Sorag
Mukaddes kitap bedendäki sançma surat (tatu, nakolka, tatirowka) we beden çapgynlary barada näme diýýär?
Jogap
Köne äht kanunynda “Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Men Rebdirin” (Lewililer 19:28) diýýär. Häzirki wagt-da imanlylar Köne äht kanunyna tabyn däl hem bolsalar (Rimliler 10:4; Galatýalylar 3:23-25; Efesliler 2:15) bir wagtlar sançma surata garşy kanun bar bolmagy käbir soraglary ýüze çykarýar. Imanlylar bedenine sançgy edinmelidigi ýa-da däldigi barada Täze Äht hiç bir zat aýtmaýar.
Bize şeýle buýruk bardyr 1 Petrus 3:3-4-de: “Siziň gözelligiňiz örülen saçlar, dakynan altynlar, owadan eşikler ýaly daşky görnüşden ybarat bolmasyn. Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içgi gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.” Bu ýazgy Mesihi zenanlara gönükdirilendir emma şeýle bir prinsip bardyr: adamyň daşky görnüşi biziň esasy ünsimizde bolmaly däldir. Köp zähmet gidýändir owadan saç görnüşlerine ýa-da owadan geýimlere we şaý-seplere emma bu zenan gözelliginiň bolýan ýeri däldir. Edil şeýle beden çapgynlary we sançma suratlar hem daşky bezegdir we biz içki gözelligimiziň görkleşmegine üns bermelidiris jyns tapawudyna seretmezden.
Sançgy suratlar we beden çapgynlaryna baglylyk-da, anyklamak üçin gowy test: Aklymyz ýerindekä özümize dürüst bolmak bilen Hudaýdan sorap bilerismi şol hereketi özüniň gowy maksatlary üçin ulanmagy üçin? “Şunlyk-da, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň” (1 Korintoslylar 10:31). Täze äht sançgy suratlaryna ýa-da beden çapgynlaryna garşy emir bermese-de Täze äht bize Hudaý biziň sançgy suraty we beden çapgyny edinmelidigmiz barada hem bir sebäp bermeýär.
Mukaddes kitabyň gönüden-göni degip geçmeýän meseleleri bilen iş salyşmak üçin ähmiýetli bir nokat bu mesele Hudaýy hoşal etjekdigi barada şüphe etmäge esas bar ýa-da ýokdugyna seretmek, eger-de esas bar bolsa onda ony etmezlik ýegdir. Rimliler 14:23 bize imandan gelmeýän islendik zat günädigini aýdýar. Biz, bedenimiz we şol bir san-da göwnümiz hem bize berilendigini we Hudaýa degişlidigini ýatda saklamalydyrys. 1 Korintoslylar 6:19-20 gönüden-göni garşy gitmese-de bu bize esas berýär, prinsip berýär: “Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz. Siz baha, onda-da uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, öz bedeniňiz bilen Hudaýy şöhratlandyryň.” Bu aýdyň hakykat bedenimiz bilen näme etjekdigimiz we nirä gitjekdigimiz meselesinde uly söze eýe bolmalydyr. Bedenimiz Hudaýa degişli bolsa biz bu bedeni sançgy ýa-da çapgyn bilen “nagyşlamankak” onuň açyk ejazasy gerekdir.
English
Mukaddes kitap bedendäki sançma surat (tatu, nakolka, tatirowka) we beden çapgynlary barada näme diýýär?