settings icon
share icon
Sorag

Gutulandygyma nädip ynamly bolup bilerin?

Jogap


Isa Mesihe eýerijileriň köpüsi, gutulyşyň kepilligini ýalňyş ýerden gözleýär. Gutulandygymyzyň kepilligini, Hudaýyň durmuşymyzda eden özgerişiklerinde gözleýäris, ruhy ösüşimizde gözleýäris, Mesihiň durmuşynda äşgär bolan ýagşy işler we Hudaýa eýermeklikde gözleýäris. Bu işler gutulyşyň delili bolmagy mümkin hem bolsa, gutulyşymyzyň kepilligini olara esaslandyrmaly däldiris. Oňa derek, biz gutulyşymyzyň kepilligini Hudaýyň sözüniň obýektiw hakykatynda gözlemelidiris. Biziň ynamymyz Hudaýyň jar eden wadalarynda bolmalydyr, subýektiw başdan geçirmelerimizde däl.

Gutulyşymyzyň kepilligine nädip ýetip bileris? 1 Ýohanna 5:11-13-i ýada salyň: “Hudaýyň şaýatlygy, ine, şundan ybarat: Hudaý bize baky ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýşy Öz Ogly arkaly berdi. Kim Hudaýyň Ogluna iman edýän bolsa, onda ýaşaýyş bardyr, kim iman etmeýän bolsa, onda ýaşaýyş ýokdur. Men muny size, Hudaýyň Ogluna iman edenlere ýazdym. Şeýlelikde, şuny bilip goýuň: Hudaýyň Ogluna iman eden sizde baky ýaşaýyş bardyr.” Hudaýyň Ogluna iman eden kimdir? Oňa ynananlardyr (Ýahýa 1:12). Isa iman eden bolsaňyz sizde ýaşaýyş bardyr. Wagtlaýyn däl, baky ýaşaýayş.

Hudaý, gutulyşa kepilli bolmagymyzy isleýär. Mesihi durmuşymyzy, çyndanam gutulyp-gutulmandygymyza kelle döwüp geçirmeli däldiris. Ine, şu sebäpden Mukaddes Kitap gutulyş ýoluny çürt-kesik belli edýär. Isa Mesihe iman ediň (Ýahýa 3:16, Res 16:31). “Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň” (Rim 10:9). Günäleriňiz üçin toba etdiňmi? Isanyň, seniň günäňiň muzdyny tölemek üçin ölendigine we ölümden direlendigine ynanýarmyň (Rim 5:8, Kor 5:21)? Gutulyş üçin diňe oňa bil baglaýarmyň? Bu soraglara jogabyňyz “hawa” bolsa, onda siz halas edildiňiz! Ynamlylyk diýmek, şüphelerden azat bolmak diýmek. Hudaýyň Sözüni ýüregiňize ýerleşdirmek bilen, baky gutulyşyňyzyň çyndygyna şüphäňiz bolup bilmez.

Isanyň özi kepil geçýär oňa iman edenlere: “Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez” (Ýahýa 10:28-29). Baky ýaşaýyşyň manysy ýönekeýdir – baky. Mesihiň size beren Hudaýdan-gelen Gutulyşyny sizden hiçkim alyp bilmez, siziň özüňiz hem.

Hudaýyň Sözüniň size diýýänlerinden şatlyk ediniň: şüphe etmek ýerine ynam içinde ýaşap bileris! Mesihiň öz sözleri bilen arkaýyn bolup bileris gutulyşymyzyň asla şüphe astynda däldigine. Gutulyşymyzyň kepilligi, Hudaýyň bize Isa Mesih arkaly üpjün eden kämil we bitin gutulyşyndadyr.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Gutulandygyma nädip ynamly bolup bilerin?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries