bilerin?

Jogap


Bize berlen ruhy peşgeşleriň nämedigini çürt-kesik orta çykaryp biljek jadyly bir formula ýa-da kesgitli test ýok. Ruhy peşgeşleri Mukaddes Ruh öz kesgitleýşi boýunça paýlaýar (1 Kor 12:7-11). Mesihiler üçin adaty bir problema bardyr, Hudaýa diňe bize ruhy peşgeş berlen ýolda hyzmat etmek maýylçylygy. Ruhy peşgeşleriň amala aşýan ýoly o däldir. Hudaý bizi Oňa ähli zatda tabynlyk bilen hyzmat etmäge çagyrýar. Ol bizi, çagyran hyzmatyny amala aşyrmagymyz üçin gereken ähli zat bilen üpjün eder.

Bize haýsy ýolda ruhy sowgat berlendigini ýüze çykarmagyň dürli ýollary bolup biler. Ruhy peşgeş testleri ýa-da inwentary dolulygyna ygtybarly bolmasa hem bize berlen peşgeşe akyl ýetirmekde ýardam berip biler. Başgalaryndan gelen tassyklama hem biziň ruhy peşgeşlidigimize yşyk tutýar. Rebbe hyzmat edýärkäk bizi gören başgalar, biziň parh etmedik ýa-da adatydyr öýden zatlarymyzyň sowgatdygyny ýüze çykaryp biler. Dileg etmek hem möhümdir. Bize nähili ruhy peşgeş berlendigini anyk bilýän ýeke-täk kişi, sowgat berijiniň özüdir – Mukaddes Ruh. Bize berlen ruhy peşgeşlerden has gowy peýdalanyp bilmegimiz üçin Hudaýdan bize berlen peşgeşi görkezmegini sorap bileris.

Hawa, Hudaý kimileriniň mugallym bolmagyny isleýär we olara öwretme peşgeşini berýär. Hudaý kimileriniň hyzmatkär bolmagyny isleýär we olary ýardam berme ukyby bilen ýalkaýar. Ruhy peşgeşimizi bilmek, bize, peşgeşimizden daşary ýollarda hyzmat etmezlige bahana däldir. Hudaýyň bize nähili ruhy peşgeş(ler) berendigini bilmek bähbitlimidir? Elbetde bähbitlidir. Ruhy peşgeşimize aşa üns berip Hudaýa hyzmat etmegiň beýleki ýollaryny sypdyrmagymyz ýalňyşmydyr? Hawa. Hudaý tarapyndan ulanylmaga özümizi bagyş eden bolsak onda Hudaý bizi gerekli ruhy peşgeşler bilen üpjün eder.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Maňa berlen ruhy peşgeşiň nämedigini nädip bilip bilerin?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries