Sorag
Günäden zamunlaýyn saplanmak nämedir?
Jogap
Zamunlaýyn günäden saplanma, Isa Mesihiň güänkerler deregine ölmegidir. Mukaddes ýazgylar tutuş adamlaryň günäkärdigini aýdýar (Rim 3:9-18, 23). Günämiziň jerimesi ölümdir. Rimlilere 6:23 şeýle diýýär: “Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.”
O aýat bize birnäçe zat öwredýär. Mesih bolmasa biz öleris we günälerimiziň muzdy üçin dowzahda ebedi galmaly bolarys. Mukaddes Ýazgylardaky Ölüm sözi “aýralyk” barada aýdýar. Herkim öler emma käbirleri jennetde Reb bilen bile baky ýaşar, beýlekiler dowzahda baky ýaşaýarka. Bu ýerde gürrüňi edilýän ölüm, dowzahdaky ýaşaýyşdyr. Bu aýatyň öwredýän ikinji zady baky ýaşaýyşyň Isa Mesih üsti bilen elýeterdigidir. Bu onuň günäden saplanmagymyz üçin zamun bolmagydyr.
Haça çüýleneninde Isa Mesih biziň üçin janyny beripdi. O haça çüýlenmegi hak eden bizdik, sebäbi günäli durmuşy ýaşaýan bizdiris emma Mesih jezany bize derek öz üstüne aldy – biziň üçin özüni zamun goýdy we biziň hak edenimizi öz üstüne aldy. “Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi” (2 Kor 5:21).
“Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz” (1 Pet 2:24). Bu aýatlarda hem Mesihiň günälerimizi öz üstüne alandygyny we muzdyny töländigini görýäris. Birnäçe aýat soňra şulary görýäris: “Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi” (1 Pet 3:18). Bu aýatlaryň bize öwredýän zady diňe bir Isa Mesihiň bize zamun bolandygy däldir, onuň bizi günäden saplandygydyr hem, adamzadyň günäli tebigatynyň tölegini garşylandygyny aňladýar bu.
Zamunlaýyn saplanma barada gürleýän beýleki bir aýat Işaýa 53:5 aýatydyr. Bu aýat geljek Mesihiň günälerimiz üçin haçda öljekdigini aýdýar. Aýanlyk diýseň kesgir maglumatdadyr we haça çüýlenme edil öňden aýdylyşy ýaly bolup geçdi. “Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk.”
Günämizi özümiz tölemekçi bolsak munuň ýeke-täk ýoly jezalandyrylmak we dowzaha ebedi ýerleşdirilmekdir emma Hudaýyň Ogly, Isa Mesih, ýerýüzüne geldi günälerimiziň muzdyny bize derek tölemek üçin. Onuň muny edendigi üçin indi bizde diňe bir günälerimiziň bagyşlanmagyny gazanmak däl eýsem Reb bilen bile dowzahda ebedi ýaşamak mümkinçiligi hem bar. Muny gazanmak üçin Mesihiň haçdaky ölümine iman etmelidiris. Özümizi halas edip bilmeris; bize zamun boljak birilerine mätäçdiris. Isa Mesihiň ölümi günäden zamunlaýyn saplanmakdyr.
English
Günäden zamunlaýyn saplanmak nämedir?